Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mejlisde uklany üçin wezipesinden boşadyldy


Ministrler Kabinetiniň mejlisine gatnaşyjylar uly ýygnakda ýolbaşçylaryň uklap galmagyny olaryň aşa ýadawlygy, ukularyny wagtly-wagtynda alyp bilmeýändikleri bilen düşündirmek isleýärler.
Ministrler Kabinetiniň mejlisine gatnaşyjylar uly ýygnakda ýolbaşçylaryň uklap galmagyny olaryň aşa ýadawlygy, ukularyny wagtly-wagtynda alyp bilmeýändikleri bilen düşündirmek isleýärler.
Türkmenistanyň prezidentiniň Karary bilen, Dokma senagaty ministriniň gurluşyk boýunça orunbasary Geldimyrat Appow wezipesinden boşadyldy. Türkmen Döwlet habarlar gullugynyň ýaýradan maglumatyna görä, Geldimyrat Appow dokma senagaty pudagynyň desgalarynyň gurluşyk işlerinde düýpli kemçiliklere ýol berendigi üçin wezipesinden boşadylypdyr.

Emma Geldimyrat Appowyň wezipesinden çetleşdirilmegi onuň alyp baran işi bilen bagly bolman, eýsem 21-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisinde uklap galmagy sebäpli bolupdyr.

Dokma senagaty ministrliginiň bir jogapkär işgäriniň aýtmagyna görä, 21-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisinde Berdimuhamedow irkilip oturan Geldimyrat Appowy ýerinden turzup, bu hereketini ýazgaryp, berk käýäpdir hem-de ony zaldan çykaryp kowupdyr.

Bu waka sebäpli, prezident diňe bir Geldimyrat Appowy wezipesinden çetleşdirmän, eýsem Dokma senagaty ministri Aýnabat Babaýewa hem berk käýinç yglan etdi. Ýöne Türkmen Döwlet habarlar gullugynyň ýaýradan maglumatynda Dokma senagaty ministri Aýnabat Babaýewa wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, ministrligiň düzüm birlikleriniň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin berk käýinç berlendigi barada aýdylýar.

Ýolbaşçylar ýygnakda näme üçin irkilýär?

Geldimyrat Appow bilen bagly waka ilkinji däldir. Ministrler Kabinetiniň mejlisine gatnaşýanlaryň aýtmagyna görä, şeýle wakalara kän duşulýar. Mejlisde uklanlygy üçin wezipesinden çetleşdirilenleriň ýa bolmasa dilden käýinç alanlaryň sany az däl.

Ministrler Kabinetiniň mejlisine gatnaşyjylar uly ýygnakda ýolbaşçylaryň uklap galmagyny olaryň aşa ýadawlygy, ukularyny wagtly-wagtynda alyp bilmeýändikleri bilen düşündirmek isleýärler.

Türkmenistanda ýolbaşçylar üçin berk düzgün hereket edýär. Uly wezipede işleýän ýolbaşçy iş ýerinde hökmany suratda ir sagat 7-de bolaýmaly. Olar üçin iş wagtynyň tamamlanýan belli bir wagty hem ýok. Şeýle wezipedäki adamlar pesinden gije sagat 22 töwereginde işden gaýdýarlar. Käwagtlar tutuş bir sutkany uklaman geçirýän wagtlarynyň hem bolýandygyny olar aýdýarlar.

Prezident Ministrler Kabinetiniň mejlisini, adatça, ir sagat 7-de geçirýär. Mejlise çagyrylan ýolbaşçylar ýygnak başlamazdan üç sagat öňünden köşge gelmeli. Bir sagadyň dowamynda olar registrasiýadan geçýärler. Iki sagatlap bolsa prezidentiň gelerine garaşyp, zalda oturýarlar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG