Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň premýer-ministri arap älemine sapara başlady


Müsüriň goşun serkerdebaşysy general Hassan al-Roweny Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogany Kairde garşy alýar. 13-nji sentýabr, 2011.
Müsüriň goşun serkerdebaşysy general Hassan al-Roweny Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogany Kairde garşy alýar. 13-nji sentýabr, 2011.

Rejep Taýýip Erdogan öten agşam Müsüre bardy. Arap ýurtlaryna edýän häzirki saparynyň barşynda ol Müsürden soň “Arap baharynyň” gözbaş alan ýeri - Tunise, ondan soň hem 6 aýlyk graždanlyk urşundan soň Muammar Kaddafiden dynan Liwiýa barmakçy.


Düýn Stambulda geçen metbugat konferensiýasynda Palestinanyň Gaza Sektoryna gitmek niýetiniň bardygy ýa ýokdugy soralanda, Erdogan beýle planynyň ýokdugyny aýtdy: “Şu wagt Gaza diýip planlaşdyrylan sapar ýok. Ýöne ak ýürekden aýdýaryn, Gaza sapar etmegi gaty küýseýärin. Men, dogrudanam, basym Gaza sapar etmegi isleýärin”.

Hosni Mubaregiň döwründe Müsür Türkiýä regional bäsdeş hökmünde garapdy. Ýöne indi Kairde düşünjeler üýtgäp, bu ysgyndan gaçan ýurt özüne bir güýçli ýaran agtarýar.

Erdoganyň abraýyny artdyran ýagdaý

Palestina döwletini goldamagy netijesinde Erdoganyň abraýy artdy. Onuň sapary prezident Mahmud Abbasyň ýolbaşçylygyndaky palestinaly bir resmi toparyň Kaire saparyna gabat gelýär. Palestinalylaryň maksady Palestina döwletiniň ykrar edilmegi barada Birleşen Milletler Guramasyna berjek arzalaryna goldaw tapmak.

Ysraýyl “Bu ýagdaý Orta Gündogara bulaşyklyk salar” diýse-de, geljek hepde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda geçjek ses berişligiň Palestina döwletiniň döremegine getirmegi mümkin.

Ysraýyl Türkiýäniň premýer-ministriniň arap ýurtlaryna edýän bu saparyny iňkis bilen yzarlaýar. Ysraýylyň Türkiýe bilen strategik ýaranlygy ýakynda dargady. Müsür bilen bolan uzak ýyllyk ýaraşyk şertnamasy hem dargajak-dargajagyň üstünde.

Geçen hepdäniň soňunda Ysraýylyň ilçihanasyna çozan gaharly märeke ilçini Müsürden gaçyp çykamga mejbur etdi. Ondan birnäçe gün öň hem Ysraýylyň wekilini Türkiýe ýurtdan çykardy.

Erdogan ýene Ysraýyl meselesini gozgady

Duşenbe güni geçen metbugat ýygnagynda Erdogan bu meseläni-de agzady. Ol bu hakda: “Ilki bilen men Türkiýäniň ysraýyl halky bilen, meniň öz ýurdumda ýaşaýan ýewreýler bilen hiç bir problemasynyň ýoklugyny aýdasym gelýär. Türkiýäniň problemasy ysraýyl hökümetiniň gapma-garşylykly hereketlerinden gelip çykýar. Bizden ötünç sorap, flotiliýanyň pidalarynyň maşgalalaryna kompensasiýa tölemedik ýagdaýynda, Gaza baradaky embargony ýatyrmadyk ýagdaýynda Ysraýyl bizden gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagyna garaşmasyn” diýdi.

Türk resmileriniň aýtmagyna görä, Erdogan iki ýurduň arasyndaky söwda möçberini 3 milliard dollara ýetirmek, şeýle hem harby gatnaşyklary güýçlendirmek üçin Müsüriň geçiş hökümetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşmakçy.

Erdogan Ysraýyl bilen harby gatnaşygy keseli bäri aradan bir hepde geçensoň, Müsür bilen “strategik hyzmatdaşlyk geňeşini” döretmegine garaşylýar. Ol Kairden Tunise, Liwiýa tarap ýola düşmezden öň Arap Ligasynda hem çykyş eder.

Liwiýada Muammar Kaddafini häkimiýet başyndan çetleşdiren gozgalaňçylary goldamakda Türkiýe işjeň rol oýnady. Bu ýerde köp adamlar Günbatar bilen ýakyn gatnaşyk saklap, öz geljekki hökümetleri üçin Erdoganyň aram yslamçylyga ýugrulan demokratiýasyny nusga edinjekdiklerini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG