Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa harby interwensiýanyň oňyn hem ýaramaz taraplary


“Abu Suleýman” toparynyň gozgalaňçylary Siriýanyň Idlib welaýatyndaky nokatlaryna geçişi böwletlemek üçin turbanyň aşagynda bomba partladýarlar, 20-nji mart.
“Abu Suleýman” toparynyň gozgalaňçylary Siriýanyň Idlib welaýatyndaky nokatlaryna geçişi böwletlemek üçin turbanyň aşagynda bomba partladýarlar, 20-nji mart.

Siriýadaky zorlugyň bes edilmegi üçin halkara jemgyýetçiliginiň goşulyşmagy zerurmy?

Siriýada hökümet goşunlarynyň protestçilere garşy görýän çäreleriniň netijesinde 8 müňe golaý adamyň heläk bolmagy dünýä jemgyýetçiligini agyr alada goýdy. Bu ýagdaý bilen bagly Siriýa garşy harby herekete geçmegiň tarapdarlary dünýä jemgyýetçiligi haçana çenli bu eden-etdilige, zorluga ýol berer diýen sowaly orta atýarlar. Olardan biri hem ABŞ-nyň senatory Jon MakKeýn.

“Men diňe ABŞ däl, koalision güýçler bolup Siriýa garşylyk görkezmäge çagyryş edýärin. Şol koalisiýa birmeňzeş pikirli ýurtlar, Ýakyn Gündogar regionyndan Katar, Birleşen Arap Emirlikleri we beýleki ýurtlar bilen birigip, howa arkaly hüjüme taýýarlyk görmeli” diýip, MakKeýn aýtdy. “Sebäbi bu tanklary we agyr artilleriýany duruzmagyň ýeke-täk ýoludyr. Siriýadaky adalatsyz söweşde gyrgynçylyk dowam edýär”.

Interwensiýany in köp goldaýan Siriýa oppozisiýasynyň “Milli geňeşi” hökümet güýçlerine garşylyk görkezmek üçin daşary ýurtlardan öz söweşijileriniň ýaraglandyrylmagyny sorady.

Häzirlikçe hiç bir ýurduň hökümeti Siriýanyň oppozisiýasynyň bu çagyryşy bilen açyk ylalaşmasa-da, Saud Arabystany bilen Katar bu pikire oňyn baha berdi. Siriýa garşy harby herekete geçmegiň tarapdarlarynyň şeýle karara gelmeginiň esasynda adam hukuklaryny goramak ýaly ahlak meselesi ýatyr.

Britaniýadaky Grinwiç harby-deňiz institutynyň professory Kris Bellamy, 1990-njy ýyllarda BMG Bosniýada zorluga garşy harby hereketleri amala aşyransoň, dünýäde ynsanperwerlik meseleleri bilen bagly aladalaryň belli bir ýurduň özbaşdaklygyna hormat goýmakdan ileri tutulyp başlanandygyny öňe sürýär.

“Soňky ýyllarda ýurtlaryň içerki işine koalision güýçler tarapyndan harby taýdan gatyşmak birnäçe gezek amala aşyryldy. Şol ýaranlyklar BMG tarapyndan döredilmedi” diýip, Bellamy belleýär. “Olaryň käbirine harby herekete geçmäge BMG-niň rezolýusiýasy boýunça ygtyýar berlen bolsa, beýlekilerine berilmedi. Häzir Siriýa harby taýdan gatyşmagyň tarapdarlary hem hut şu zatlara esaslanýarlar”.

Günbatar

Ýöne Siriýa garşy harby hereketleri amala aşyrmagyň tarapdarlarynyň güýçli garşylyga sezewar bolmaklary mümkin. Mysal üçin, ozal Bosniýada we Kosowoda harby hereketiň tarapdary bolan ABŞ-da, Yrakdaky hem Owganystandaky harby hereketlerden soň, halk ýaragly konfliktlerden halys ýadady.

Ýewropa ýurtlarynyň arasynda Britaniýa Siriýanyň oppozisiýasyny Siriýanyň kanuny wekilleri diýip atlandyrsa, ozal Liwiýada harby hereketleriň tarapyny tutan Fransiýa Siriýa meselesinde ýurtdaky ýagdaýa harby taýdan gatyşylmagyna garşy çykýar. Ýöne, muňa garamazdan, harby taýdan gatyşylmagyň tarapdarlarynyň oňa garşy bolýanlardan üstün çykmagy gaty ähtimal.

