Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-de Palestina boýunça maslahat geçirilýär


Nýu-Ýorkda BMG-niň baş edarasynda Palestina meselesi bilen bagly adatdan daşary maslahat geçirilýär.

Maslahat palestin awtonomiýasynyň ýolbaşçysy Mahmud Abbasyň öňümizdäki hepdede BMG-niň Baş Assambleýasynda Palestina döwletiniň garaşsyzlygynyň ykrar edilmegi boýunça meseläni goýmak plany bilen bagly açyldy.

Ýsraýyl bu plany tankyt edip, oňa garşy çykyş etdi. Birleşen Ştatlar hem ony goldamajakdygyny öňünden duýdurdy.

Waşington garaşsyz Palestina döwletiniň döredilmegini goldaýandygyny, emma Palestinanyň garaşsyzlygynyň Ysraýyl bilen geçiriljek gepleşikler netijesinde gazanylmalydygyny öňe sürýär.

Nýu-Ýorkda geçirilýän maslahata Ysraýylyň we Palestinanyň wekillerinden başga BMG-niň, ABŞ-nyň, Orsýetiň hem ÝB-niň wekilleri araçy hökmünde gatnaşýarlar.
XS
SM
MD
LG