Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin orsýetlileriň dürli soraglaryna jogap berdi


Orsýetiň hökümet başlygy, geljek ýyl Orsýetde geçiriljek prezident saýlawlaryna häkimiýet başyndaky “Ýedinaýa Rossiýa”, ýagny “Bütewi Orsýet” partiýasyndan kandidat görkezilen Wladimir Putin şu gün göni efirde orsýetlileriň dürli soraglaryna jogap berdi. Şol sowal-jogap Orsýetiň esasy köpçülikleýin habar serişdeleri arkaly göni efirde alnyp görkezildi.


Putin orsýetlileriň soraglaryna jogap berdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:19 0:00

Her ýyl orsýetliler bilen geçirýän sowal-jogabynyň bu saparynda Putin ilkinji gezek 10-njy dekabrda Moskwada, Bolotnaýa meýdanynda protest geçiren onlarça müň protestçiniň parlament saýlawlarynda edilen galplyklar barasyndaky soraglaryna jogap berdi:

—Ýurtda ykdysadyýetde, sosial-syýasy ugurlarda bolup geçýän prosesler barada adamlaryň kanunyň çäklerinde öz pikirini aýtmagy kadaly ýagdaý. Ol şeýle-de bolar diýip, umyt edýärin. Men telewizoryň ekranyndan adamlary, esasan ýaşlary gördüm. Olar aktiw, öz pozisiýalaryny açyk aýdýarlar, eger ol Putiniň režiminiň netijesi bolsa, ol meni begendirýär.

Putin şeýle-de raýdaşlyk hökmünde ak lenta asynan protestçileri ýazgardy hem: “Men ony SPID-e garşy kampaniýadyr öýtdüm” diýdi.

Putin Orsýetiň içki işlerine Günbataryň goşulyşýandygy barada köp sanly bellikler etdi, käbir protestçilere pul töländiklerini, studentlere biraz pul berendiklerini, eger studentler biraz gazanç edýän bolsalar, gowudygyny aýtdy. Ol protestçilere ýüzlenip, oppozisiýanyň özlerini dolandyrmagyna ýol bermezlige çagyrdy.

Premýer-ministr Putin parlament saýlawlaryndaky galplyklar saýlawlaryň ahyrky netijelerini bulaşdyrdy diýen tassyklamany ret edip, “Bütewi Orsýet” partiýasynyň 50%-denem az ses alandygyny aýtdy:

—Saýlawlaryň netijeleri, gep-gürrüňsiz, ýurtdaky güýçleriň hakyky mynasybetini görkezýär. Dolandyryjy güýç – häkimiýet başyndaky “Bütewi Orsýet” öz pozisiýasynyň belli bir bölegini ýitirdi. Bu ýerde-de adatdan daşary bir zat ýok. Biz krizisiň örän çylşyrymly döwrüniň içinden geçdik.

Kremle dolanmagy umyt edýär

Putin telewideniýe boýunça birnäçe sagatlap dowam eden bu sowal-jogap alşygynda özüni ynamly alyp barmaga çalyşdy. Bu çäre 10 ýyl gowrak wagt mundan öň häkimiýet başyna gelen Putiniň özboluşly aýratynlyklarynyň biri bolup, häzir Orsýeti gaplap alan protest aksiýalary onuň düzgünlerine garşylyk bolsa-da, ol geljek ýylyň 4-nji martynda prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmaga hem prezident Dmitriý Medwedewiň ýerini alyp, Kremle dolanmagy umyt edýär.

Putin prezident saýlawlarynyň açyk hem adalatly bolmagyna çagyrdy:

—Men Merkezi saýlaw komissiýasyna teklip hem haýyş edýärin. Ýurduň ähli saýlaw uçastoklarynda kameralary oturtmaly. Olaryň sany 90 müň gowrak, şolaryň ählisinde oturtmaly. Goý, şol kameralar gije-gündiz işläp dursun. Anyk gapyrjagyň töwereginde nämeleriň bolýanyny ýurt görer ýaly hem şu ugurdan islendik galplygy aradan aýrar ýaly ol kameralaryň görkezişini internete çykarmaly.

Amerikan senatory Jon Makkeýniň “Orsýete arap bahary geldi” diýen sözleri bilen bagly Putin: “Ol Wýetnamda söweşdi, elinde adam gany bar. Ol edil Kaddafini öldürişleri ýaly ganly kartinalary ekranda görmegi halaýar” diýip, 5 ýyl gowrak Demirgazyk Wýetnamda harby ýesirlikde bolan hem gynalan MakKeýn barada öz pikirini aýtdy.

Orsýet graždanlary Putiniň bu çykyşy hakda “Twitter” we LiveJournal” arkaly jedelleşýärler. Iň köp gürrüňi edilýän temalaryň arasynda Putiniň plastik operasiýasy, MakKeýn, Kaddafi baradaky aýdanlary bar.

Özüni Oleg Kozyýew diýip tanadan bir adam saýlawlar we protestler barada Putiniň aýdanlaryna jogap edip, “Twitterde” şeýle ýazýar: “Boldy. Bu iş tamam. Putin halkdan juda üzňe. Bu ýagdaý gitdigiçe her kime äşgär bolar. Adamlary şu derejede kemsitmezden öň gowy pikirlenmeli eken”.
XS
SM
MD
LG