Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çehiýada matam güni


Habar berlişine görä, Hawel 23-nji dekabrda jaýlanar.
Habar berlişine görä, Hawel 23-nji dekabrda jaýlanar.

Duşenbe güni Çehiýada matam güni yglan edildi.


Çehiýanyň dürli şäherlerinde adamlar Çehiýa respublikasynyň ilkinji prezidenti, Çehoslowakiýanyň 1989-njy ýyldaky “Mahmal rewolýusiýasynyň” liderleriniň biri – uzaga çeken keselden soň 18-nji dekabrda 75 ýaşynda aradan çykan Waslaw Haweliň hatyrasyny tutmak üçin köçelere çykýarlar.

Müňlerçe adam eli gülli hem şemli Praganyň merkezine – Wenseslas meýdanyna hem Milli prospekte ýygnandy. Şeýle aksiýalar Brnoda we ýurduň beýleki şäherlerinde-de dowam edýär.

Habar berlişine görä, Hawel 23-nji dekabrda jaýlanar.

Çehiýa ýas tutýar
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:02:30 0:00
Wideo: Praga, 18-nji dekabr.

Waslaw Haweliň ölümi sebäpli dünýäniň dürli künjeklerinden gynanç hatlary gelip gowuşýar.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama öz beýanatynda Haweliň “parahatçylykly garşylyk görkezmeginiň imperiýanyň binýadyny sarsdyrandygyny, repressiw ideologiýanyň boşdugyny görkezendigini we ruhy liderligiň islendik ýaragdan has güýçlüdigini subut edendigini” aýtdy.

Ýewropa Parlamentiniň prezidenti Žerzi Buzek “Waslaw Hawel gahrymandy, gahryman bolup hem galar” diýdi.

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barroso Haweli “dünýäniň dürli ýerlerinde azatlyk we demokratiýa ugrunda göreşýänleriň uly ylham çeşmesi” diýip atlandyrdy. “Ol öldi, emma onuň poemalarynyň, eserleriniň mirasy, iň esasysy bolsa, onuň ideaýalary we şahsy göreldesi geljek nesiller üçin nusag bolup galar” diýip, Barroso aýtdy.

Çehiýada matam güni
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:01:43 0:00
Wideo: Praga, 19-njy dekabr.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel çeh prezidenti Waslaw Klausa ýüzlenmesinde öz ýurdunyň hem “beýik ýewropalynyň aradan çykanyna” ýas tutýandygyny aýtdy.

Germaniýanyň daşary işler ministri Gido Westerwelle bolsa, Haweli “Çeh rewolýusiýasynyň kalby” diýip atlandyrdy we “demokratiýa hem azatlyk ugrunda beýik göreşiji” diýip öwdi. Ol Haweliň sowuk uruş netijesinde bölünen Ýewropany gaýtadan birikdirmekde oýnan roluny belläp, ony “Ýewropa Bileleşiginiň baýdak göterijisi” atlandyrdy.

Şwesiýanyň daşary işler ministri Karl Bildt öz “Twitter” hasabynda Haweli “döwrümiziň beýik ýewropalylarynyň biri” diýip atlandyrdy. Ol öz blogunda “döwrebap Ýewropanyň iň möhüm, iň güýçli we iň batyr sesleriniň biri dünýeden ötdi” diýip ýazdy.

Awstriýanyň prezidenti Heýnz Fişer Haweli “beýik ýewropaly, ýazyjy we gumanist” atlandyrsa, daşary işler ministri Maýkl Spindeleger ony “kadadan çykma bir adam, azdyryp bolmajak intellektual” diýip häsiýetlendirdi.

Waslaw Hawel aradan çykdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:04 0:00
Wideo: Waslaw Hawel

Döwlet liderleri we jemgyýetçilik işgärleri Çehiýanyň ilkinji prezidentiniň azatlyk, demokratiýa we Ýewropanyň birleşmegi ugrundaky göreşde bitiren hyzmatlaryny, şeýle-de Haweliň syýasatda ahlak prinsiplerine daýanmaga ýykgyn edendigini belleýärler.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň prezidenti Stiwen Korn Waslaw Haweliň ölümi bilen bagly beýannama ýaýratdy. Onda şeýle diýilýär:

—Demokratiýanyň, köpçülikleýin habar serişdeleriniň azatlygynyň we ynsan mertebesiniň esaslaryna hormat goýmagyň tarapdarlary, dostlary Waslaw Haweliň dünýäden gaýtmagy bilen uly dostuny ýitirdiler. Ol sungat işgäri, kampaniýalara aktiw gatnaşyjy, döwlet işgäri hökmünde uly işler bitirdi, adam hukuklaryny gorady, ol “Hakykatyň we söýginiň ýalandan we ýigrençden üstün çykýandygyna” ynanýardy.

Waslaw Hawel 1960-1970-1980-nji ýyllarda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy, onuň Çehoslowakiýa gullugy bilen hyzmatdaşlyk etdi. 1990-njy ýyllaryň başlarynda, “Mahmal rewolýusiýasyndan” soň radiony Praga göçüp gelmäge hem işini şu ýerde dowam etdirmäge çagyrdy. Biz onuň ömrüni we işini bagş eden gymmatlyklaryny diňleýjilerimize ýetirip durýarys. Biz onuň aramyzdan gidenine örän gynanýarys – diýlip, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň prezidenti Stiwen Kornuň beýannamasynda bellenýär.
XS
SM
MD
LG