Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Ýimpaşda» üwelen et satylmaýar


«Ýimpaş» söwda merkezi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda, heniz türkmenlerde şeýle şahsy söwda merkezini açyp bolýandygy hakda düşünjäniň-pikiriň ýok wagtynda açylypdy. «Ýimpaşyň» işgärleriniň aglabasy türkmenler bolup, söwda merkeziniň özi türk gardaşlarymyza degişli.

Bu merkez öz işiniň ilkinji günlerinden et iýmegi gowy görýän türkmenlere gaty gowy arassalanan etleri, üwelen etleri hödürlemek bilen özüni aldyrdy. Türkmenleriň aglabasy ol söwda merkezine esasan, üwelen etleri almaga barýarlar. Üwelen etler şäheriň bazarlarynda hem bar. Ýöne bazarlarda satylýan üwelen etlere malyň içegesini, gulagyny, garnyny, iýip bolmajak gaty syrly et-ýaglary hem üwäp, goşup goýberýärler. «Goýun eti» diýip, oňa düýe etini hem üwäp goşuberýärler. «Ýimpaşyň» üwelen etleri gaty tertipli hem arassa. Ýaglysy, ýagsyzy, goýun eti, sygyr eti aýratyn satylýar.

Ýöne soňky döwürde «Ýimpaş» üwelen et satmasyny goýdy. Söwda merkeziniň garamatkeşleri özlerine hökümet işgärleriniň üwelen eti dört dollara ýeter-etmez bahadan, ýagny 10-11 manatdan geçirmän satmagy tabşyrýandyklaryny, bu bahadan üwelen eti satmagyň özlerine zyýan salýandygyny, diňe 5-6 dollardan satylanda üwelen etiň bahasynyň ödelýändigini aýdýarlar. Hökümet işgärleri bu bahadan et satmaga rugsat bermänlerinden soň, «Ýimpaş» söwda merkezinde üwelen et satmak goýbolsun edildi.

Soňky döwürler türkmenleriň arasyndan hem «Ýimpaş» ýaly söwda merkezlerini açyp bilen hojalykçylar döredi. Paýtagt şäherdäki «Bäş ýyldyz», «Enar» super marketleri hem-de şuňa meňzeş beýleki super marketler, söwda merkezleri özleriniň satýan harytlarynyň köpdürlüligi, arassalygy bilen «Ýimpaşa» «gaýra dur» diýýärler. Türkmenleriň açan bu super marketlerinde welin üwelen etler 6 dollara ýakyn, beýleki et önümleri hem örän ýokary bahadan satylyp dur.

Etiň gytalýandygyny hem malyň gymmatlaýandygyny «Bäş ýyldyz», «Enar» super marketleriniň işgärleri hem aýdýarlar. Ýöne olar ýagdaýa görä, et önümleriniň bahasyny günsaýyn galdyryp bilýärler. «Ýimpaşyň» üwelen et meselesinde «gysylmagynyň» sebäbini welin anyk düşündirip bilýän ýok.

Alyjan Döwletow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.
XS
SM
MD
LG