Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan goşuny ýurduny goramaga ukyplymy?


Owgan goşunynyň ýüzbe-ýüz bolýan ýene bir problemasy onuň düzümine talyplaryň aralaşmagy bilen baglydyr.
Owgan goşunynyň ýüzbe-ýüz bolýan ýene bir problemasy onuň düzümine talyplaryň aralaşmagy bilen baglydyr.
Birleşen Ştatlarda ýurduň öz goşunlaryny Owganystandan tizräk çykarmagyny talap edýän syýasy basyşlar güýçlenýärkä, Owganystanyň milli goşuny öz ýurduny özbaşdak goramaga haçan ukyply bolar diýen sowal jogapsyz galýar.

Göräýmäge, Owganystanyň Milli goşuny ýurdy edil häzir hem goramaga taýýar. Bu goşunyň düzüminde 173 müň adamyň bardygy oktýabr aýynda yglan edilipdi, 2013-nji ýylyň aýagyna çenli esgerleriň sanynyň 195 müň adama ýetiriljekdigi hem habar berlipdi.

Bu sanlara görä, indiki ýylyň aýagynda owgan goşunynyň düzümi Owganystanda ýerleşýän 130 müň adamlyk halkara güýçlerinden adam sany taýdan bir ýarym esse uly bolar. Emma owgan goşunynyň düzümi san taýdan artýan hem bolsa, onuň türgenleşik derejesi we netijeliligi henizem kemçilikli bolmagyna galýar.

2010-njy ýylyň iýun aýynda ABŞ-nyň Owganystany dikeltmek boýunça Ýörite Baş inspeksiýasynyň edarasy owgan goşuny we polisiýasy barada hasabat ýaýratdy. Hasabatda owgan goşunynda işe çykmazlyk, korrupsiya we neşekeşlik ýaly problemalaryň giňden ýaýranlygy habar berilýär.

Hasabatda owgan esgerleriniň diňe 23%-niň gulluga ukyplydygy, şeýle-de hasabatyň çap edilmeginiň bir aý öňüsyrasynda goşun harbylarynyň 12%-niň iş ýerini birugsat terk edýänligi aýdyldy.

Koalisiýa güýçleri owgan polisiýasyna tälim berýärler
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:12 0:00
Wideo: Koalisiýa güýçleri owgan polisiýasyna tälim berýärler.

NATO-nyň “Owganystandaky Türgenleşik Missiýasynyň” geçen ýylyň awgust aýynda aýtmagyna görä, Owganystanyň milli goşunynda adamlaryň zähmet haky galdyrylyp, hak tölemek sistemasy kämilleşdirilensoň owgan goşunynyň agzalarynyň taýýarlyk derejesi hem ýokarlandy, olaryň goşuny birugsat terk etmegi bilen bagly wakalar hem azaldy.

“Owganystandaky Türgenleşik Missiýasy”, harby gulluga täze gelenleriň 90-95%-niň başlangyç türgenleşik sapaklaryny geçensoň, ýaraglaryň kwalifikasiýasy boýunça synagdan geçmäge ukyplydygyny hem aýtdy. Bu görkeziji bir ýyl ozalky 25% diýip, kesgitlenen san bilen deňeşdirilýär.

Waşingtonda ýerleşýän “Amerikan Howpsuzlyk Proýekti” atly merkeziň regional bilermeni Joşua Foust Owganystanyň milli goşunyna baha berip, esgerleriň taýýarlyk derejesinde 2008-2009-njy ýyllar bilen deňeşdirilende öňegidişlik bolsa-da, owgan harbylarynyň özbaşdak hereket etmek ukybynyň derejesiniň henizem pesdigini belleýär.

Kemçilikler

Foustyň sözlerine görä, owgan goşuny öz gozegçiligindäki regionlarda arassalaýyş çärelerini öňküsine garanda has köp geçirýär. Emma harbylar şol çäreleri planlaşdyrmak, razwedka geçirmek, howadan goldaw bermek we howply ýagdaýda tiz gaýtargy bermek yaly meselelerde köplenç ABŞ we NATO bil baglaýarlar.

ABŞ-nyň Owganystandaky harby ýolbaşçylary owgan goşunynyň Günbatar standartlaryndan entek yzda galýanlygyny hem boýun alýarlar. Şol bir wagtyň özünde-de olar owgan goşunynyň ýörite taýýarlanan harby toparlarynyň taýýarlyk derejesiniň yzygiderli gowulanýanlygyny we hut şu toparlaryň partizanlara garşy netijeli söweşýänligini belleýärler.

ABŞ-nyň Owganystandaky güýçleriniň ýolbaşçysynyň orunbasary general- leýtenant Kurtis Skaparotti geçen aýda eden çykyşynda owgan goşunynyň ýörite güýçleriniň gowy netije görkezýänligini aýdyp, onuň geljekde ýurt üçin gowy ýardam boljakdygyny belledi.

Owgan goşunynyň ýüzbe-ýüz bolýan ýene bir problemasy onuň düzümine talyplaryň aralaşmagy bilen baglydyr.

2007-nji ýylyň maý aýyndan başlap, şu ýylyň ýanwar aýyna çenli wagt aralygynda goşunyň içinden amala aşyrylan 42 sany hüjümde NATO-nyň çak bilen 70-e golaý agzasy heläk bolupdy.

Bu wakalar owgan goşunynyň öz düzümine içaly agentleri goýbermezlik üçin has netijeli barlaglaryň geçirilmelidigini görkezýär.
XS
SM
MD
LG