Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG-niň adam hukuklary boýunça ekspertleri Aşgabatda


ÝHHG Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlarynyň gidişine synçy hökmünde gatnaşmaýar.
ÝHHG Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlarynyň gidişine synçy hökmünde gatnaşmaýar.
Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlarynyň öňüsyrasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik instituitlar we adam hukuklary boýunça edarasynyň ekspertleri Aşgabada bardylar.

Ekspertler Saýlawlar we referendumlar boýunça Merkezi komissiýada we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyklar geçirdiler. Olar ýurtda saýlaw kampaniýasynyň geçirilişi bilen tanyşdylar.

TDH gullugynyň bu baradaky maglumatynda iki taraplaýyn gepleşiklerde hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary boýunça gatnaşyklary giňeltmek meselesine hem garalandygy aýdylýar.

Saparyň dowamynda ÝHHG-niň edarasynyň delegasiýasy Türkmenistanyň Mejlisinde, Demokratiýa we adam hukuklary institutynda, Teleradio we kinomotografiýa döwlet komitetinde, Türkmen Döwlet habarlar gullugynda we jemgyýetçilik edaralarynda duşuşyk geçirer.

ÝHHG Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlarynyň gidişine synçy hökmünde gatnaşmaýar. Bu saýlawlara ýeke-täk halkara synçy hökmünde GDA-nyň synçylar topary gatnaşýar.

Sekiz dalaşgär, şol sanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçiriljek saýlawlar 12-nji fewralda bolar.

Halkara synçylar bu saýlawlarda häzirki prezident Berdimuhamedowyň aňsatlyk bilen ýeňiş gazanjagyny çak edýärler.
XS
SM
MD
LG