Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýarym asyrlyk myhmanhana taryha gömüldi


"Türkmenistan" myhmanhanasynyň deregine Türkmenistanyň hökümetiniň täze binasynyň guruljakdygy barada maglumatlar bar.
"Türkmenistan" myhmanhanasynyň deregine Türkmenistanyň hökümetiniň täze binasynyň guruljakdygy barada maglumatlar bar.
Aşgabatdaky özboluşly keşbi bilen tanalan "Türkmenistan" myhmanhanasy geçen hepde ýumruldy. Bu waka şaýat bolan aşgabatly graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow şeýle diýdi:

—Geçen hepde Aşgabadyň Gogol (Bitaraplyk) köçesi bilen maşynly barýarkam, "Türkmenistan" myhmanhanasynyň ýykylýandygyny görüp, gynandym. "Türkmenistan" myhmanhanasy Aşgabadyň myhmanlary üçin ýerleşýän ýeri boýunça örän çemeli hem-de arzan myhmanhanady. Onuň özboluşly hem özüne çekýän arhitekturasy bardy.

"Türkmenistan" myhmanhanasy Aşgabadyň administratiw we söwda merkeziniň golaýynda ýerleşýärdi. Ýerli synçy Ýaýlym Begow bu ýagdaýyň myhmanhanada ýaşaýan myhmanlar üçin amatly bolandygyny aýdýar:

—Türkmenistan" myhmanhanasy Aşgabadyň merkezinde gurlansoň, ol hemme tarapdan örän amatlydy. Myhmanlara gerek bolan edara jaýlary myhmanhana örän golaýdy. Gelýän myhmanlar, komandirowka gelýän adamlar her hili işlerini aňsatlyk bilen bitirip bilýärdiler. Sowet döwründen galan ýadygärlik hökmünde garalýan bu üç gatly myhmanhanada 60 sany otag bolup, her otagda duş bilen wanna, kondisioner, hemra telewideniýesi bardy. Myhmanhananyň myhmanlary saunanyň, massaž kabinetiniň, dellekhananyň hyzmatlaryndan hem peýdalanyp bilýärdiler. Myhmanhananyň restorany bolsa diňe bir myhmanlaryň däl, eýse aşgabatlylaryň hem gelim-gidimli ýeridi.

"Türkmenistan" myhmanhanasy Aşgabadyň administratiw we söwda merkeziniň golaýynda ýerleşýärdi.
"Türkmenistan" myhmanhanasy Aşgabadyň administratiw we söwda merkeziniň golaýynda ýerleşýärdi.
"Türkmenistan" myhmanhanasy 1948-nji ýyldaky Aşgabat ýer titremesinden soň, 1950-nji ýylda gurlupdy. 1995-nji ýylda ýugoslaw gurluşykçylary bu myhmanhanada düýpli abatlaýyş işlerini geçirdiler. Emma, muňa garamazdan, myhmanhana özüniň arhitektura aýratynlygyny saklap galypdy. Ýaýlym Begow bu barada şeýle diýýär:

—Her nomeriň gurluşy o diýen uly hem däldi: iki adamlyk, dört adamlyk otaglar bardy. Hemme gerekli enjamlar bilenem üpjün edilendi. Özem arassa saklanýardy. Gapdalynda-da restoran bardy. Onda diňe myhmanhanada ýaşaýanlar däl-de, şäherli adamlar, şol töwerekde işleýänler günortanyna, hezil edinip, nahar iýip, dynç alyp gidýärdiler. Onsoňam, myhmanhananyň demirgazyk tarapynda "Gorka" diýip, bir taryhy ýadygärlik bardy. Onuň üstünde hem dynç almaga tomusky kafe bardy. Ol ýerde hem adamlar dynç günleri gelip, dynç alyp gidýärdiler.

Graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow ýaşy 50-den geçen aşgabatlylaryň ýaşlyk döwürleriniň ýatlamasy bolan sowet döwrüniň binalarynyň ýykylmagyna öz garaýşyny şeýle beýan etdi:

—50-70 ýaşa çenli islendik adamdan şäheriň ýüzi nähili diýip soranyňda, şäheriň merkezindäki jaýlary, başga-da şäheriň käbir ýerlerindäki özboluşly jaýlary agzarlar. Emma häzirki alnyp barylýan gurluşyk şäheri arhitektura taýdan taryhsyz goýup barýar.

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň binasynyň golaýynda ýerleşen "Türkmenistan" myhmanhanasynyň deregine Türkmenistanyň hökümetiniň täze binasynyň guruljakdygy barada maglumatlar bar.
XS
SM
MD
LG