Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awdy Kulyýewiň aradan çykanyna bäş ýyl doldy


Garaşsyz Türkmenistanyň ilkinji daşary işler ministri, garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda ilkinji bolup häkimiýetden öz islegi bilen çykan we häkimiýete garşy oppozisiýa geçen Awdy Kulyýew
Garaşsyz Türkmenistanyň ilkinji daşary işler ministri, garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda ilkinji bolup häkimiýetden öz islegi bilen çykan we häkimiýete garşy oppozisiýa geçen Awdy Kulyýew

Birleşen türkmen oppozisiýasynyň lideri Awdy Kulyýewiň aradan çykanyna şu gün bäş ýyl doldy.

Sowet Soýuzynyň düzümindäki Türkmenistanyň soňky, garaşsyz Türkmenistanyň bolsa ilkinji daşary işler ministri bolan, garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda ilkinji bolup häkimiýetden öz islegi bilen çykan we häkimiýete garşy oppozisiýa geçen Awdy Kulyýew Norwegiýanyň Oslo şäherinde, norweg topragynda ýatyr. Täze türkmen häkimiýetleri onuň jesediniň türkmen topragynda jaýlanmagy baradaky garyndaşlarynyň haýyşyny kanagatlandyrmandy.

Awdy Kulyýew köp sanly interwýularynda halka, onuň aktiwlik derejesine, daşary ýurtlarda hereket edýän oppozisiýa wekillerine, türkmen häkimiýetlerine, olaryň alyp barýan syýasatyna garaýyşlaryny açyk aýdýardy. Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýyndan, demokratik özgerişlerden Günbatar ýurtlar üçin öz ykdysady, nebit-gaz bähbitleriniň öňde durýandygyny nygtaýardy.

“Türkmenistanyň ýeri konsessiýalara berlen. Satylan köp ýerleri. Gaz hem nebit ýataklary uly-uly halkara kompaniýalaryň elinde. Elbetde, adam hukuklarynyň gürrüňini edýärler halkara guramalary, ýöne hakykat ýüzünde üstün çykýan halkara nebit hem gaz kompaniýalary. Türkmenistan şolaryň elinde” diýip, Awdy Kulyýew aýdýardy. Emma onuň bu pikiri bilen ylalaşmaýanlaram az däldi.

Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazow hem geçirýän duşuşyklarynda, edýän çykyşlarynda Awdy Kulyýewiň adresine ýakymsyz sözleri gysganmaýardy. “Awdy Kulyýew diýip, o dagy gelmişek, samsyk haramzadaň biri. Tagma goýar ýaly teninde ýer ýok welin, hor-hor edip, ýetmişden soň indi sen nämäňe görüňe gitmeli wagty” diýip, Nyýazow öz çykyşlarynyň birinde aýdypdy.

Awdy Kulyýew erkinligi, azatlygy halkyň özüniň gazanmalydygyny, daşyndan biriniň, şol sanda daşary ýurtlarda hereket edýän türkmen oppozisiýasynyň hem "demokratiýany, azatlygy mejmä salyp, türkmen halkyna getirip bermejekdigini" aýdýardy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:00:40 0:00


"Orny boş dur"

Birleşen türkmen oppozisiýasynyň agzasy Halmyrat Söýünowyň pikiriçe, Awdy Kulyýewe bolan garaýyşlaryň dürlüligine garamazdan, onuň orny häzirem boş dur.

“Şu geçen bäş ýylyň taryhy görkezdi, daşary ýurtlarda ýaşap ýören türkmen oppozisiýasy Awdy aga ýogalandan soň ýeke gezegem duşuşmady” diýip, Söýünow aýdýar. “Bir topar adam ‘Awdy aga şuny ters aýdýar’ ýa ‘Ol öz üstüne çekýär ýorgany’ diýen adamlara – hana, şol ýorgan köçede ýatyr bäş ýyl bäri. Ana, alýan bolsalar, şol hökümet, ana şol ýurt, şol häzirem batgada, ýöne bilegini çyzgap, orta çykýan öňki oppozisiýadan men-ä adam göremok. Dünýäde türkmen oppozisiýasynyň bardygyny wagtal-wagtal duýduryp, bildirip duran Awdy agady, olam indi ýok”.

Türkmenistanly syýasy aktiwist Nurberdi Nurmämmedowyň sözlerine görä, syýasy edep-ekramy türkmen jemgyýetine Awdy Kulyýew getiripdir, ol şahsy bähbit ýa wezipe üçin däl-de, il-halkynyň ýagty geljegi üçin töwekgel işe, oppozisiýa baş goşupdyr.

“Awdy aga köp zat bilen ylalaşmandygy üçin hökümetiň sapyndan çykdy dänim, oppozisiýa geldi. Ol onuň graždan pozisiýasy” diýip, Nurmämmedow aýdýar. “Hökümetiň goldamaýan ugruna, halkyň geljegi üçin işe, töwekgelli işe, şuny belläsim gelýär, baş goşmak Türkmenistanda känbir bolup duran zat däl. Ol ullakan hormata mynasyp aktdy. Awdy aga oppozisiýa öz bähbidi üçin gitmedi-de, halkynyň geljegi üçin gitdi”.

Awdy Kulyýew türkmen halky, Türkmenistanyň graždanlary bilen bagly hemişe optimistik pikirdedi.
XS
SM
MD
LG