Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Açyk möhlet biletli ýolagçylaryň gözleri ýolda


"Domodedowo" aeroportunda, 30-njy dekabr.
"Domodedowo" aeroportunda, 30-njy dekabr.
“Bron”, “Dosadka”, “Ýörite reýs” diýen sözler soňky günlerde Moskwadan Aşgabada uçmak isleýän türkmenistanlylaryň arasynda iň ýörgünli sözler. Aýratynam ýörite, ýagny goşmaça reýs diýen söze köp umyt baglanýar.

29-njy dekabrda Moskwanyň “Domodedowo” aeroportunda azyndan 35 adam Aşgabada uçan uçardan galdy.

Raspisaniýe-düzgünine görä, ir sagat 7:05-de uçmaly uçar gijä galyp, 8:25-de uçdy. Emma mesele uçaryň gijä galmagyna däl-de, uçarda boş ýeriň tapylmanlygynda. Uçardan galan bu ýolagçylaryň ellerinde biletleri bar, emma biletlerinde uçuş wagty goýulmadyk. Soňky günlerde “Domodedowo” aeroportunda garaşýan türkmen ýolagçylary hut şeýle adamlardan ybarat.

“Birje ýer tapylmazmyka?!”

Daň bilen, entek registrasiýa başlanmanka, “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň kassasynyň öňüne jemlenen adamlar hut penşenbe günündäki uçara uly umyt baglandyklaryny gürrüň berdiler.

Registrasiýa eýýäm gutaryp, uçarda ýeriň bolmajagy yglan edilensoň ýolagçylardan: “.. bilýäňizmi biz şeýle bir umyt edipdik!”, “Şu gün gidermikäk öýdüpdik”, “Şu bolýan zatlar ýokardakylara ýetmezmikä, biz öýe gitmek isleýäris” – diýen sözleri eşitmek mümkindi.

Käbirleri aeroporta üç gün bäri gatnap, her reýsiň öňünde öz biletlerine data goýdurmaga synanyşýandygyny gürrüň beren bolsa, beýlekiler özlerinde “Domodedowoda” galyp, garaşmakdan başga çäräniň ýokdugyny aýtdylar.

Penşenbe güni Moskwadan Aşgabada uçmak üçin öýlän sagat ikiden soň “Türkmenhowaýollarynyň” “Domodedowo” aeroportyndaky kassasynyň öňüne jemlenip başlan we ertesi ir sagat 5 töwereginde sany 35-40 adama ýeten ýolagçylaryň aglaba köpüsi Orsýetde okaýan studentler, olaryňam uly bölegi Orsýetiň dürli regionlarynda okaýan studentler bolup durýar. Olar özleriniň Penza, Gazan, Kislowodsk ýaly şäherlerden gelendiklerini we indi yzlaryna gaýtmaga–da mümkinçilikleriniň ýokdugyny gürrüň berdiler.

Ýaşlaryň birnäçesi 300 rubla, ýagny 10$ çemesi durýan “bron” üçin sanlyja pulunyň bardygyny, käbirler bolsa hatda “bron” uçin hem pulunyň ýokdugyny gürrüň berdiler. “Domodedowoda” “Western Union” ýaly tiz pul geçiriş sistemasynyň asla bolmazlygy köpler üçin garaýylmadyk bir täzelik boldy. Bu halkara aeroportunda pul geçirýän ýeketäk edara “Sberbank” bolup durýar. Onuň tiz pul geçiriş “Blits” sistemasy bolsa ýolagçylara puly diňe ibermek hyzmatyny tekip edýär, başga ýerden iberilen puly kabul etmek düzgüni Bankyň “Domodedowodaky” edarasynda asla göz öňünde tutulmaýar.

Gidere ýeri bolmadyk ýaşlaryň suw we nahar bilen üpjün edilmegi “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň düzgünlerinde göz öňünde tutulmaýar. Kompaniýanyň Moskwadaky edarasynyň işgärleriniň aýtmagyna görä, ýolagçylaryň öz biletlerinde uçuş gününi öňünden kesgitläp, möhür basdyrmanlygy kompaniýanyň günäsi däl.

Kim günäkär?

“Türkmenhowaýollary” kassasy bilen bir ýerde ýerleşýän “Moldowanyň howa liniýalary” şirketiniň kassasynda ýolagçy göze ilmeýär. Bu ýere wagtal-wagtal üýşýän ýolagçylaryň ählisi diýen ýaly “Türkmenhowaýollarynyňky”.

