Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina gazyň nyrhy barada Moskwada gepleşik geçirýär


Şu gün Moskwada Ukrainanyň energetika we kömür senagaty ministri Ýuriý Boýko bilen Orsýetiň döwletiň eýeçiligindäki “Gazprom” kompaniýasynyň başlygy Alekseý Miller gepleşik geçirýär.

Garaşylyşy ýaly, Ukraina Orsýete tebigi gazynyň bahasyny arzanlatmak üçin basyş eder.

Habarlara görä, Ukraina Orsýetiň gazynyň her müň kubmetrini 250 amerikan dollaryndan satyn almak isleýär. Häzir bu baha 416 dollara deň.

Ukraina 10 ýyllyk şertnama boýunça bu nyrhyň örän gymmatdygyny we Ukrainanyň ykdysadyýeti üçin kynçylyk döredýändigini aýdýar.

Orsýet öz gazynyň bahasyny arzanlatmagyň mümkindigini belleýär. Emma, munuň üçin Moskwa Ukrainanyň gaz geçirijisinden paý almak isleýär.
XS
SM
MD
LG