Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Elektrik energiýasynyň bahasy gymmatlady


Türkmenistanda 1-nji sentýabrdan elektrik togunyň nyrhlary 30% ýokarlandy. Emma adamlar bu barada soň bilip galdylar. “Döwletenergogözegçilik” kärhanasy özüniň edara jaýynda bu barada ýörite bildiriş asdy.
Türkmenistanda 1-nji sentýabrdan elektrik togunyň nyrhlary 30% ýokarlandy. Emma adamlar bu barada soň bilip galdylar. “Döwletenergogözegçilik” kärhanasy özüniň edara jaýynda bu barada ýörite bildiriş asdy.
Türkmenistanda elektrik energiýasynyň bahasy gymmatlady. Türkmenistanyň prezidentiniň şu ýylyň 5-nji sentýabrynda gol çeken kararyna laýyklykda 1-nji sentýabrdan elektrik togunyň nyrhlary 30% ýokarlandy. “Döwletenergogözegçilik” kärhanasy özüniň edara jaýynda bu barada ýörite bildiriş asdy. Emma adamlar bu barada elektrik edarasyna töleg etmäge baranlarynda bilip galdylar.

Ýurduň habar serişdelerinde bu barada maglumat berilmedi. Bu habara adamlaryň köpüsi ynanmaýarlaram. Olar bu habara soňky döwürde ilat arasynda benziniň, çöregiň we gazyň nyrhlarynyň gymmatlajakdygy barada ýaýraýan ýene bir nobatdaky myş-myş hökmünde garaýarlar. Bu bildirişi okanlaryň käbirleri bolsa geň galýarlar. Sebäbi Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda suwuň, gazyň, elektrik togunyň mugt boljakdygy wada berlipdi.

Aşgabatly pensioner Akmyrat aga elektrik togunyň nyrhynyň ýokarlanmagyna ýurtdaky mugtçulygyň soňunyň golaýlaýandygynyň alamaty hökmünde garaýandygyny aýdyp, Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi:

—Elektrik togunyň nyrhynyň ýokarlanmagy Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ilat üçin mugt edilen gazyň, suwuň, elektrik togunyň mugtçylygynyň hem soňuna çykyljak bolunýandygynyň alamaty. Elbetde, mugt zat bolmaly däl. Emma, ilatyň häzirki sosial ýagdaýyny göz öňünde tutup, bu mugt zatlaryň nyrhyny öňküsi ýaly simwolik bahalarda saklamaly. Haçan-da adamlar mynasyp aýlyk alyp başlasalar, bu zatlaryň bahasyny şonda gymmatlatsa-da bolardy. Gazyň, suwuň we elektrik togunyň mugt bolmagy köp maşgalalara ýardam edýär. Bu zatlaryň gymmatlamagy olaryň hal-ýagdaýlaryny ýaramazlaşdyrar.

Ýurtda adam başyna 35 kilowat sagat mugt elektrik energiýasy berilýär. Şondan artygy – tölegli. Täze nyrhlar boýunça mugt berilýän elektrik energiýasyndan ötri her 100 kilowat sagat elektrik energiýasy üçin 1 manat 20 teňňe tölemeli. Öň 92 teňňe tölemelidi.

Aşgabadyň Parahat mikroraýonynyň ýaşaýjysy 34 ýaşly Geldimyrat Ataýew elektrik energiýasynyň nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagynyň ilatyň elektrik energiýasyny tygşytly sarp etmegine itergi boljakdygyna ynanýar. Ol bu barada şeýle diýdi:

—Mugt zadyň gadyry ýok. Biziň ýurdumyzda mugt berilýän hiç zadam tygşytly ulanylmaýar. Ýöne mugt berilýän gazyň gelşi hemme ýerde bir meňzeş däl. Oba ýerlerinde berilýän gazyň basyşy pes bolansoň, gaz çala ýanýar. Mugt berilýän agyz suwuny içer ýaly däl. Suwgeçiriji turbalardan suwuň akyşy hem kadaly däl. Hatda ýurduň paýtagtynyň käbir raýonlarynda-da suw entägem režimli berilýär. Elektrik togunyň güýji hem pes. Şu ýyl bu ýagdaý has-da ýiti duýulýar. Eger-de gaz, suw, tok tölegli ediljek bolsa, olaryň ilata hödürlenişiniň hilini hem gowulandyrmaly.
XS
SM
MD
LG