Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poeziýanyň halkara gününe bagyşlap...


Şiraly Nurmyrat
Şiraly Nurmyrat
Redaksiýadan: 21-nji martda, Nowruz baýramynyň üstünde dünýä boýunça Poeziýanyň halkara güni başlandy. Ol käbir ýurtda birnäçe günläp, Orsýetde bolsa bir aýlap dowam edýär. Poeziýanyň halkara gününe bagyşlap, Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry, Halkara Kurt Tuholsky baýragynyň eýesi Şiraly Nurmyrat özüniň täze goşgularyny hödürleýär.



YKBALYMA

Baryny görkezdiň ölümden başga,
Görmedigim görde galaýdy gerek.
Bir çyglyp gör – ýadyňa bir düşýämi
Haçan agladanyň ilkinji gezek.

Messebimi ýuwdan ýerim boldumy?
Galplyk edenimi gördüňmi ýa-da?
Bu nä beýle sermagallak goýaýdyň,
Gülki atly boldy, menem pyýada.

Guýruk bulamadym zalym öňünde,
Ejize ganymlyk eden ýerim ýok.
Obamyň, ilimiň ýasyndan gaçyp,
Başga oba toýa giden ýerim ýok.

Han serpaýyn ýapynmadym egnime,
Namart ojagyna çoýmadym elim.
Bahyllyk etmedim döwletli kişä,
Hiç haçan kireýne kakmadym kilim.

Ýa saçagyň harladymmy duzuny?
Ýa dostuň duzuna gyzdyrdymmy göz?
Näme beýle ýöredäýdiň ýyldyza,
Bu oýunlaň matal bolsa, özüň çöz.

Men-ä dagdy boldum seniň hokgaňdan,
Otdan suwa, suwdan oda taşladyň.
Ýaňy bir arkama ýel çalýa welin,
Eli egri kartkeş ýaly kaşlaýaň.

Ýersiz ýere ant içirme türkmeni.
Il-günüň derdine ýarajak boldum.
Kerweniň yzyndan dakylmadym hiç,
Men ýolbelet bolup ýörejek boldum.

Başga birniň götermedim baýdagyn,
Bir näkesiň ylgap atyn tutmadym.
Onda näme ir agardy saçlarym,
Onda näme mert oýnadym – utuldym.

Hawa, geple, näm etmeli indi men?
Düňle çöle çykmalymy “hüw!” diýip?
Gurtdan ýeňlip, goşdan kowlan it ýaly
Ölmelimi – gök salgyma suw diýip?

Gel, ikimiz ýaraşaly, ykbalym.
Bir gezek bir enem ýaly gujaklaý.
Hany, indem güldürsene bir zaman.
Güldüräý-dä… Hiç bolmanda gyjyklaý.


KÖNE PIKIRLER TÄZE GOŞGUDA

Köpi gözläp azdan galyp ýörenden,
Ýeke-täk naçary söýen ýagşydyr.
Soňra “Geç günämi!” diýip durandan,
Birbada “Bagyşla!” diýen ýagşydyr.

Aç ölen ýeg minnetli aş iýenden,
“Aý, namysdan ölen barmy” diýenden,
Myhmanyn öňünde boş gap goýandan
Ýekeje toklyny soýan ýagşydyr.

Wada berlen “Altyn asyr” küýseler,
“Indi saňa näme gerek?” diýseler,
Soragçylar gara telpek geýseler,
Başyňa ak telpek geýen ýagşydyr.

Aýlawa gireniň, goý, öňki bolsun,
Baýraksyz galanyň, goý, soňky bolsun.
At kimiňki bolsa, goý, şoňky bolsun,
Herne öz eliňde uýan ýagşydyr.

Bar, sen otyrsyňam şanyň tagtynda,
Gör özüňi iliň-günüň bagtynda.
Ýagşy näme, ýaman näme – wagtynda
Perzent gursagyna guýan ýagşydyr.

Tagta çykyp, il göwnüni ýykandan,
Hydyrsyrap, soň hyrs bolup çykandan,
Bulut bolup gara ýere çökenden
Asmanda ak ganat ýaýan ýagşydyr.


GYZ WE NAMYS

Ýygnagamy-nämämi – paýtagta gelen
Üç başlyk dur myhmanhanaň öňünde.
Nahardan soň çilim. Mesawy gürrüň...
Ýuwaşja çekildi birniň ýeňinden.

Gaňryldy yzyna epeý ýaşuly,
Seretse – öňünde eýjejik gurjak.
Bäş surata ýetjek ýüzüniň reňki,
Dakynan jäjegem boýnun oňurjak.

“Daýy... näme.. size gyz gerek dälmi?..”
Üç äň birden aşak gaýtdy şalkyldap.
“Wah, jijim, seň ýalyjak alty gyzym bar,
Baraýsan, öňümden çykjaklar ylgap.”

“Wah, daýyny... Bir gijelik diýýän-ä...”
Çöwrül, Zemin! Ýykyl, Asman! Eý, Hudaý!
Gany doňan başlyk gürledi zordan:
“Sen, gyzym, iň gowsy öýňejik gidäý.”

Silkenjiräp gyz çekildi gapdala,
Bardy onda her gijäň öz hasaby.
...Indiki duşany şeý diýermikä?
Wah, deňmi-nä hemme kişiň ynsaby?!


GEDAÝ

Otyr gedaý ýedi ýoluň üstünde,
Bir aýak tutuş ýok, bir aýak ýarym.
Hudaýaty ýaly otyr yranyp,
Gapdalyna atyp dişlän hyýaryn.

Gazetiň üstünde ýarsy iýlen nan.
Bir bitin zat – öňündäki papagy.
Adam derýasynyň bir kenarynda
Otyr göýä urşuň ýowuz sapagy.

Kim bilýä, belki, ol urşanam däldir,
Mümkin, bela soň inendir başyndan.
Edil guduzlan it daňylgy ýaly
Millet geçýä böwür berip daşyndan.

Kämahal bir bende oklaýa şaýy,
Ýaş-ýeleňler geçip gidýä ýylgyryp.
Ol ötünç soraýa ötegçilerden,
Utanjyndan ýere girýä ýygrylyp.

Ykbalyň hiç kime arzuw edemok.
Eýsem onuň kalbyndaky nämekä?
Onuň bary-ýogy bir arzuwy bar –
Turup gitjek, goşulyşyp märekä.
XS
SM
MD
LG