Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň ilçihanasy aýal-gyzlar üçin Internet hepdeligini geçirýär


“Zenanlar üçin ilkinji gezek internetde işläp görmek” atly çäre Türkmenistanda interneti we kompýuteri öň ulanmadyk aýal-gyzlar üçin geçirilýär.
1-nji martda Aşgabatda zenanlara interneti öwretmek boýunça ýörite hepdelik başlandy. ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan amala aşyrylýan bu proýektiň çäginde 1-9-njy mart aralygynda aýal-gyzlaryň internet bilen tanyşdyrylýanlygy habar berilýär.

Azatlyk Radiosyndan Gözel Hudaýberdiýewa bu proýekt bilen gyzyklanyp, ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň jemyýetçilik meseleleri boýunça wekili Bredly MakGwaýer bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap MakGwaýer, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy häzirki çäresini kim üçin we näme maksat bilen geçirýär?

Bredly MakGwaýer: “Zenanlar üçin ilkinji gezek internetde işläp görmek” atly çärämiz Türkmenistanda interneti we kompýuteri öň ulanmadyk aýal-gyzlar üçin geçirilýär. Aýal-gyzlar kompýuteri işletmek, internete girmek üçin, brauzeri işletmek, maglumat gözlemek we elektron poçtany açmak ýaly zatlary öwrenýärler. Esasy maksat dürli ýaşlardaky aýal-gyzlaryň interneti öwrenmegi üçin mümkinçilik döretmekden ybarat. Sapaklarymyza 10 ýaşly gyz hem, 70 ýaşly aýal hem gatnaşyp bilýär.

Azatlyk Radiosy: Hepdeligiň çärelerine aýal-gyzlar nädip gatnaşyp bilýärler, siz olara bu sapaklar barada maglumatlary nädip ýetirýärsiňiz?

Bredly MakGwaýer: Biz çäräniň geçirilişi barada habar bermek üçin e-mail arkaly maglumat iberyaris, çap edilen bildirişleri paýlaýarys we köpçülkleýin habar serişdeleri üçin maglumat ýaýradýarys. Ýörgünli usullaryň ýene biri adamlaryň birek-birege habar bermegidir. Geçen sapar gowy tejribe alan adamlar öz maşgala agzalaryna we tanyş-bilişlerine maslahat berýärler.

Azatlyk Radiosy: Ilçihana aýallar üçin internet sapaklaryny öňem geçiripmidi?

Bredly MakGwaýer: Biz bu işe geçen ýyl başladyk. Ilkinji sapar şeýle hepdelik 2011-nji ýylyň mart aýynda geçirilipdi. Oňa gatnaşan adamlar şeýle çäreleriň dowam etdirilmegini soradylar.

Azatlyk Radiosy: Sapaklaryňyza näçe adam gatnaşýar?

Bredli MakGwaýer: Geçen ýylda biziň hepdeligimize çak bilen 240-250 çemesi aýal-gyz gatnaşdy. Şu ýylky sanlar barada aýtmaga entek ir, biz iş günleri 6 gezek we şenbe güni 2 gezek sapak geçirýäris. Şu ýyl bu sapaklarymyza näçe adamyň gatnaşjagyny öňünden aýtmak kyn, emma 200-300 adamyň gatnaşmagy ähtimal.

Azatlyk Radiosy: Zenanlara interneti öwretmek boýunça proýektden siz nähili netijelere garaşýarsyňyz?

Bredly MakGwaýer: Şeýle mümkinçilikleri hödürlemek bilen göz öňünde tutýan ýeke-täk maksadymyz adamlaryň internetden erkin peýdalanmagyny gazanmak. Biz adamlaryň islendik informasiýadan öz islegine görä peýdalanmak üçin mümkinçilgiň bardygyny bilmegini isleýäris.

Azatlyk Radiosy: Siziň häzirki proýektiňizde öwredilýän zatlar aýal-gyzlaryň gündeki durmuşynda näderejede peýdaly bolup biler?

Bredly MaGgwaýer: Aýallaryň internetden nädip peýdalnýanlygy biziň üçin möhüm däl. Biziň üçin möhümi - olaryň internetiň berýän mümkinçiliklerine we internetiň hemmeler üçin deň derejede elýeterlidigine göz ýetirmegi.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda internetiň elýeterliliginiň häzirki derejesinde ilçihananyň berýän bilimini iş ýüzünde ulanmak näderejede mümkin?

Bredly MakGwaýer: Bu gowy sowal. Emma biziň 20-25 minutlyk sapaklarymyzda başlangyç zatlaryň öwredilýänligini ýatladýaryn. Şonda-da biz bu sapaklaryň aýal-gyzlaryň internete syýahat etmegi üçin itergi boljagyna we olaryň internetden has giň peýdalanmagy üçin bilesigeljiligini güýçlendirjegine umyt baglaýarys.

Teswirleri gör (24)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG