Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garagumda ýaşap bolar


Garagum çöli
Garagum çöli
Obalarda mellek ýerleriniň gytlygy Türkmenistanyň durmuşynda başga bir ýagdaýyň üstüniň açylmagyna sebäp boldy. Has dogrusy, bu wakany başdan beýan etsem gowy bolar.

Ýigrimi ýyl mundan öň, Garaşsyzlygyň ilki günlerinde Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow halka geregiçe mellek ýerlerini paýlamagy şol döwrüň kolhoz başlyklaryna tabşyrypdy. Ýolbaşçydan buýruk bolansoň, mellek ýerleri daýhanlara aldygyna paýlandy. Şol mellek paýlanyşygyň netijesinde obalar öňkülerinden iki-üç esse ulaldy. Bu ýagdaý öňler pagta ekilen meýdanlaryň aglabasynyň şahsy melleklere öwrülmegine sebäp boldy. Ekerançylyk ýerleri azaldy. Şu sebäpli bolsa gerek, hökümet birden halka mellek ýer bermegi bes etdi.

Mellek bermegiň gadagan edilenine ýigrimi ýyla golaý wagt geçdi. Nyýazowyň mellek paýlanyşygy döwründe täze melleklere göçüp baran ýaş juwanlaryň bolsa indi ogul-gyzy ýetişip, olara aýratyn jaý, mellek ýeri zerurlygy ýüze çykdy. Ýöne mellek ýerleri welin henize-bu güne çenli bäş welaýatyň obalarynyň hiç birinde-de paýlananok.

Täze obalara näme üçin barlanok?

Türkmenistanyň prezidentiniň obalary ösdürmek boýunça 2020-nji ýyla çenli kabul eden Maksatnamasyna laýyklykda, her welaýatda täze etrap açylyp, ol ýerlerde dünýä ülňülerine gabat gelýän jaýlar salnyp, oňa täze çatynjalary göçürmek göz öňünde tutulan. Kagyz ýüzünde kabul edilen bu “erteki” hakyky durmuşda hemmä elýeterli däl. Sebäbi ol gurulýan jaýlar hut paýtagtda gurulýan gymmatbahaly jaýlar ýaly, örän gymmat durýar we ol jaýlary almaly ýaşlar ilkinji nobatda işleýän ýerinden sprawka eltmeli. Oba ýaşlaryna bolsa hökümet işi elýeterli däl, olar diňe mellek işläp, daýhançylyk bilen güzeran dolaýarlar. Olar özlerine gymmat baha jaý däl-de, boş mellek berilse-de razy boljak. Ýöne, başda-da aýdyp geçişim ýaly, ýigrimi ýylyň içi, bäş welaýatyň hiç bir obasynda halka mellek paýlanmaýar.

Prezidentiň ýanyna arza

Wagt aýlanyp dur. Ogul-gyzlar gözüň alnynda ýetişip barýar. Oba adamlary köp çagaly. Bir mellekde üç-dört maşgalany ekläp-saklamak aňsat däl. Ýaşaýyş üçin çykalga gözlemeli. Daýhan maşgalasy ýerden iýmitlenýär. Ýer bolmasa, daýhana çörek ýok. Şeýle bolansoň, Lebap welaýatynyň etraplaryndan birnäçe daýza dilleşip, “Öldürýänem bolsalar, prezidentiň ýanyna gidip, mellek soralyň” diýip, şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabada gelýärler hem-de prezidentiň kabulhanasyna girmek isleýärler. Ýöne olary prezidentiň ýanyna goýbermän, Oba hojalyk ministrligine eltýärler.

Oba hojalyk ministrliginde olary diňläp: “Baryp göreris hem ýagdaýlaryňyzy öwreneris” diýip goýberýärler.

Çölden berlen mellekler

Ýaz aýlary olara öz etraplarynyň häkimiýetleri mellek paýlap berýär. Ol paýlanan mellekler ekerançylyk ýerlerinden däl-de, çölden berilýär. Her obanyň gapdalyndaky çöllükden mellek paýlanýar.

Obalarda zähmetsöýer adam kän. Olar: “Mellegimiz gök çäge, bu ýerde ekin bitmez” diýip, gol gowşuryp oturmandyrlar. Tä toýun toprak çykýança mellek ýerlerindäki çägeleri uly ýük maşynlaryna ýükläp, şäheriň gerekli gurluşyklaryna äkidip döküpdirler. “Mellegimizden 80 maşyndan-da köp çäge aýyrdyk. Şondan soň şeýle bir gowy toýun toprak çykdy” diýip, Lebap welaýatyndan Güljan daýza gürrüň berýär. Olar çölden açan täze melleklerine bugdaý ekipdirler. “Şeýle bir bugdaý hasyly ýetişdi. Gören haýran galdy” diýip, Güljan daýza özleriniň zähmetiniň ýerine düşenine begenýär.

Lebap welaýatynyň köp etraplarynda Nyýazowyň döwründe Täjigistandan göçüp gelen türkmenler ýaşaýar. Olar çölden mellek ýerlerini açyp, güzeran dolaýarlar. Täjigistanly türkmenler çölden açýan melleklerine gawun-garpyz ekip, örän köp girdeji alýarlar. “Täjigistanly türkmenler örän işeňňir. Olar çölden süýji suw tapyp, ekinlerini hem şol suw bilen suwarýarlar, özlerem hut garynja ýaly işleýärler” diýip, lebaply ýaşuly gürrüň berýär.

Bu ýagdaýlar dünýädäki iň uly çölleriň biri bolan Garagum çölüni özleşdirip boljagyna, ol ýerde ýaşaýşy janlandyryp boljagyna güwä geçýär.

Serdar Gulgeldiýew Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG