Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý ýewrozona kömek teklip edýär


Teklip Pekinde geçirilen Hytaý-Ýewropa Bileleşigi sammitiniň dowamynda edildi.
Teklip Pekinde geçirilen Hytaý-Ýewropa Bileleşigi sammitiniň dowamynda edildi.
Hytaý ýewrozonanyň bergi krizisini çözmäge hemaýat etmegi teklip etdi. Bu teklip Pekinde geçirilen Hytaý-Ýewropa Bileleşigi sammitiniň dowamynda edildi.

Hytaýyň premýer-ministri Wen Jiabo şeýle çykyş etdi:

—Hytaý bilen Ýewropa köp ugur boýunça strategiki hyzmatdaşlardyr. Kyn günleriň dowamynda biz özara ylalaşmaly we umumy bähbitler ugrunda hyzmatdaşlyk etmeli. Munuň netijesinde iki tarapyň esasy bähbitleri hem kada girer.

Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Žoze Manuel Barrozo bolsa, Hytaýyň we Ýewropa Bileleşiginiň ykdysady geljeginiň “özara baglanyşyklydygyny” aýtdy.

Hytaýda dünýäniň iň uly daşary ýurt alyş-çalyş ätiýaçlandyryş serişdeleri bar. Ýewropa Bileleşiginiň liderleri hem özleriniň ätiýaçlandyryş fondy üçin zerur bolan 500 milliard ýewrolyk serişdeleriň bir bölegini Hytaýdan aljak bolýarlar.
XS
SM
MD
LG