Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hasabat: Owgan neşesi Türkmenistanyň hem üstünden geçirilýär


Owganystanyň Helmand welaýatynda göknar ekilen meýdan, 2011-nji ýylyň maý aýy.
Owganystanyň Helmand welaýatynda göknar ekilen meýdan, 2011-nji ýylyň maý aýy.
Türkmenistan Owganystanyň neşe serişdelerini Türkiýä, Orsýete we Ýewropa bazarlaryna aşyrmak üçin, tranzit geçelgesi hökmünde ulanylýan ýurtlaryň biri. Bu barada ýakynda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň Halkara neşe gaçakçylygy we Hukuk goraýyş işleri boýunça edarasynyň ýaýradan hasabatynda aýdylýar.

Hasabat 2011-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 31-nji dekabr aralygyny öz içine alyp, ol iki tomdan ybaratdyr. Hasabatyň birinji tomunda dünýäniň ýurtlarynda neşe serişdeleriniň ýagaýyna syn berilýär, ikinji tomunda bolsa hapa pullaryň ýuwulmagyna we maliýe jenaýatlaryna analiz berilýär.

“Halkara neşe gaçakçylygyna gözegçiligik strategiýasy” atly hasabatda neşe serişdeleriniň esasan awtoulaglarda gizlenip getirilýändigi aýdylýar. Şeýle hem pyýada adamlar ony serhetden geçýärler ýa-da kä halatlarda adamlar neşäni ýuwudyp, Türkmenistana getirýärler.

Hasabatdaky maglumatlara görä, neşäniň köpüsi, ýagny 46%-i türkmen-eýran serhedindäki M-37 geçelgesinde ele salnypdyr. Neşe maddalarynyň 29%-i ýurduň içinde, 20%-i türkmen-owgan serhedinde, 5%-i hem türkmen-özbek serhedinde saklanypdyr.

Hasabatda neşe maddalarynyň ýurda neneňsi getirilýändigi we oňa garşy görülýän çäreler barada hem gürrüň edilýär.

Maglumata görä, 2010-njy ýylda neşe serişdeleriniň ele salynmagy boýunça hasaba alnan 278 ýagdaýyň 104-de adamlar narkotikleri ýanlary bilen geçirjek bolupdyrlar. Olaryň 48-si neşäni sumkalarynda gizläpdir, 34-si neşäni egin-eşiginde gizlemäge synanyşypdyr, 14 ýagdaýda hem adamlar neşäni ýuwudyp, serhetden geçirmäge synanyşypdyrlar. 43 ýagdaýda neşe serişdeleri ulaglarda gizlenip, Türkmenistana getiriljek bolnupdyr.

2010-njy ýylda welaýatlar boýunça ele salnan neşe maddalarynyň hasabaty
(Kilogram hasabynda)
Welaýatlar Haşaş Geroin Beň Tirýek Göknar Jemi
Ahal 84.8797 45.2145 14.00975 453.028 6.967 604.09895
Balkan 1.9103 10.0563 122.524 134.49
Daşoguz 1.5 8.7093 7.458 38.8216 1.269 57.7579
Lebap 16.205 9.0825 61.3305 86.618
Mary 15.859 31.9599 5.57 80.1731 133.562
Jemi 102.2387 103.999 46.17655 755.876 8.236 1016.53

Hasabatdan çen tutulsa, narkotikler ýurduň içine hem öz täsirini ýetirýär. Sanlar 1999-2006-njy ýyllar aralygynda Türkmenistanda neşekeş erkekleriň sanynyň üç esse çemesi ýokarlanandygyny görkezýär. Has takygy, 1999-njy ýylda 12,890 erkek, 714 aýal neşekeş hasaba alnan bolsa, 2006-njy ýylda neşekeş erkekleriň sany 3,206, aýallaryň sany 1,491 boldy diýlip, maglumatda aýdylýar.

2008-nji ýylda hasaba alnan 31,683 neşekeşiň 94%-i geroine oturyp, olaryň sany 29,580-e golaýlapdyr. Maglumata görä, 1,233 adam tirýek, 856 adam hem beň ulanýar.

Hasabatda getirilen maglumatlardan çen tutulsa, onda 2010-njy ýylda hasaba alnan jenaýatlaryň 43%-i, ýagny 3,618 işiň 1,354-si neşe bilen baglanyşykly bolupdyr.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan hökümetiniň ýurtda neşe maddalarynyň ýaýramagyna garşy işleri alyp barýandygy aýdylýar.

“Halkara neşe gaçakçylygyna gözegçiligik strategiýasy” hasabatynda Türkmenistanyň Owganystandan ýurda gelýän neşe serişdeleriniň öňüni almak boýunça tagallalaryny güýçlendirýändigi bellenýär. Ýurtda neşä garşy alnyp barylýan kampaniýalaryň, şol sanda neşe bilen bagly jenaýatçylaryň amnistiýa düşürilmezligi ýaly çäreleriň netijesinde, ýurtda neşäniň söwdasy peselipdir.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşlarynyň birinde neşe gaçakçylygyna garşy göreşiň döwletiň syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtap geçipdi.

Hasabatdaky getirilen maglumatlara laýyklykda, geçen ýylyň dowamynda ýurtda geroiniň, tirýegiň we beňiň bahasy iki essä golaý ýokarlanypdyr.

Neşe serişdeleriniň lomaý satuwynda bir kilogramy üçin tölenýän töleg
(ABŞ dollarynda)
2010 2011
Minimum Maksimum Minimum Maksimum
Tirýek $9,250.00 $14,700.00 $14,035.00 $31,579.00
Geroin $43,000.00 $84,500.00 $73,684.00 $159,649.00
Beň $1,890.00 $5,600.00 $5,614.00 $9,649.00


Neşe serişdeleriniň bölekleýin satuwynda bir kilogramy üçin tölenýän töleg
(ABŞ dollarynda)
2010 2011
Minimum Maksimum Minimum Maksimum
Tirýek $16,100.00 $20,035.00 $17,543.00 $42,105.00
Geroin $71,850.00 $101,750.00 $133,333.00 $249,122.00
Beň $5,330.00 $10,175.00 $8,070.00 $12,982.00

Şeýle-de maglumatda häzir Türkmenistanda neşeden saplanyş ýedi sany merkeziň iş alyp barýandygy aýdylýar. Olaryň biri Aşgabatda, ýene biri Serdar şäherinde, şeýle-de her welaýatda bir merkez bar.

“Halkara neşe gaçakçylygyna gözegçiligik strategiýasy” atly hasabatda bellenmegine görä, Türkmenistan ilkinji gezek ýurtdaky neşe serişdeleri baradaky resmi maglumatlary elýeterli edip başlapdyr.

Makaladaky görkezijiler hasabatda berlen maglumatlara esaslanýar.
XS
SM
MD
LG