Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Täze ýüpek ýoly” gün tertibinde


Owganystanyň Bamiýan şäheri bir mahallar “Ýüpek ýolunyň” söwda geçelgesi bolupdy.
Owganystanyň Bamiýan şäheri bir mahallar “Ýüpek ýolunyň” söwda geçelgesi bolupdy.
Birleşen Ştatlaryň resmileriniň aýtmagyna görä, penşenbe güni Nýu-Ýorkda Amerikanyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Owganystanyň daşary işler ministri Zalmaý Rassul we Germaniýanyň daşary işler ministri Guido Westerwelle duşuşyp, “Täze ýüpek ýoly” planlary barada gepleşik geçirýär.

Gadymy “Ýüpek ýoly” ýaly ýene-de Owganystan Aziýanyň we Günbataryň arasyndaky bu ajaýyp söwda ýollarynyň merkezi bolar. Emma oňa döwrebap asfalt we demir ýollar, energiýa geçirijileri hem girer diýip, ABŞ-nyň administrasiýasynyň resmileri žurnalistlere habar berdiler.

Birleşen Ştatlaryň resmileriniň sözlerine görä, Nýu-Ýork şäherindäki gepleşikler 2-nji noýabrda Türkiýäniň Stambul şäherinde we 5-nji dekabrda Germaniýanyň Bonn şäherinde boljak duşuşyklara ýol arçar diýip, “Frans press” agentligi habar berýär.

Şol duşuşyklar Owganystanyň “howpsuz, durnukly we ösen bolmagy baradaky ideýany” diňe bu ýurduň içinde howpsuzlyk, durnuklylyk hem-de ösen region bolanda mümkindigini ilerletmek üçin gurnaldy diýip, ýokary derejeli amerikan resmisi aýdýar.

Başga bir amerikan resmi bolsa, “Bu Owganystanyň durnukly ykdysady ösüşi üçin ýurtda hususy pudagy döretmek, Günorta we Merkezi Aziýanyň arasynda ykdysady integrasiýany döretmek ugrundaky uly tagallanyň bir bölegi” diýýär.

Adynyň tutulmagyny islemedik amerikan resmileriniň biriniň sözlerine görä, “Täze ýüpek ýoly” planlary bilen bagly proýektler eýýäm regionda durmuşa geçirilýär. Şolaryň biri Owganystan-Pakistan geçiş söwda ylalaşygy bolup, oňa şu ýylyň iýunynda gol goýuldy.

Amerikaly ikinji bir resmi bolsa, owganlylaryň we pakistanlylaryň ösüş hem howpsuzlyk meseleleri bilen bagly aladalara Merkezi Aziýany goşmaga synanyşmak barada ylalaşandyklaryny habar berdi. Ol: “Biz olary durmuşa geçirmäge Hindistanyň hem goşuljakdygyna umyt edýäris” diýdi.

“Frans Pressiň” ýazmagyna görä, ABŞ-nyň resmileri bu planlara Hindistanyň we Pakistanyň arasynda uzak wagtdan bäri dowam edýän dartgynly ýagdaýlaryň nähili täsir etmeginiň mümkindigi barada hiç zat aýtmadylar. Ýöne, olaryň sözlerine görä, Hindistanyň we Pakistanyň söwda ýolbaşçylary iki ýurduň serhedi arkaly söwdany ösdürmäge çalyşýarlar.

“Ahyrky maksat söwda we beýleki päsgelçilikleri azaltmakdan ybarat. Şunlukda Owganystanyň ýa-da Merkezi Aziýanyň islendik ýurdunyň harytlaryny Pakistan arkaly daşamakdan we olary Hindistana, Bangladeşe hatda ondan hem aňryk daşamakdan ybarat” diýip, amerikan resmisi aýdýar: “Bu, hakykatdanam, üýtgedip gurmak nukdaýnazary bolýar. Çünki, Hindistan region üçin möhüm ykdysady aktýor.

“Täze ýüpek ýoly” proýekti Merkezi Aziýanyň territoriýasy arkaly gazgeçirijileri gurmak boýunça hem ösüşlere çagyrýar. Bir amerikan resmisi Türkmenistany, Owganystany, Pakistany we Hindistany TOPH gazgeçirijisi proýekti boýunça öňe gidişlige çagyrdy. Şol turba arkaly türkmen tebigy gazyny Hindistanyň bazarlaryna ýetirmek göz öňünde tutulýar. Munuň Owganystana we Pakistana möhüm tranzit girdejilerini getirmegi mümkin.
XS
SM
MD
LG