Moldowanyň bu howa kompaniýasynyň işgäri türkmen ýolagçylarynyň ýurduna gidip bilmeýän halatlarynyň seýrek däldigini belledi. Ol munuň sebäbini açyk dataly biletleriň köplüginde we ýolagçylaryň uçjak wagtynyň öňünden kesgitlenmeýänliginde görýär:

—Täze ýyl sebäpli biziň uçarlarymyzda-da häzir ýer ýok. Häzirki reýslere köp biletleri biz sentýabrdan başlap satyp başladyk. Açyk dataly biletli ýolagçylar gyssagly uçmak isleseler olar bize telefon arkaly jaň edip soraýarlar, ýer tapsak mündürýäris. Ýolagçylar internet arkaly hem bilet almak ya ýer eýelemek mümkinçiliginden hem peýdalanyp bilýärler.

Internet arkaly uçar biletlerini almak ýa uçuş gününi goýdurmak ýaly hyzmatlardan peýdalanma mümkinçiligi “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň ýolagçylarynda ýok. Kompaniýa dünýä yurtlarynda örän ýörgünli bolan elektron bilet söwdasyny hem amala aşyrmaýar.

Ýolagçylar biletlerine öňünden möhüm goýdurmak üçin edara barmaly. Emma bu edaralar Moskwada ýerleşýär, Orsýetiň beýleki regionlarynda ýok.

Edaranyň bölümine barmakdan başga aragatnaşyk üçin ýene bir ýol – telefon. Emma bilete “bron” goýdurmak üçin häzirki ýagdaýda telefonyň uly bir peýdasy ýok, sebäbi ýolagçylar azyndan iki hepde bäri öz telefon jaňlaryna “uçarlarda ýeriň bolup-bolmajagyny bilemzok” diýlip, jogap berilýänligini gürrüň berýärler.

Goşmaça reýs

28-nji dekbarda ir sagat 9-da “Türkmenhowaýollary” kompaniýasy özüniň Moskwa iberen goşmaça uçary arkaly “Domodedowo” aeroportundan Aşgabada 120-ä golaý adamy äkitdi. Muny Azatlyk Radiosyna kompaniýanyň Moskwadaky we Aşgabatdaky edaralarynda tassykladylar. Mundan bir gün ozal “Youtube” saýtynda “Domodedowoda” bäş günläp oturan ýolagçylary görkezen wideoýazgy peýda bolupdy. Ony "Türkmen inisiatiwasy" topary ýerleşdirdi.

28-nji dekabrda Moskwadan Aşgabada 120-ä golaý adamy äkitmek üçin guralan goşmaça reýs barada ýolagçylara uçuşdan çak bilen üç sagat öňünden habar berildi. Şeýle ýagdaýda bu reýsden aeroportda galan adamlar ýa tötänden ýetişen ýolgaçylar peýdalandy.

“Türkmenhowaýollary” şeýle reýsleriň gyssagara yglan edilmeginiň sebäbini Orsýetiň awiasiýa degişli resmileri bilen ylalaşyk meselesi bilen düşündirdi.

“Türkmenhowaýollary” kompaniýasy uçarlaryndaky ýer gytçylygynyň sebäbini Täze ýylyň we Orsýetde okaýan studentleriň kanikullarynyň golaýlamagy bilen düşündirýär. Kompaniýanyň işgärleri bu ýagdaýyň göz öňünde tutulyp, dekabryň 20-den soň kompaniýanyň adatdaky 140 golaý adamlyk uçarynyň has uly 190 çemesi adamlyk uçara çalyşanlygyny gürrüň berýärler.

29-njy dekabrda Moskwada Aşgabada uçar biletini “Türkmenhowaýollaryndan” diňe 9-njy ýanwara alyp bolýardy.

Kompaniýanyň işgärleriniň pikirine görä, “Ýörite reýs” “Domodedowoda” barha köpelýän türkmenistanlylaryň Aşgabada barmagyny üpjün etmek üçin ýeketäk çykalga bolup durýar.

2012-nji ýylyň bosagasynda uçara garaşýan türkmen ýolagçylary Täze ýyl baýramyny öz öýlerinde garşylamakdan gowy sowgadyň bolmajagyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG