Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Bu obanyň ady Aeroport, ýöne töwerekde uçar ýok

Bu obanyň ady Aeroport, ýöne töwerekde uçar ýok, hatda obada uçaryň sesem eşidilenok. Oba dünýäniň iň uly ýerasty baýlyklarynyň gapdalynda ýerleşýär, ýöne ýangyç gara bazarda satylýar ýa uzaklardan ballonlarda eltilýär. Ilat sanam takyk däl, emma obada 350 töweregi hojalygyň ýaşaýanlygy çak edilýär. Bu Garagumyň ortasynda ýerleşýän Aeroport obasynyň käbir aýratynlyklary.

XS
SM
MD
LG