Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewrozonaly ýolbaşçylar krizise çözgüt gözleýär


Halkara walýuta gaznasy ýewrozona degişli banklaryň bergi krizisinden çekmegi mümkin zyýanyny 300 milliard ýewro çemesi diýip çaklaýar.
Halkara walýuta gaznasy ýewrozona degişli banklaryň bergi krizisinden çekmegi mümkin zyýanyny 300 milliard ýewro çemesi diýip çaklaýar.

Halkara pul gaznasynyň Waşingtonda geçen nobatdaky ýyllyk duşuşygynda ýewro zonasy üçin ençeme trillion ýewrolyk halas ediş ylalaşygynyň teklip edilendigi habar berilýär.


Hepdäniň soňunda alnyp barlan gepleşikleriň Ýewropanyň bergi krizisine garşy göreş we Gresiýanyň kynçylyklarynyň dünýä ykdysadyýetine zyýan ýetirmeginiň öňüni almak barada getiren anyk çözgüdi ýok. Ýöne mediada berilýän habarlardan we resmileriň beýanatlaryndan çen tutsaň, teklip edilen planyň esasy üç bölekden ybarat bolmagy mümkin.

Bularyň biri – hususy maýa goýujylaryň, aýratyn-da banklaryň, Gresiýadan almaly algylarynyň 50 prosent kemeldilmegi. Munuň bu banklara uly zyýan ýetirýänligi üçin planyň ikinji bölegi ýewro zonasyndaky uly banklary güýçlendirmek bolar. Üçünji elementde bolsa Ýewropanyň syýasatçylary ýewrozonanyň häzirki halas ediş fonduny giňeltmegi teklip edýärler.

“Ýewropanyň maliýe durnuklylygy boýunça ýeňillik” (ÝMDBÝ) diýip atlandyrylýan bu fond ýaňy iýul aýynda artdyrylyp, onuň maliýeleşdirme çägi 440 milliard ýewro ýetirildi. Ýöne adamlary aladalandyrýan zat ýewropa ýolbaşçylarynyň iýul aýynda gelen bu ylalaşygyny käbir döwletleriň parlamentleriniň entek oňlamanlygy.

Ýewropa Bileleşiginiň maliýe komissary Olli Reniň Germaniýanyň "Die Welt" gazetine beren interwiýsynda aýtmagyna görä, halas ediş fondunyň bu çäkden artdyrylmagy mümkin.

Singapuryň maliýe ministri, Halkra walýuta we maliýe komitetiniň başlygy Tarman Şanmugartnam Halkara walýuta gaznasynyň agzalaryny näme etmeli hem bolsa, bu howply ýagdaýdan çykmaga çagyrdy:

—Episentri Ýewropa bolan maliýe krizisi her zatdan öň ilki bilen zerur ýagdaýda ýewro regionynyň ýolbaşçylary tarapyndan gelnen ylalaşygyň olaryň parlamentlerinde oňlanmagyny, amala aşyrylmagyny talap edýär. Bu işiň çalt edilmegi, ýerine ýetirilmegi gaty zerur. Sebäbi 21-nji iýul ylalaşygynyň ýol berşi ýaly, ÝMDBÝ-niň täze we döredijilikli ýollar bilen ulanylmagy Ýewropanyň öz içinde gorag diwaryny döretmek üçin aşa möhüm.

Agyr töwekgelçilik

Dogrudanam, gürrüň häzir ÝMDBÝ-niň roluny ozal göz öňünde tutulanyndan has ýaýbaňlandyrmak barada barýar. Mundan maksat onuň açyk bazarlardan pul karz almakda kynçylyk çekýän ýurtlara kredit bermegi. Bu planyň gowy tarapy - ozalky 440 milliard ýewrolyk halas ediş fonduny Ýewropanyň Merkezi bankyndan 1,5 trillion ýewro karz almak bilen 2 trillion ýewro ýetirip boljakdygy. Onsoň Italiýa ýa Gresiýa ýaly maliýe bazarlaryndan kredit alyp bilmeýän ýewro zonasyna degişli ýurtlar ÝMDBÝ-den karz pul alyp bilýär.

Ýöne analitikler bu reformanyň sese goýulmagyna ýol berilse, ýewro zonasyna girýän ýurtlaryň muny ret etmegi mümkin diýip, duýduryş berýärler. Sebäbi beýle edilende, bu zonadaky ýurtlaryň salgyt toleýjileri agyr töwekgelçiligi öz üstüne almaly bolýar.

Halkara walýuta gaznasy ýewrozona degişli banklaryň bergi krizisinden çekmegi mümkin zyýanyny 300 milliard ýewro çemesi diýip çaklaýar. Mundan has agyr zyýana uçrajaklar hem Italiýanyň “Unicredit”, Fransiýanyň “BNP Paribas”, “Société Générale” we “Crédit Agricole” ýaly, Italiýa we Gresiýa ýaly bergä batan ýurtlardan uly möçberlerde hökümetiň obligasiýalaryny satyn alan banklar.

Gresiýanyň maliýe ministri Ewangelos Wenizelos ýekşenbe güni Waşingtonda öz ýurdunyň býujet defisitini jylawlamak üçin täze çäreleri girizjekdigini aýtdy. Bu bergi krizisiniň ýewro zonasyna syrygyp, dünýä ykdysadyýetini pese düşürmeginden gorkulýar.

Girizilen täze salgyt we beýleki tygşytlylyk çärelerine bolsa Gresiýada halkyň gahar-gazaby gitdigiçe artmak bilen. Ýurduň parlamenti emläk salgydyny ýokarlandyrmak baradaky kanuny makullady. Indi nobatda pensiýalary we döwlet işgärleriniň aýlyk haklaryny azaltmak ýaly çäreler dur.

Bu aralykda, çarşenbe güni Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barroso ÝB-de býujet defisiti bilen bagly emele gelen häzirki maliýe krizisini Ýewropanyň taryhyndaky iň bir uly synag diýip atlandyrdy. Ýewroparlamentinde eden ýyllyk ýüzlenmesinde Barroso häzirki maliýe krizisinden çykmak üçin ÝB-e has-da özara jebisligiň zerurdygyny nygtady.
XS
SM
MD
LG