Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Türkmenistan ýapyk ýurt, emma umyt üzülenok


BMG-niň Adam hukuklary komitetiniň agzasy Krister Telin
BMG-niň Adam hukuklary komitetiniň agzasy Krister Telin
BMG-niň Adam hukuklary komitetiniň ýakynda türkmen hökümetine eden bellikleri oňyn netije berermi? Azatlyk Radiosynyň internet sahypasynyň okyjylarynyň arasynda bu soraga jogap berenleriň 70%-e golaýy bu meselede göwnüçökgün, 10%-den gowragy bolsa Türkmenistanda adam hukuklary boýunça öňegidişlik bolar diýen umytda.

“Meniň pikirimçe, ýagşy umytda bolara esas bar. Ilki bilen, bu ýurduň hasabat bermeginiň özi, meniň pikirimçe, Türkmenistanyň bu ugurlar boýunça komitet bilen işleşmek isleýändigini görkezýär”. Bu BMG-niň Adam hukuklary komitetiniň agzasy, türkmen resmileri bilen geçirilen diňlenişige gatnaşan ekspert Krister Teliniň garaýşy.

Nýu-Ýorkda BMG-niň Adam hukuklary komitetiniň 29-njy martda geçiren metbugat konferensiýasynda çykyş eden Telin ýakynda türkmen resmileri bilen geçirilen ýygnagyň netijeleri barada gürrüň berip, Türkmenistan babatda esasan üç ugur boýunça alada bildirilendigini belledi: tussaglaryň gynalýandygy baradaky maglumatlar; hökümete garaşly sud häkimiýeti; hem-de ýurtda metbugat we söz azatlygynyň gysylmagy.

Berlen rekomendasiýalar

Telin Türkmenistanda tussaglaryň gynalýandygy baradaky maglumatlaryň “örän çynlakaý meseledigini” nygtady. Ol tussaglaryň hukuklaryna garaşsyz gözgeçiligiň ýola goýulmagy, şeýle hem tussag edilenleri gynamazlyk boýunça organ işgärlerine tälim bermek babata türkmen hökümetine maslahat berendiklerini aýtdy.

Şwesiýaly ekspert Telin köpden bäri alada bildirilýän türkmen türmeleri hem barada durup geçip, bu ýerlere daşardan hem garaşsyz gözegçiligiň ýola goýulmagy üçin, ykrar edilen halkara ynsanperwelik guramalaryny ýurda sapara çagyryp, bu ýerleri görkezmek barada türkmen hökümetine çagyryş edendiklerini belläp geçdi:

“Umuman, şu aladany beýan etdik – Türkmenistan ýapyk jemgyýet. Hökümetden aýry guramalaryň hiçisi kabul edilenok, bu ýagdaý ençeme ýyldan bäri dowam edýär. Biz hökümeti HAG-lara, halkara HAG-lara wiza bermäge çagyrýarys. Göz öňünde tutýanlarym – “Amnesty International”, “Human Rights Watch”, şeýle hem Halkara Gyzyl Haç Komiteti”.

Telin Türkmenistanda korrupsiýanyň hem giňden ýaýrandygy baradaky maglumatlara salgylanyp, ýurtda sud sistemasynyň ýerine ýetiriji organa – prezidentiň edarasyna garaşly bolup galýandygyna ünsi çekdi. Ol ýurtda kanunyň hökmürowanlygynyň we adam hukuklarynyň ýol almagy üçin bu ýagdaýyň üýtgemelidigini nygtady.

BMG-niň eksperti Telin Türkmenistanda söz azatlygynyň ýoklugy we medianyň ýagdaýy barada hem durup geçdi. Ol ýurtda diňe bir žurnalistleriň däl, hukuk aktiwistleriniň hem ýanalýandygy baradaky maglumatlary nazarda tutup, medianyň ýagdaýynyň hem hökümetden aýry guramalar baradaky meseleler bilen özara baglanyşyklydygyny belledi.

“Bu ýurt daşarky HAG jemgyýetçiligine gapylaryny açmaly. Şeýle hem žurnalistleriň ýanalmagynyň we olara garşy zorluk ulanylmagynyň öňüni almak üçin ýörite mehanizm işläp düzmeli, [Graždan we Syýasy Hukuklar boýunça Halkara Şertnamasynyň] 19-njy maddasynyň ýerine ýetirilişini kepillendirmeli” diýip, Telin nygtady.

Indiki hasabat

Mart aýynyň ortalarynda türkmen resmileriniň gatnaşmagynda geçirilen diňlenişige köp wagtlap garaşyldy. Türkmenistan Graždan we Syýasy Hukuklar boýunça Halkara Şertnamasyna 1997-nji ýylda gol goýupdy we 1998-nji ýylda Şertnama esasynda ilkinji hasabatyny bermelidi. Türkmen hökümetiniň hasabaty 14 ýyl gijä galdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary komiteti Türkmenistana adam hukuklary babatdaky nobatdaky hasabaty üçin üç ýyl möhlet – 2015-nji ýyla çenli wagt berdi. Emma resmi Aşgabat alada bildirilen ugurlardaky öňegidişlikler babatda BMG-niň degişli komitetine her ýyl yzygiderli maglumat berip durmaly edildi.

Türkmenistanda soňky bäş ýylyň dowamynda ençeme täze kanunlar kabul edildi, adam hukuklary boýunça yzygiderli seminarlar, maslahatlar, konferensiýalar ýola goýuldy. Emma türkmen synçylarynyň köpüsi bu çäreleriň diňe ýapyk gapylaryň aňyrsynda galýandygyny, halkyň gündelik syýasy durmuşyna täsir etmeýändigini öňe sürýärler.

Azatlyk Radiosynyň internet sahypasynyň okyjylarynyň arasynda onlaýn pikir soralyşyga gatnaşanlaryň 20%-den gowragy Türkmenistanyň adam hukuklary babatda ädýän häzirki ädimleriniň nähili netije berjegini öňünden çaklamagyň kyndygyny belledi. BMG-niň adam hukuklary boýunça eksperti Teliniň şeýle pikire başga-da goşjak zady bardy.

“Meniň pikirimçe, biz öňki Sowet Soýuzynyň bir bölegi bolan diktatura usuly bilen dolandyrylýan döwlet sistemasyndan döwrebap demokratiýalara geçiş prosesleri bir günde tamamlanar öýdüp, hiç hili salgyma çapmaly däl” diýip, Krister Telin 29-njy martda Nýu-Ýorkda BMG-de geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.
XS
SM
MD
LG