Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus öz rublyny “erkinlige” goýberdi


Belarus bankynyň işgäri walýutanyň kursy barada täze maglumaty goýýar. Minsk, 14-nji sentýabr, 2011.
Belarus bankynyň işgäri walýutanyň kursy barada täze maglumaty goýýar. Minsk, 14-nji sentýabr, 2011.

Belarus şu günden başlap rublyň erkin söwdasyna ýol berýär. Bu göçüm üstümizdäki ýylda ikinji gezek walýuta nyrhyny peseltmek ugrunda edilýän tagalla diýlyp hasaplanylýar.


Belarusyň merkezi banky şu günden başlap walýuta biržalarynda belarus rublynyň hümmetine bank tarapyndan kontrollyk edilmän, onuň erkin söwdasyna ýol beriljekdigini mälim etdi. Ýöne rublyň erkin söwdasy tebigy gazyň we elektrik energiýasynyň nyrhlaryna täsir etmez we olaryň söwdasy öňküsi ýaly ýeňil nyrhlar bilen dowam eder.

Belarusyň töleg krizisi bilen ýüzbe-ýüz duranlygy sebäpli maý aýynda rublyň nyrhy 36 prosent peselipdi. Bu krizise hem, esasan, öten ýyl geçirilen prezidentlik saýlawyndan öň edilen döwlet çykdajylarynyň artdyrylmagy sebäp boldy diýlyp hasaplanylýar.

Şol saýlawda bu ýurdy 1996-njy ýyldan bäri dolandyryp gelýän Alýaksandr Lukaşenko jedelli ýagdaýda ýeňiş gazanypdy.

“Belarusda durnukly pul ýok”

Häzirki wagt Belarusda durnukly pul ýok diýerlik. Adamlar pullaryny dollara, ýewro ýa ors rublyna çalyşmak üçin ençeme sagatlap nobata durýarlar. Inflýasiýanyň ýyllyk derejesi 40 prosentden ýokarlandy. Analitikler belarus rublynyň erkin söwda edilmegi adamlara agyr deger diýýärler.

Rublyň nyrhynyň dollara bolan gatnaşygynyň 50 prosente çenli aşakladylmagy iflýasiýany ýokarlandyryp, importa garaşly senagatlary çökerer diýip pikir edilýär. Rublyň erkin söwda edilmegini ilerledýan Halkara Waluýta Fondy. Mundan maksat Belarusyň pul krizisiniň, onuň söwda krizisiniň öňüni almak.

Minsk iýun aýynda Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Ýewraziýanyň ykdysady arkalaşygyndan 3 milliard dollar karz pul aldy. Ol munuň üçin talap edilýän reformalar bilen ylalaşyp, döwletiň elindäki senagatlary satmagy wada etdi.

Minsk durnuklylyk üçin özüniň Halkara Walýuta Fondyndan 8 milliard dollara çenli kredit almaga synanyşýandygyny aýdýar. Ol 2009-njy ýylda hem Halkara Walýuta Fondundan 3.5 milliard dollar karz alypdy.

Garaýyşlar optimist däl

Halkara Walýuta Fondunyň internet saýtynda 13-nji sentýabrda ýerleşdirilen hasabatda öňki Belarusyň şu wagta çenli eden tagallalarynyň halkara bazarynyň ynamyny gazanmaga ýeterlik däldigi bellenýär.

Waşingtonda ýerleşýän bu guramanyň aýtmagyna görä, yglan edilen çäreler yzygidierli amala aşyrylmandyr. Halkara Walýuta Fondy Belarusyň tutuş içerki önümi 2011-nji ýylda 5.5 prosent ösüp, 2012-nji ýylda hem aşaklap 1.5 prosente geler diýip çaklaýar.

Bu meselede Halkara Walýuta Fondy Belarusdaky syýasy ýagdaýyň gümürtik bolmagyny, şol sanda syýasy oppozisiýanyň basylyp ýatyrylmagyny we Günbataryň Belarusa garşy girizen käbir sanksiýalaryny goşmaça howp diýip hasaplaýar.

A.Lukaşenko 9-njy sentýabrda eden çykyşynda Halkara Walýuta Fondunyň aladalaryna jogap edip: “Olar bizden syýasy tussaglaryň boşadylmagyny talap edýärler. Olar ykdysadyýetçi, maliýeçi, bular nämäni bilýärler” diýdi.

Şeýle hem A.Lukaşenko Günbatary öz ýurdyny ykdysady krizisden ejir çekip ýörkä “bogmaga” synanyşýanlykda aýyplady.

Halkara Walýuta Fondy ýagdaýa baha bermek üçin 5-nji oktýabrdan 17-nji oktýabra çenli Belarusa ýene bir ekspertler toparyny ibermegi planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG