Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garaguma syýahat: Çopan bilen çaý başynda


Berdi aganyň goşy Daşoguzdan 200 kilometrlikde, gumuň içinde ýerleşýär.
Berdi aganyň goşy Daşoguzdan 200 kilometrlikde, gumuň içinde ýerleşýär.
Elinde iki döwüm çörek, öňünde garaja tüňçede gaýnap duran çaý… Garagumda çopançylyk bilen meşgullanýan Berdi aga öýlän naharyny iýmek üçin “saçagynyň” başynda otyr.

Garagumuň güňläp ýatan çölünde Berdi agadan başga adam-gara göze ilenok, Berdi aganyň ýeke-täk ýoldaşy bolsa onuň töwereginde aýlanyp ýören mal-garalary.

Berdi aga ýurtda sanlary barha azalyp barýan çopanlardan biri. Ol: “Meniň 900-e golaý goýun-geçim, 23 sany düýäm bar. Ýaşlygymdan bäri çopançylykdan çörek iýýän” diýip, Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Berdi aganyň köýnegi ýamaly, köwşi ýyrtyk, kellesindäki tahýasam ep-esli könelipdir, emma muňa garamazdan, ol kesbi-kärinden razydygyny, durmuşyndan şikaýatynyň ýokdugyny aýdýar.

Berdi agany çölün garaňky gijesi, tomuslarda gündiziň 50 gradusa çykýan yssysy hem rahatsyz edenok. Emma baýry çopan şu ýylyň welin, agyr geçenligini aýdýar.

“Geçen gyşda aýazly günler köp boldy, birnäçe gezek güýçli gar ýagdy. Dyza deňeç gar köp günläp eremän saklandy. Meniň mallarymyň 200-e golaýy heläk boldy” diýip, Berdi aga gürrüň berdi.

Fotosýužet: Berdi aganyň goşy Daşoguzdan 200 kilometrlikde, gumuň içinde ýerleşýär.

Berdi aganyň aýtmagyna görä, gyşyň sowugy Garagumdaky çopanlaryň problemalaryndan diňe biri, ol şu ýyl mallaryndan bir bölegini möjeklere-de daradanlygyny aýdýar.

“Möjeklere garşy ýerli awçylar bilen gelnen ylalaşyk bar. Awçylar möjekleri awlaýarlar we şu töweregiň çopanlarynyň 4-5-si bolup, awçylaryň atan bir möjegi üçin iki goýun berýäs” diýip, Berdi aga aýdýar.

Berdi aga gürrüňiniň dowamynda soňky 2-3 ýyllykda çölde goýun ogurlaýan adamlaryň hem peýda bolandygyny we şol ogrularyň şu çaka çenli anyklanylmanlygyny aýdyp, bu ýagdaýyň çopanlaryň durmuşyny hasam kynlaşdyrýanlygyndan zeýrendi.

Bir goýnuň bahasy 300-340 manat aralygynda, Berdi aga-da bäş baş maşgalasyny çopançylykdan ekleýär. Ogly gullukda bolansoň, ýaşuly çopanyň kömekçileri – iki gyzy.

Berdi aganyň goşy Daşoguzdan 200 kilometrlikde, gumuň içinde. Çopanyň öýünde kadaly elektrik togy we telefon aragatnaşygy ýok. Şeýle şertlerde ýaşaýan Berdi aga iň esasy problemaňyz näme diýip berlen soraga: “Içere agyz suwumyz bolsa, kem boljak däl” diýip, jogap berdi.

“Arassa agyz suwy tonnasyna 20 manat töläp, başga ýerden getirdýäris, suw saklanýan ýörite gaplarymyz bar, şol gaplary doldurdyp, mallarymy-da şol suwdan suwlaýaryn” diýip, Berdi aga gürrüň berdi.

Berdi aganyň sözlerinden çen tutulsa, ol, ähli kynçylyklara garamazdan, ata-baba kesbini dowam etdirmekçi.

“Men çopan durmuşyna gowy öwrenişipdirin. Başga hili ýaşamagy asla göz öňüne getirip bilemok. Öz elim – öz ýakam. Hökümetden kömege garaşyp duramok. Kömeksiz hem oňýan” diýip, Berdi aga käsesine guýan çaýyny owurtlady.
XS
SM
MD
LG