Ýakynda “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde dünýäniň awtomobilsiz ilatly ýerleriniň ýedisiniň ady hem-de olar hakynda maglumatlar berildi. Olaryň aglabasy ada bolup, çar tarapy suw bilen gurşalandyr. Ine, olar: Beýik Britaniýadaky Sark adasy, ABŞ-nyň Miçigan ştatyndaky Makino adasy, Marokkodaky Fes-al-Bali adasy, Gresiýadaky Gidra, Saronik adalary, Argentinadaky La Kumbreta şäheri, Keniýadaky Lamu adasy, Italiýanyň äleme meşhur Wenesiýasy.
Olar awtomobilsiz ýerler hasaplansa-da, her biriniň öz aýratynlyklary bar. Mysal üçin, 156 müň ilatly Wes-al-Balide dyknyşyk zerarly hatda welosepidleriň, ýagny tigirleriň gatnawy hem çäklendirilen. 600 ýaşaýjyly Makino adasynda bolsa motorly ulaglar baryp 1898-nji ýyldan bäri gadagan edilen. Onda diňe motosanileriň we “tiz kömek” awtomobilleriniň hereketine rugsat edilýär. Adanyň ýaşaýjylary pyýada ýöräp ýa-da tigir sürüp bilýärler, atly ekipažlaryň hyzmatyndan hem peýdalanmak bolýar. Üç müň adamly Lamu adasynda esasy ulag eşekdir.
Türkmen metbugatyndaky materialyň awtory internetden alan şu sanawynda Gyzylsuwy agzan ýa-da goşan bolsa, ýerine düşerdi... Ol Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy (ozalky Krasnowodsk) etrabynyň Gyzylsuw şäherçesidir. Onda mundan 35 ýyl ozalky maglumatlara görä, 1200-e golaý adam ýaşapdyr. Bu ýerdäki balykçylyk kolhozynyň, gämi bejeriş zawodynyň ýapylmagy bilen şäherçäniň ilatynyň sany azalandyr diýip çaklasa bolar. 2012-nji ýylyň ilat ýazuwy bu adada ýaşaýanlaryň anyk sanyny belli etse gerek.
Gyzylsuw öňler Şagadam aýlagyndan deňziň içine süsňäp girýän uzyn ýarymada bolupdyr, soňra geçen asyryň ellinji-altmyşynjy ýyllarynda Krasnowodsk (häzirki Türkmenbaşy) bilen Baku şäheriniň arasynda parom gatnawyny ýola goýmak üçin deňziň içinden kanal gazylanda, ol gury ýerden kesilip, ada öwrülýär. Onuň topragy gumluk, çägelikdir.
Gyzylsuwuň adynyň gelip çykyşyny Soltanşa Atanyýazow “Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlüginde” şeýle düşündirýär: “1930-njy ýyllara çenli bu gumy dyz boýy gazsaň, ondan süýji suw çykýan eken. Şeýle çukurlara iýşme diýilýär. Adanyň gyzgylt çägesi suwa reňk berýänligi üçin hem ilki iýşmelere, soňra tutuş ada, soňra-da posýologa hem Gyzylsuw diýen at berilýär” (S.Atanyýazow, Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlügi, 129-njy sahypa). Türkmen ensiklopediýasynda iýşmäni çeşme diýip nädogry alypdyrlar. Ol çeşme däl-de, guýa ýakyn zat.
Kenarýaka Şagadam şäherine şu adanyň adynyň rusçasynyň Krasnowodsk diýlip dakylyp, garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryna çenli ulanylyp gelnendigi bellidir.
Gyzylsuwda awtomobil ulaglary ýok. Topragy çägelik bolansoň, bu ýerde hatda tigir sürmegem kyn. Şäherçäniň sosial ösüşi garaşsyzlyk ýyllarynda ýatyp galan ýaly. Bu ýerde özboluşly dynç alyş zolagyny, öýlerini döretmek, ony syýahatçylyk marşrutlaryna goşmak obanyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrardy, olary şähere işe gatnamakdan dyndarardy.
Her niçik-de bolsa geljekde Gyzylsuwuň awtomobilsiz ýerleriň sanawyna goşulmagyna umyt baglasyň gelýär.
Aşyrguly Baýryýew Aşgabatda ýaşaýan şahyr we garaşsyz žurnalist, halkara Deýwid Börk baýragynyň eýesi. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.