Harby hereketlere çagyryş edýän adamlar şeýle ädimiň nämä getirip biljegine doly düşünmeli.
Leon Panetta

Siriýada gandöküşikligiň dowam etmegi harby interwensiýa garşy bolanlaryň hem pikirini özgerdip biler. Şonda, Liwiýada bolşy ýaly, başda harby gatyşma garşy bolan BMG-niň asuda ýaşaýjylary goramak maksady bilen harby herekete ýol beräýmegi ahtimal.

Siriýa interwensiýa etmeklige garşy çykýanlar bu hereketiň garaşylmadyk netije bermeginden howatyrlanýarlar. ABŞ-nyň goranmak ministri Leon Panetta 16-njy martda “Alhurra” telekanalynda eden çykyşynda: “Harby hereketlere çagyryş edýän adamlar şeýle ädimiň nämä getirip biljegine doly düşünmeli” diýdi.

Liwiýada bolşy ýaly, Siriýada hem ýaraglanan näbelli söweşijileriň hereketleri netijesinde ýurtda graždanlyk urşunyň turmak howpunyň bardygy aýdylýar. Galyberse-de, Siriýa garşy harby hereketler amala aşyrylsa, dünýä liderlerini alda goýýan zat – prezident Başar al-Assadyň ýaranlary bolan Eýran, Orsýet we Hytaý ýaly ýurtlar bilen çaknyşyk döremek howpunyň barlygy.

Orsýet

Goranmak meseleleri boýunça barlaglary geçirýän Parahatçylyk institutynyň syýasy eksperti Şahşank Joşy Siriýany Ýakyn Gündogardaky ýarany hasaplaýan Orsýet üçin häzirki dörän ýagdaýyň howpy aňladýandygyny belleýär.

“Orsýetiň Siriýanyň hökümetini gaty çylşyrymly harby enjamlar bilen üpjün edip bilmegi alada döredýär. Bu aladalar bolsa harby interwensiýanyň gadagan edilmegine getirip biler” diýip, Siriýany aýdýar. “Hazir hem Orsýet Siriýany raketalaryň käbir görnüşleri bilen üpjün etdi. Hökümet goşunlarynyň harby enjamlar bilen üpjün edilmegi interwensiýa baradaky pikirleri ýoga çykaryp biler”.

Orsýet Siriýany raketalaryň käbir görnüşleri bilen üpjün etdi. Hökümet goşunlarynyň harby enjamlar bilen üpjün edilmegi interwensiýa baradaky pikirleri ýoga çykaryp biler
Şahşank Joşy

Ekspert Şahşank Joşy Siriýanyň üstünde dünýaniň täsirli ýurtlary iki lagere bölünip, ýaragly konfliktiň ýüze çykmagy barada durup geçip, şeýle ýagdaýda Siriýanyň hökümet goşunlarynda garşydaşlaryna gaýtawul bermäge köp mümkinçilikleriniň boljakdygyny we netijede bu konfliktiň Siriýanyň doly weýran bolmagyna getirip biljekdigini çaklady.

Moskwa Siriýada režimi çalyşmak baradaky talaplaryň konfliktiň ilerlemegine getirip biljek “töwekgelçilikli” reseptdigini aýtdy. Hytaý ynsanperwerlik meseleleri üçin ýurduň içerki syýasatyna goşulyşmaklyga garşydygyny duýdurdy.

Häzirlikçe hiç bir döwlet Siriýada harby interwensiýany amala aşyrmaga açyk çagyryş etmedi. Esasy üns sanksiýalara we diplomatik basyşlara berilýär. 21-nji martda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi BMG we Arap Ligasy tarapyndan Siriýa boýunça ýörite wekil hökmünde bellenen Kofi Annanyň teklip eden 6 maddadan ybarat planyny goldamak barada ylalaşdy.

Annanyň plany ok atyşlygy bes edip, ýurduň oppozisiýasy bilen resmi häkimiýetleriň arasynda syýasy dialoga ýol açmagy we ynsanperwerlik işini alyp barýan guramalaryň ýurda barmagyny üpjün etmegi öz içine alýar.
XS
SM
MD
LG