Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Bütewi Orsýetiň” aladasy artýar


"Şu hepde saýlawlara syn edýän ýeke-täk garaşsyz gurama bolan “Golos” guramasyny prokuraturanyň ýapmagy häkimiýetleriň saýlawlar bilen bagly neneňsi aladalanýandyklaryny görkezýän ýaly".
"Şu hepde saýlawlara syn edýän ýeke-täk garaşsyz gurama bolan “Golos” guramasyny prokuraturanyň ýapmagy häkimiýetleriň saýlawlar bilen bagly neneňsi aladalanýandyklaryny görkezýän ýaly".

Orsýetliler 4-nji dekabrda Döwlet Dumasyna geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görýärler. Ýurtdaky pikir soralyşyklary bolsa, ýurdy dolandyrýan “Bütewi Orsýet” partiýasynyň Dumada orunlaryň köplügine eýe bolmagyny elden gidermeginiň mümkindigini görkezýär.


Ýerli synçylar Orsýetdäki bu saýlawlaryň “Bütewi Orsýet” üçin çylşyrymly saýlaw boljakdygyny çaklaýarlar.

Analitikleriň pikiriçe, geljek ýekşenbedäki saýlawlarda ýurtda meşhurlygy peselýän “Bütewi Orsýet” partiýasy Döwlet Dumasynda köp orun aljaga meňzeýär. Ýöne, partiýanyň häzirki Dumadaky orunlaryň üçden iki bölegine eýe bolmagyny ýitirmegi mümkin.

Tankytçylaryň “ogry-jümrüleriň” partiýasy diýip atlandyrýan “Bütewi Orsýet” partiýasynyň meşhurlygynyň peselmegi ýurtda ilatyň närazylygynyň ösmeginiň anyk alamaty bolmagy mümkin diýlip hasaplanylýar.

“Bütewi Orsýetiň” mümkinçilikleri

Kremliň ýerli habar serişdeleriniň aglabasynyň üstünden gözegçilik etmegi we olary maliýeleşdirmegi “Bütewi Orsýete” ýeterlik ses almaga kömek etmegi-de mümkin. Bu bolsa, täze Dumada-da “Bütewi Orsýet” partiýasnyna öz syýasatyny goldatmak üçin beýleki partiýalara basyş etmegine mümkinçilik berer. Bu hem, öz gezeginde, Dumanyň Putiniň we onuň ýaranlarynyň elindäki “gurjak” bolmagynda galjakdygyny aňladýar diýip, analitikler belleýärler.

Sankt-Peterburgdaky syýasat boýunça fonduň başlygy Mihail Winogradow bu hakda: “Meniň pikirimçe, ‘Bütewi Orsýet’ partiýasynyň konstitusion köplügi almak baradaky mümkinçiligi örän peseldi. Başga tarapdan, bu köp zady üýtgetmeýär. Çünki, birinjiden, Döwlet Dumasy syýasat boýunça karar kabul etmekde we ony düzmekde o diýen möhüm rol oýnamaýar. Ikinjiden, Dumada-da ‘Bütewi Orsýet’ partiýasynyň koalisiýa düzmäge mümkinçiligi bar” diýdi.

Moskwadaky Karnegi merkeziniň syýasy analitigi Nikolaý Petrowyň sözlerine görä bolsa, beýleki partiýalary öz tarapyňa çekmegiň dürli ýollary bar: “Bu usullardan biri ummasyz maliýe serişdelerine edilýän gözegçilik. Ýurtda biznesiň we syýasy häkimiýetiň arasynda bölünişigiň ýokdugy üçin syýasy partiýa biznesden gelýän islendik puly Kremlden rugsatsyz sanap bilmeýär. Bu bolsa, umuman, Kremle diňe şol partiýalara däl-de, islendik etapdaky kampaniýa hem gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Sebäbi olara berilýän maliýe kömeginiň islendik wagt kesilmegi mümkin”.

Şol bir wagtyň özünde-de, 4-nji dekabrdaky parlament saýlawlary täze ýylyň martynda geçiriljek prezident saýlawlary üçinem syýasy klimaty taýýarlaýar. Anna güni prezident Medwedew saýlawçylara telewideniýe arkaly ýüzlenende, Orsýetiň syýasy partiýalaryny “erkin we deňhukukly bäsdeşikden lezzet almaga” çagyrdy.

Emma, aladalar hem bar

Emma şu hepde saýlawlara syn edýän ýeke-täk garaşsyz gurama bolan “Golos” guramasyny prokuraturanyň ýapmagy häkimiýetleriň saýlawlar bilen bagly neneňsi aladalanýandyklaryny görkezýän ýaly.

Orsýetdäki “Golos” guramasy günbatar hökümetlerinden pul alýar we ol eýýäm saýlawlar boýunça müňlerçe bikanunçylygyň bolandygyny hasaba aldy.

Analitikler Döwlet Dumasyna saýlawlarda bäsleşjek beýleki 6 syýasy partiýanyň zerur bolan 7 prosent sesi neneňsi alyp biljekdigi barada dürli pikirleri orta atýarlar.

Döwletiň eýeçiligindäki ýörite toparyň 28-nji noýabrda ýaýradan pikir soralyşyklarynyň netijesi Wladimir Žirinowskiniň aşa milletçi Liberal demokratik partiýasynyň, Gennadiý Zýuganowyň Kommunistik partiýasynyň we Sergeý Mironowyň “Adalatly Orsýet” partiýasynyň zerur bolan 7 prosent sesi alyp biljekdiklerini görkezýär.

Synçylaryň pikiriçe, Kreml döwlet işgärleriniň “Bütewi Orsýet” partiýasyna ses bermekleri üçin basyş etmek ýaly taktikalary ulanar. Emma olaryň käbiri şuňa meňzeş taktikalar ulanylanda-da, ýekşenbe günki saýlawlaryň “Bütewi Orsýet” üçin çylşyrymly saýlaw boljakdygyny belleýärler.

Premýer-ministriň öňki orunbasary Boris Nemsow we öňki premýer-ministr Mihail Kasýanow dagy öz tarapdarlaryny Döwlet Dumasyna saýlawlary boýkot etmäge çagyrdylar.
XS
SM
MD
LG