Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür futbolundaky zorluklarda ençeme adam öldürildi


Müsüriň Port Said şäherinde geçirilen futbol oýnundan soň dörän çaknyşykda 74 adamyň ölendigini we müňe golaýynyň ýaralanandygyny ýerli telewideniýe habar berýär. Ölenleriň arasynda howpsuzlyk işgärleriniň hem bardygy aýdylýar.

Keselhana işgärleriniň maglumatyna görä, ölenleriň käbirleri pyçaklanypdyr.

Çaknyşyk çarşenbe güni “al-Masri” futbol toparynyň “al-Ahli” komandasyny 3:1 hasabynda ýeňmeginiň yzy bilen döredi.

Telewideniýe arkaly görekilen kadrlarda adamlaryň “al-Ahli” komandasynyň oýunçylaryny we janköýerlerini ýenjip durandygyny synlamak bolýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG