Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Repressiýalaryň pidalary baradaky hakyda dikeldiler


Gazagystanyň Akmola obasynda 1930-50-nji ýyllaryň syýasy repressiýasynyň pidalarynyň hormatyna açylan alleýadaky ýadygärlik. Akmola, aprel, 2011.
Gazagystanyň Akmola obasynda 1930-50-nji ýyllaryň syýasy repressiýasynyň pidalarynyň hormatyna açylan alleýadaky ýadygärlik. Akmola, aprel, 2011.

Geçen hepde Orsýetde syýasy repressiýalaryň pidalary baradaky hakydany ebedileşdirmek boýunça pudagara iş toparynyň birinji maslahaty geçirildi. Bu iş topary 2011-nji ýylyň aýagynda Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň gol çeken karary bilen döredildi. Iş toparynyň düzümine taryhçylar, ynsan hukuklaryny goraýjylar we döwlet resmileri girdi.


Syýasy repressiýalaryň pidalary baradaky hakydany ebedileşdirmek boýunça Orsýetiň pudagara iş toparyna prezidentiň ýanyndaky ynsan hukuklary boýunça geňeşiň başlygy Mihail Fedotow ýolbaşçylyk edýär.

Iş toparynyň 16-njy ýanwarda Moskwada geçiren birinji malshatynda “Repressiýalaryň pidalary baradaky hakydany ebedileşdirmek we milli barlyşyk” boýunça ýörite işlenip düzülen programmany ýerine ýetirmek barada käbir takyk kararlar kabul edildi. Bu barada Mihail Fedotow şeýle diýdi: “Indi repressiýalaryň pidalarynyň jaýlanan ýerlerini gözläp tapmak, hasaba almak, ýadygärlikleri dikmek, häzirki wagtda belli bolan guburlaryň ýagdaýyny öwrenmek ýaly işler geçirilip başlanar”.

Maglumata görä, syýasy repressiýalaryň pidasy bolan adamlary hasaba almak üçin bütewi sanawy düzmekligiň, hatyra kitabyny döretmekligiň we syýasy repressiýalaryň ähli pidalary barada maglumat beriji internet saýtyny döretmekligiň üstünde hem işlener.

Işlenip düzülen programma syýasy repressiýalardan ejir çekenlere sosial taýdan goldaw bermek, arhiwleriň üstüni açmak we SSSR-iň totalitar režiminiň jenaýatçylygyny ret edýän döwlet işgärleriniň döwlet wezipeleri eýelemegine gadagançylyk girizmek ýaly çäreleri hem göz öňünde tutýar.

Türkmenlerdenem sowa geçmedi

Staliniň ýolbaşçylygyndaky ýyllar sowet döwrüniň repressiýalarynyň iň ýöwüz ýyllary bolupdy. Repressiýalardan Sowet Soýuzynyň düzümine giren ähli halklaryň wekilleri, şol sanda Merkezi Aziýanyň ýaşaýjylary hem ejir çekipdiler.

Gaýgysyz Atabaýewiň hormatyna sowet ýyllarynda Aşgabatda gurlan we garaşsyzlyk ýyllarynda ýykylan ýadygärlik.
Gaýgysyz Atabaýewiň hormatyna sowet ýyllarynda Aşgabatda gurlan we garaşsyzlyk ýyllarynda ýykylan ýadygärlik.
Şol ýyllarda repressiýalara sezewar edilen müňlerçe türkmenistanlalaryň haratynda Türkmenistan SSR-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Nedirbaý Aýtakow we Halk komissarlar geňeşiniň başlygy Gaýgysyz Atabaýew ýaly tanymal şahsyýetler-de bolupdy. Aýtakow 1937-nji ýylda, Atabaýew bolsa 1938-nji ýylda tussag edilip, birneme soňra atylyp öldürilipdiler.

Ýöne repressiýa ýyllarynda anyk näçe türkmenistanlynyň syýasy repressiýalardan ejir çekenligi barada şu günki güne çenli takyk maglumat ýok.

Nedirbaý Aýtakowyň ogly, medisina ylymlarynyň kandidaty Eduard Aýtakow öz kakasynyň Moskwa çagyrylyp, dereksiz ýitmeginden soň, öz ejesiniň ençeme ýyllap lagerlerde bolanlygyny gürrüň berdi. Kakasyndan 6 ýaşyndaka mahrum bolan Eduard Aýtakow ýurduň demirgazygyndaky türmelerde türkmenleriň hem bolanlygyna özüniň şaýatdygyny aýtdy.

Eduard Aýtakowyň sözlerine görä, tussaglykda açlykdyr keselçiliklerden we agyr zähmetden ejir çeken türkmenleriň köpüsi harby ýesirlerden, ýagny Ikinji Jahan urşunyň ilkinji ýyllarynda gabawa düşen esgerlerden yabarat bolupdyr.

Pidalaryň anyk sany belli däl

Sowet dowründe syýasy repressiýalardan näçe adamyň ejir çekenligi barada şu günki güne çenli anyk maglumat ýok.

Adam hukuklayryny goraýjy “Memorial” guramasy repressiýalaryň pidalarynyň şu günki güne çenli anyklanan sanynyň 2 million 600 müň adamdan gowrakdygyny habar berýär. Şol bir wagtda-da, bu gurama bu sanyň hakyky diýlip çak edilýän sanyň diňe 20%-i töweregi bolmagynyň mümkindigini belleýär.

“Memorial” guramasy repressiýalaryň pidalary diýen kategoriýada şol ýyllarda atylyp öldürilenleri, lagerlerde, sürgünlikde we “zähmet goşuny” diýlip at berlen toparlarda ölen-ýitenleri göz öňünde tutýar. Guramanyň maglumatyna görä, 1941- -1956-njy ýyllar aralygynda azyndan 36.2 million adam sud edilipdir, olaryň 11 milliony mejbury zähmetden gaçmakda aýyplanan adamlar.

Sowet döwrüniň syýasy repressiýalar temasy Türkmenistanda döwlet derejesinde henizem gozgalman gelinýär.
XS
SM
MD
LG