Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türmeleri içinden reformirlemek synanyşygy


“Butyrka” türmesi 2009-njy ýylda ýurist Sergeý Magnitskiniň ýogalan ýeri bolup durýar.
“Butyrka” türmesi 2009-njy ýylda ýurist Sergeý Magnitskiniň ýogalan ýeri bolup durýar.

“Butyrka” türmesiniň ofiseri uly leýtenant Alekseý Kozlow türmedäki şertlere ünsi çekip, Orsýetiň prezidentine ýüzlendi.


Uly leýtenant Alekseý Kozlow agyr we gadyry bilinmeýän iş alyp barýar. Ol ýaramaz şertleri bilen tanalýan “Butyrka” türmesinde tussaglaryň bilimini artdyrmak üçin meýletin işleýär.

Kozlow tussaglara olaryň hak-hukuklary we jogapkärçilikleri barada düşündiriş berip, olaryň arza şikaýatlaryny toplaýar. Ol türmedäki şertler barada aklawçylar, prokurorlar we kanun çykaryjylar üçin hasabat taýýarlaýar.

Alekseý Kozlowyň şeýle hasabatlary taýýarlap, özgerişlere ukypsyz bolup görünýän sistemanyň reformirlenmeginiň zerurlygyna ünsi çekip, çagyryş edip gelmegine iki ýyla golaý wagt geçdi. Kozlow bar bolan kanuny bozmalaryň görnüp duranlygyna garamazdan, ýolbaşçylaryň bu ýagdaýy äsgermezlik edýändigini aýdýar.

“Butyrka” türmesi 2009-njy ýylda ýurist Sergeý Magnitskiniň ýogalan ýeri bolup durýar. Magnitskiniň agyr şertlerde saklanyp, medisina kömeginden mahrum edilmeginiň onuň ölümine sebäp bolanlygy çak edilýär. Bu hadysa halkara derejesinde tankyt edilipdi. Prezident Dmitriý Medwedew Magnitskiniň ölümini derňemäge tabşyrypdy.

Emma Leýtenant Kozlow Magnitskiniň ölümi bilen bagly hadysadan iki ýyla golaý wagtyň geçendigine garamazdan, “Butyrkadaky” we beýleki türmelerdäki şertleriň üýtgemänligini aýdýar. Kozlow türmelerde ýylda dürli ýagdaýlarda 50-ä golaý adamyň ölýändigine we bu işleriň köplenç derňelmän galýanlygyna ünsi çekýär.

Ofiser Kozlowyň sözlerine görä, türmelerde saklanyp galýan agyr şertlerde betbagtçylyklaryň soňuna çykmak mümkiin däl.

Wideo ýüzlenme

Orsýetiň düzediş sistemasynda 8 ýyl işlän Alekseý Kozlow ýakynda prezident Dmitriý Medwedewe wideo ýüzlenme arkaly ýüz tutdy. Bu ýüzlenmäniň gysga bir bölegi “YouTube” we beýleki web saýtlarda peýda bolupdy, emma gysga wagtdan gümürtik bir ýagdaýda ýok edilipdi.

Alekseý Kozlow özüniň wideo ýazgysynda türmede tussaglara goşa standartlar esasynda çemeleşilýändigini, käbir tussaglara telefony, foto kamerany ýa kompýuteri ulanmaga rugsat berilýänligini aýtdy.

Kozlowyň Azatlyk Radiosynyň ors gulugyna beren interwýusynda aýtmagyna görä, ol käbir tussaglaryň “Butyrkada” oturan yerinden jenaýatçylykly işlerini, meselem internet arkaly hapa pullary yuwmak ýaly jenaýatlaryny dowam etdirýän bolmagynyň ähtimaldygyny aradan aýyrmaýar.

Kozlow para-peşgeş berilmegi bilen bagly wakalara özüniň şaýat bolmanlygyny aýdýar, emma ol bu meselede korrupsiýa ýol berilýän bolmagynyň mümkindigini çak edýär.

Käbir tussaglar üçin oňaýly şertler döredilýärkä, tussaglaryň köpüsi günde-günaşa süteme sezewar edilýärler. Kozlow iň ýörgünli usulyň psiki taýdan basyşlardan ybaratdygyny aýdýar.

Kozlowyň problemlara ünsi çekmäge synanyşyklary “Butyrkanyň” ençeme işgärleriniň göwnünden turmaýar. Emma Kozlow kärdeşleri tarapyndan özüne atylýan haýbatlara garamazdan, türme sistemasyny içinden reformirlemek synanyşyklarynyň oňly netije berjegine umyt baglaýar.
XS
SM
MD
LG