Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Ýanukowiçiň planlaşdyrlan saparyny ýatyrdy


Ýewropa Bileleşigi Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň planlaşdyrlan saparyny ýatyrdy. Bu Ukrainanyň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň türme tussaglygyna höküm edilmeginden soň alnan karar.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça baş wekili Katerin Aştonyň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, “iki taraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin has oňaýly wagt dörände” Ýanukowiçiň sapary amala aşar.

Ýanukowiç penşenbe güni ÝB-niň prezidenti Herman Wan Rompuý we Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barroso bilen duşuşmalydy.

Timoşenko premýer-ministr bolan wagty wezipe ygtyýarlyklarynyň çäginden çykmakda aýyplanyp, ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilenden soň, ÝB-Ukraina gatnaşyklary dartgynlaşdy.
XS
SM
MD
LG