Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurbanguly Berdimuhamedow prezidentlige gaýtadan saýlandy


Gurbanguly Berdimuhamedow
Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji fewralda geçirilen saýlawlarda resmi taýdan ýeňiş gazanyp, ikinji möhlete prezidentlige saýlandy.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy 12-nji fewralda berlen sesleriň tas ählisiniň diýen ýaly sanalandygyny we sesleriň 97,14 prosentini Berdimuhamedowyň gazanandygyny aýdýar.

Energetika we senagat ministri Ýarmuhammet Orazgulyýew sesleriň diňe 1,2 prosentini gazanyp, ikinji ýeri eýeledi diýlip, habar berilýär.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň tassyklamagyna görä, şu wagtky maglumatlar deslapky görkezijiler bolup, häzir daşary ýurtlarda gurnalan saýlaw uçastoklarynda geçirilen ses berişlikleriň doly netijelerine garaşylýar.

Berdimuhamedow ikinji möhlete prezidentlige saýlandy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:06 0:00
Wideo: Berdimuhamedow öz kakasy, ogly we agtygy bilen saýlawlarda ses berýär.

Merkezi Aziýanyň awtoritar režimli döwletinde geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň netijesi köpler üçin garaşylmadyk ýagdaý bolmady. Prezidentlige Berdimuhamedow bilen birlikde başga-da ýedi kandidat dalaş etdi, emma olar ýurtda giňden tanalýan şahsyýetler däl. Saýlaw prosesi bolsa diňe formallyk hökmünde häsiýetlendirildi.

Käbir synçylar ses berişlikde Berdimuhamedowyň şeýle ýokary netijeleri almagyna ünsi çekip, muňa Saparmyrat Nyýazow döwründe ornaşdyrylan sistemanyň dowamy hökmünde baha berýärler.

Orsýetiň Syýasy barlaglar institutynyň ýanyndaky “Milli strategiýanyň esasy meseleleri” neşiriniň baş redaktory Aždar Gurdow häzir Türkmenistanda 90-njy ýyllarda düýbi tutulan sistemanyň yzynyň üzülmän gelýändigni aýdýar:

Bir kandidata şeýle uly derejede sesleriň berilmegi ýurtda alternatiwanyň ýoklugyndan nyşandyr. Ýurtda resmi taýdan diňe bir syýasy partiýanyň hereket edýänligi ýöne ýerden däl.
Aždar Gurdow

—Nyýazow elmydama-da saýlawlarda dürli kandidatlaryň bäsleşigi ýa-da häkimiýet ugrundaky göreş ýaly çäreleriň öňüni alyp geldi. Onuň asyl niýeti özüne, şeýle-de eýýäm saýlanyp alnan syýasy ugra tutuş halkyň, milletiň söýgüsiniň bardygyny äşgär etmekdi. Bir kandidata şeýle uly derejede sesleriň berilmegi ýurtda alternatiwanyň ýoklugyndan nyşandyr. Ýurtda resmi taýdan diňe bir syýasy partiýanyň hereket edýänligi ýöne ýerden däl.

Resmi maglumata görä, 12-nji fewraldaky prezidentlik saýlawlaryna ses bermäge hukugy bolan ilatyň 96,28% gelipdir.

Aždar Gurdow saýlawalara şeýle ýokary gatnaşygyň bolmagynyň dünýäniň demokratik döwletlerinde mümkin bolmajak zatdygyny aýdýar:

—Adamyň saýlawa gatnaşyp-gatnaşmazlygynyň hem onuň öz erk-islegine bagly bolmaly. Türkmenistan babatynda aýdylanda, onda saýlawlara 100%-e golaý ilatyň gelmegi diňe demokratik bolmadyk, totalitar, awtoritar režimlerde duş gelýär. Ýagny, polisiýa režimli döwletlerde adamlar saýlawlara gatnaşmaga iteklenýär, ýa hut mejbur edilýär.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habaçylary saýlawlaryň mundan ozal geçirilen ses berişlikler bilen deňeşdirilende has guramaçylykly bolandygyny aýdýarlar. Ýöne olaryň ýaşaýjylar bilen söhbetdeş bolup alan maglumatlaryna görä, resmi berilýän sanlaryň takyklygy belli bir şübheleri döredýär.

"Netijesi öňünden belli"

Bu meselä käbir günbatar ekspertleri hem ünsi çekýärler. “Uruş we parahatçylyk maglumatlary institutynyň” Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Jon MakLoud saýlawyň netijeleriniň ses berişlikden bir hepde öň yglan edilse-de boljakdygyny ýaňsylap aýdýar:

Dogryny aýtmaly bolsa, resmiler saýlawlaryň netijelerini ses berişlikden bir hepde öň hem yglan edip bilerdiler.
Jon MakLoud

—Dogryny aýtmaly bolsa, resmiler saýlawlaryň netijelerini ses berişlikden bir hepde öň hem yglan edip bilerdiler. Sebäp diýseňiz, bärde demokratik saýlawlara meňzeş hiç zat bolmady. Biz berilýän sanlaryň hem näderejede takykdygyny hem anyklap bilemzok.

Öňki saglygy saklaýyş ministri Berdimuhamedow Türkmenistany 2006-njy ýylyň aýagyndan bäri dolandyryp gelýär. Ol döwletiň baş kürsüsine öňki awtoritar prezident Saparmyrat Nyýazowyň ölüminden soň geçdi.

Ýekşenbe güni geçirilen saýlawlar Türkmenistanda soňky 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda geçirilen üçülenji prezidentlik saýlawlarydyr. Indi Gurbanguly Berdimuhamedow ýurda ýene-de bäş ýylyň dowamynda ýolbaşçylyk eder.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň saýlawlara gözegçilik eden missiýasy özüniň gutarnykly hasabatyny gysga wagtyň içinde yglan eder diýlip garaşylýar. Emma missiýanyň başlygy saýlawlarda bidüzgünçilikleriň bolandygy barada özlerine hiç hili şikaýatyň gowuşmandygyny öňünden aýtdy.

Türkmen saýlawlaryna Günbatardan hiç hili gözegçi çagyrylmady.
XS
SM
MD
LG