Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝDÖB türkmen firmasyna $1,2 million karz berdi


ÝDÖB Türkmenistanda işläp başlaly bäri 30-dan gowrak proýekti maliýeleşdirmek üçin $700 million sarp etdi.
ÝDÖB Türkmenistanda işläp başlaly bäri 30-dan gowrak proýekti maliýeleşdirmek üçin $700 million sarp etdi.
Ýewropada dikeldiş we ösüş banky (ÝDÖB) Türkmenistanda hususy sektory goldamagy dowam etdirýär. Duşenbe güni ÝDÖB-nyň ýaýradan maglumatyna görä, ol "DGT Logistics Turkmenistan" kärhanasyna $1.2 million karz pul goýberipdir.

Bu kärhana ýük daşamak we logistika-aragatnaşyk hyzmatyny hödürleýän öňdebaryjy hususy kompaniýalaryň biri hasaplanýar.

“DGT Logistics” hususanda Türkmenistanyň nebit we gaz sektorynda iş alyp barýar. Bu sektora esasy maýa goýumlarynyň ýatyrylmagy kärhananyň hyzmatyna islegi has hem artdyrýar diýlip, maglumatda aýdylýar.

“DGT Logistics” kärhanasy bankyň bu karz puluny transport serişdelerini we ýük ýükleýän enjamlary satyn almak üçin ulanar.

ÝDÖB Türkmenistanda işläp başlaly bäri 30-dan gowrak proýekti maliýeleşdirmek üçin $700 million sarp etdi. Mundan öň karz alan firmalaryň arasynda “Ak Enar”, “Altyn Aýlag” bilen bir hatarda buzgaýmak öndürýän “Salkyn” we “Paýhas” ýaly kiçi kärhanalar hem bar.

Bank şeýle çäräni orta derejeli biznes boýunça ýola goýlan we “Göni maýa goýmak programmasy” esasynda amala aşyrýar.

ÝDÖB-nyň Türkmenistan boýunça strategiýasy ýurtda kiçi we orta göwrümli kärhanalary, şol sanda hususy sektory goldamaklyga gönükdirilendir.
XS
SM
MD
LG