Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Könelmeýän “Täze goşgular”


Bizde az sanly ýazyjy-şahyryň ady häli-şindi, köpüsiniňki mahal-mahal tutulýar, asla agzalmaýanlar hem azlyk edenok. Bu, elbetde, adalatly däl. “Her gülüň öz ysy bar” diýlipdir. Aýratynam poeziýada şeýle.

20-njy asyr türkmen poeziýasyna özboluşly goşant goşan, ýöne ady-da, goşgulary-da unudylan şahyrlaryň biri hem Durdy Baýmyradowdyr. Bu şahyryň ömri we döredijiligi barada elimde degerli maglumat ýok. Goşgularyndan çelgi alsaň, onuň asly lebaply bolmaly. Şahsy kitaphanamda onuň “Türkmendöwletneşirde” 1959-njy ýylda “Täze goşgular” ady bilen çap edilen kitaby bar. Bu ýüz sahypalyk kitap dört bölümden ybarat bolup, awtoryň 93 goşgusyny özünde jemleýär. Onuň “Partiýa we halk hakynda” diýlip atlandyrylan birinji bölümi ideologiýanyň, syýasy propagandanyň poeziýa aralaşmagynyň mysaly bolup, ondaky goşgularyň akgynlydygyna garamazdan, okanyňa känbir degmeýär.

Ýöne şahyryň kärdeşi, dosty Rehmet Seýidowa bagyşlanan “Ýadygär” goşgusynyň üstünden böküp geçmek mümkin däl. Bu şygyrdaky:

“Gyňyr tebigata sözüm ötsedi,
Dilärdim azyndan ýüz elli ýaşy.
Ýerne meň janymy kabul etsedi,
Biýrdim elim bilen, çytmazdym gaşy.”


- ýaly bendi okanyňda Durdy Baýmyradowyň adamkärçiliginiň, dostluga sarpasynyň belentdigi barada oýlanýarsyň. Goşgynyň jemlemesiniň hem şowludygyna, şahyranadygyna ony okan islendik adam göz ýetirer diýip, tekrarlamak esassyz bolmaz. Ine şol bent:

“Rahat ýat, hiç zadyň etmegin gamyn,
Çünki, altyn sözüň dillerimde bar.
Ýüregiň togtanda goýan galamyň,
Seň bilen görüşen ellerimde bar”.


Bu goşgy 1955-nji ýylyň 18-nji fewralynda Rehmet Seýidowyň aradan çykan gününde gyzgyny bilen ýazylypdyr.

“Satiralar” diýen üçünji bölüm ünsüňi özüne çekýär. Bu bölümde şahyryň satiriki goşgularynyň ýigrimisi ýerleşdirilipdir. Şahyr satiriki goşgularynyň temasyny hut durmuşyň özünden susup alypdyr. Bir goşgusynda Halaja maşynly gitmegiň güzaplydygyny köteklese, beýlekisinde satirasyny, belki-de mylaýym henegini ýaramaz gylyk–häsiýetli adamy paş etmäge gönükdirýär. Onuň “Dosent dostuma” diýen on iki setirlik şygryny okanyňda, çeper detaly şowly tapyp, ussatlyk görkezendigine göz ýetirýärsiň:

“Portfeliň heniz-de şol bir boşlugy,
Üýtgänok kelläňe çalymdaşlygy.”


Gör, nähili, ýerine düşen deňeşdirme, meňzetme, edebi tär.

Durdy Baýmyradowyň “Şahyr we gyzy” goşgusy bary-ýogy bir bentden ybarat :

“—Kaka, bir goşgyňy göni üç ýola,
Göçürýärsiň, onuň ne peýdasy bar?
—Birisi gazete, biri žurnala,
Birini radio ibermek derkar”.


Şahyryň “Üýtgeşik” atly goşgusy hut biziň günlerimizi ýatladyp duran ýaly:

“Jaý düýbünde ösen ýandak, peçegi,
Orýarlar ellerde orak, pyçagy.
Öňler beýle düzgün ýokdy-la munda,
Sebäbin bilmäge howlukdym men-de.
Aýtdy olar komissiýaň geljegin.
Öňkülige dursa, erbet boljagyn”.


Hawa, şygryň bu setirleri “prezident geljekmiş” diýen habar ýaýranda ýerlerde döreýän başagaýlygy ýada salýar. Ýollaryň, köçeleriň ugrundaky haşal otlary, ýandaklary, çöp-çalamlary aýyrmaga ilat barynyň sürülýändigi şu günki türkmen ahwallarynyň biri ahyryn.

Satiriki goşgularyny okap çykanyňdan soň, eger-de Durdy Baýmyradow öz bar zehinini, döredijilik gujuryny şu žanrdan eser döretmäge bagyşlanlygynda has saldamly edebi mirasyny galdyrardy diýen pikir kelläňe gelýär.

Kitabyň dördünji “Çagalara” sözbaşyly bölüminde ýerleşdirilen “Akylly Esen” ertekisini şu günki çagalaram hezil edip okarlarmyka diýýän. “Harplygyň sözi” şygrynyň hem çagalaryň göwnünden turjagyna kepil geçip bolar. Onda körpelere okamak, öwrenmek barada ýerlikli öwüt-nesihat berilýär.

Hawa, her gülüň öz ysynyň bolşy ýaly, şahyryň her bir goşgusynyň öz täsiri, öz çeperçiligi, orny bar.

Aşyrguly Baýryýew Aşgabatda ýaşaýan şahyr we garaşsyz žurnalist, halkara Deýwid Börk baýragynyň eýesi. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG