Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Orsýet bilen CFE hyzmatdaşlygyny togtadýar


Orsýetiň tanklary Shinwalidäki harby bazada, 2009-njy ýylyň 7-nji awgusty.
Orsýetiň tanklary Shinwalidäki harby bazada, 2009-njy ýylyň 7-nji awgusty.

Birleşen Ştatlar Orsýetiň Ýewropada adaty ýaragly güýçler baradaky şertnamanyň (CFE) düzgünlerini ýerine ýetirmegi ret edenligi üçin, ors inspektorlaryna öz bazalaryna barmaga rugsat etmejegini, Ýewropadaky öz harby güýçleriniň ýagdaýy baradaky maglumatlary hem rus tarapyna bermejegini mälim etdi. Synçylaryň pikiriçe, ABŞ-nyň bu ädimi simwoliki häsiýete eýe bolup, ol Orsýetiň öz hereketlerini üýtgetmegi üçin duýduryşdyr.


Orsýet bilen geçirilen gepleşiklere öň amerikan tarapyndan wekilçilik eden, häzir ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary wezipesini eýeleýän Wiktoriýa Nuland 22-nji noýabrda eden çykyşynda ABŞ-nyň Ýewropada adaty ýaragly güýçler baradaky şertnama boýunça Orsýet bilen hyzmatdaşlygy ýatyrýandygyny mälim etdi:

—Biziň bu hereketimiz 2007-nji ýylyň dekabrynda Orsýetiň Ýewropada adaty ýaragly güýçler boýunça şertnamanyň düzgünlerini ýerine ýetirmekden boýun gaçyrmagyna hem bu meselede öňe ilerlemek ugrunda eden hereketlerimiziň petige diremegine jogap hökmünde amala aşyrylýar.

Şeýle hem Nuland NATO ýaran ýurtlaryň hemmesiniň bolmasa-da, käbiriniň Orsýet bilen Ýewropada adaty ýaragly güýçlere degişli şertnama boýunça hyzmatdaşlygy ýatyrjakdyklaryna bil baglaýandyklaryny aýtdy.

Täzeden ylalaşmakda şowsuzlyk

1990-njy ýylda “Warşawa şertnamasyna” giren ýurtlar bilen NATO-nyň arasynda Parižde gol çekilen şertnama iki tarapyň hem uly göwrümli hüjümler üçin ulanylyp bilnäýjek ýadro däl ýaraglarynyň sanyny çäklendirmegi maksat edinýärdi. Şeýle hem, bu şertnama laýyklykda, iki tarapyň hem harby esgerleriniň sany çäklendirilmelidi. Ýewropada adaty ýaragly güýçler baradaky şertnamanyň düzgünine görä, iki tarap hem öz ýaragly güýçleri baradaky maglumatlary biri-birine elýeterli edip, garşydaş taraplaryň bazalarynda geçiriljek inspeksiýalaryň wagty kesgitlenmelidi.

1990-njy ýylaryň başynda, “Warşawa şertnamasyna” giren ýurtlaryň käbirleri NATO agza bolansoň, Orsýet Ýewropada adaty ýaragly güýçler baradaky şertnama boýunça gaýtadan gepleşik geçirip, oňa üýtgetmeler girizipdi. 1999-njy ýylda bu şertnamanyň täze redaksiýasy kabul edildi. Emma NATO agza ýurtlar, Orsýetiň Moldowadan hem Gürjüstandan goşunlaryny çykarmagyny talap edip, şertnamany tassyklamakdan ýüz öwürdiler.

Öňki Sowet Soýuzynda ýaraglara gözegçilik etmek boýunça bilermen, ABŞ-nyň Ukrainadaky öňki ilçisi Stiwen Pifer, bu şertnamany özgerdip, çäklendirilen görnüşde bolsa-da, onuň saklanmagy ugrunda tagalla edilendigini aýdýar, ýöne Günorta Osetiýadaky hem Abhaziýadaky ýagdaýyň bu ugurdan edilen tagallalary puja çykarýandygyny belleýär:

—ABŞ Ýewropada adaty ýaragly güýçler baradaky şertnama ýaly ylalaşyklarda bir prinsipe esaslanýar. Ol hem belli bir ýurduň ýaragly güýçleri beýleki ýurtda öz goşunlaryny ýerleşdirse, onda şol ýurt hökmany suratda şol topraga eýe ýurtdan rugsat soramaly. Şeýle ýagdaýda Günorta Osetiýa hem Abhaziýa bilen bagly meselä nähili çemeleşmeli diýen sowal ýüze çykýar.

Simwolika

2008-nji ýylda Orsýet bilen Gürjüstanyň arasynda gysga wagt dowam eden gandöküşikli uruşdan soň, Orsýet Günorta Osetiýanyň hem Abhaziýanyň garaşsyzlygyny ykrar etdi. Emma dünýäniň beýleki ýurtlarynyň köpüsi, şol sanda ABŞ, bu territoriýalaryň Gürjüstanyň düzüminde galýandygyny ykrar edýärler.

ABŞ-nyň raketalara garşy goranyş sistemasyny Ýewropa ýurtlarynda ornaşdyrmak plany hem bu şertnamanyň ýerine ýetirilmegine oňyn täsir etmedi. Şol plan yglan edilensoň, 2007-nji ýylda Orsýetiň öňki prezidenti Wladimir Putin çykyş edip, Ýewropada adaty ýaragly güýçler baradaky şertnamanyň öz ýurdunyň gitdigiçe artýan howpdan goranmak mümkinçiligini çäklendirýändigini aýtdy.

22-nji noýabrda Waşington Ýewropada adaty ýaragly güýçler baradaky şertnamanyň düzgünlerini mundan beýläk ýerine ýetirmejegini mälim etdi. Şol bir wagtda-da, käbir bilermenleriň pikiriçe, Ak Tamyň bu hereketi simwoliki häsiýete eýedir. Sebäbi ABŞ özüniň Ýewropadaky goşunlary bilen bagly maglumatlary Belarus ýaly ýurtlara berýär. Belarus bolsa, şol maglumatlary aňsatlyk bilen Kremle ýetirip bilýär. Şeýle garaýyşly bilermenleriň biri hem Stiwen Piferdir:

—Ýaragly güýçler barada berilýän bu maglumatlar ýurtlaryň arasynda ynamy berkitmek maksady bilen berilýär. Olaryň Waşington hem Moskwa ýaly çylşyrymly sputnik sistemasy we beýleki tehniki mümkinçilikleri bolmadyk ýurtlar üçin peýdaly bolmagy mümkin. Eýse, Waşingtonyň bu ädimi Moskwa uly täsirini ýetirermi? Ýetirmese gerek. Emma bu ädim belli bir duýduryş üçin edildi diýip, pikir edýärin.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Wiktoriýa Nuland ABŞ-nyň Orsýet bilen gowy gatnaşykklary saklamaga synanyşýandygyny, emma bu synanyşyklaryň netije bermegi üçin, hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda iki tarapyň hem tagalla etmelidigini nygtady.
XS
SM
MD
LG