Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mugt benzini ulanmakda kanuny bozmalaryň üsti açyldy


Türkmenistanda awtoulagy bolan raýatlara her aýda 120 litr benzini mugtuna bermek düzgüni 2008-nji ýyldan girizildi.
Türkmenistanda awtoulagy bolan raýatlara her aýda 120 litr benzini mugtuna bermek düzgüni 2008-nji ýyldan girizildi.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň geçiren baglaglarynda ýük awtoulaglaryň eýeleriniň mugt benzini ulanmakda kanuny bozandyklarynyň üsti açyldy. Resmi media bu barada içeri işler ministri Isgender Müllikowyň aýdandygyny habar berýär. Emma şeýle problemanyň hususy ýeňil awtoulaglary ulanýanlaryň arasynda hem bardygy aýdylýar.

Türkmenistanyň içeri işler ministri Isgender Müllikowyň 5-nji martda geçen hökümet maslahatynda aýtmagyna görä, käbir ýük awtoulaglarynyň eýeleri, resmi rugsady bolmazdan, raýatlaryň hususy maksatlary üçin döwletiň her ýylda berýän 1,200 litrlik benzinini bikanun ulanýarlar. Ministr Müllikow ýük awtoulaglaryň eýeleriniň kanun boýunça döwlete salgyt tölemeýändiklerini hem habar berýär.

Nägilelik bildirildi

​Resmi metbugatyň ýazmagyna görä, ministriň hasabatyny diňlän prezident Gurbanguly Berdimuhamedow döwletiň mugtuna berýän benzininiň ulanylyşy bilen bagly kemçiliklerden nägiledigini aýtdy.

Türkmenistanda awtoulagy bolan raýatlara her aýda 120 litr benzini mugtuna bermek düzgüni 2008-nji ýyldan girizildi. Emma şonda benziniň bahasy ýokarlanyp, onuň her litriniň täze puldan 8 teňňeden 62 teňňä ýetdi.

Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň aýtmagyna görä, käbir ýük awtoulaglaryň eýeleri döwlet we hususy eýeçilikdäki kärhanalaryň berýän benzinini ulanýarlar.

—Olaryň köpüsi haýsy-da bolsa bir döwlet ýa-da hususy eýeçilikdäki kärhanalar bilen şertnama baglaşýarlar. Käbir şertnamada awtolugy ýangyç bilen üpjün etmegi iş beriji ýa-da onuň eýesi öz boýnuna alýar. Olar hem iş berijiden hem hökümet tarapyndan mugtuna berilýän benzini alýarlar.

Ýeňil awtoulaglar

Türkmenistanyň içeri işler ministri Isgender Müllikow ýük awtoulaglaryň eýeleriniň mugt benzini bikanun ulanýandyklaryny aýdyp, hususy ýeňil awtoulaglary bolan raýatlar barada gürrüň etmedi. Emma, adynyň tutulmagyny islemedik lebaply ýaşaýjynyň sözlerine görä, döwletiň mugtuna berýän benzinini ýeňil awtoulaglary bolan raýatlar hem bikanun ulanýarlar. Onuň pikiri bilen Amanmyrat Bugaýew hem ylalaşýar:

Käbir ýük awtoulaglarynyň eýeleri, resmi rugsady bolmazdan, raýatlaryň hususy maksatlary üçin döwletiň her ýylda berýän 1,200 litrlik benzinini bikanun ulanýarlar diýip, ministr aýtdy.
Käbir ýük awtoulaglarynyň eýeleri, resmi rugsady bolmazdan, raýatlaryň hususy maksatlary üçin döwletiň her ýylda berýän 1,200 litrlik benzinini bikanun ulanýarlar diýip, ministr aýtdy.
—Şeýle ýagdaýlar bir maşgalada 4 awtoulag bar bolsa, ýüze çykýar. Meselem, maşgalabaşynyň, onuň aýalynyň, çagalarynyň hersiniň adyna awtoulagy bar. Olaryň hersi bir ýylda 1,440 litr benzini mugtuna alýarlar. Olar mugtuna alan benzinini ýangyç guýulýan merkezlere ýa-da hususy awtoulagynda kireý edýänlere döwlet nyrhyndan arzan bahadan satýarlar.

Bugaýew bu meseläniň häzir ýüze çykmagynyň Berdimuhamedowyň täze möhlete prezident saýlanmagy bilen bagly bolmagynyň mümkindigini belleýär:

—Indi Berdimuhamedowyň ýurtda işleri düýpden üýtgedip gurmagy mümkin. Sebäbi birinji gezek onuň kadrlary tanamazlygy ýa-da käbir kararlaryň howlukmaç kabul edilen bolmagy mümkin. Bir topar kararlaryň ýatyrylmagy, olaryň we kanunlaryň kämilleşdirilmegi mümkin. Men şeýle zatlaryň bolmagyny gowulyga ýorýaryn.

Benzin gaçakçylygy

Adam hukuklaryny goraýan käbir guramalar goňşy Özbegistanyň raýatlarynyň arzan türkmen benzinini gaçakçylyk ýoly bilen serhetden geçirýändiklerini habar berýärler.

Haýytbaý Ýakubow Özbegistanyň adam hukuklary boýunça “Nažot”atly hökümete degişli bolmadyk guramasynyň başlygy. Ol şeýle ýagdaýlaryň garaşsyzlyk ýyllarynyň başlarynda köp ýüze çykandygyny Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy:

—Garaşsyzlykdan soňra Özbegistanyň raýatlary Türkmenistan bilen serhet arkaly arzan türkmen benzinini gaçakçylyk ýoly bilen daşap başladylar. Emma bu diňe Daşoguz bilen serhetde däl-de, Türkmenistanyň Özbegistanyň Kaşkaderýa, Buhara, Horezm welaýatlary bilen serhetlerde hem ýüze çykdy. Hatda şol gaçakçylaryň käbiri heläk boldy. Emma soňky ýyllarda şeýle ýagdaýlar örän az ýüze çykýar. Hatda Horezmde “Türkmen zaprawkalary” atly benzin guýulýan merkezler hem bar. Olar iki hökümetiň özara ylalaşyklary esasynda açyldy. Bu zatlar iki ýurduň gatnaşyklarynyň gowulaşandygyny aňladýar.

Türkmenistanyň postsowet giňişliginde öz raýatlaryna çäkli mukdarda mugtuna benzin berýän ýeke-täk ýurtdugy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG