Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama bilen Karzaý owgan ýaraşygyny maslahat etdi


Obama owgan prezidentiniň geçen hepde Yslamabatda Pakistanyň we Eýranyň liderleri bilen geçiren gepleşikleri barada hem gürrüň edipdir.
Obama owgan prezidentiniň geçen hepde Yslamabatda Pakistanyň we Eýranyň liderleri bilen geçiren gepleşikleri barada hem gürrüň edipdir.
Ak Tamyň berýän maglumatyna görä, duşenbe güni ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý bilen Owganystanda parahatçylygy ýola goýmak meselesiniň çäginde regional kömek barada telefon arkaly maslahat edipdir.

Obama owgan prezidentiniň geçen hepde Yslamabatda Pakistanyň we Eýranyň liderleri bilen geçiren gepleşikleri barada hem gürrüň edipdir.

Döwlet departamentiniň beýanatynda iki prezidentiň gepleşikleri ýakyn geljekde dowam etmäge ylalaşandyklary we iki ýaran ýurt bolup, umumy maksatlara ýetmek we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy berkitmek üçin tagallalary dowam etdirjekdikleri aýdylýar.

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý geçen hepde “Wall Street Journal” gazetine beren interwýusynda owgan hökümetiniň talybanlar bilen ABŞ-nyň gatnaşmagynda we aýratyn ýagdaýda gepleşikler geçirendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG