Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Aziýa regionyna täzeçe çemeleşýär


Hillari Klinton: "Bu zatlar barha üýtgeýän dürli howpsuzlyk meselelerine taýýar bolmak üçin edilýär".
Hillari Klinton: "Bu zatlar barha üýtgeýän dürli howpsuzlyk meselelerine taýýar bolmak üçin edilýär".
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton sişenbe güni eden çykyşynda Waşingtonyň Azia Ýuwaş Okean regionyndaky ýaragly güýçleriniň ýerini üýtgedýänligini we munuň “barha üýtgeýän dürli howpsuzlyk meselelerine” taýýar bolmak üçin edilýänligini aýtdy.

Annapolisde harby-deňiz okuw jaýynyň kadet okuwçylarynyň öňünde eden çykyşynda H.Klinton ABŞ-nyň ädýän käbir ädimleriniň maksadyny düşündirdi.

Ol: “Biz pyýada deňiz goşunlarymyzy bilelikdäki türgenleşik üçin Awstraliýa iberýäris. Alty aýlyk nobatdaky türgenleşigiň birinji tapgyry geçen hepdede Darwinde başlandy. Biz döwrebap gämileri Singapurda ýerleşdirýäris. Biz Demirgazyk-Gündogar Aziýada öz ýaranlarymyz bilen bilelikdäki çärelerimizi täzeleýäris. Şeýle-de, biz Amerikan we Hytaý harbylarynyň arasynda düşünişmezlikleriň we ýalňyşlyklaryň döremeginiň töwekgelçiligini aradan aýyrmak boýunça uly iş alyp barýarys we ýaragly güýçleriň arasynda ynamdar gatnaşyklary sazlamaga çalyşýarys” diýip belledi.

Hytaý bilen gatnaşyklara garaýyş

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton ABŞ-nyň Hytaýyň barha kuwwatlanýan güýç hökmündäki ösüşini gowşatmak we Pekiniň amerikan güýjüne boýun bolmagyny gazanmak islemeýänligini aýtdy.

Klinton Aziýa täze sowuk urşunyň howp salmaýanlygyny we Waşington bilen Pekiniň arasyndaky barha güýçlenýän gatanaşyklaryň diňe bir ykdysady hyzmatdaşlyk bilen çäklendirilmeýänligini belledi.

Bu baradaky çykyşynda H.Klinton: “Bu günki Hytaý Sowet Soýuzy däl. Biz Aziýada täze sowuk urşuň bosagasynda duramzok. Ykdysadyýetlerimiziň arasyndaky barha giňeýän söwda derejesine bir garaň, halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklara we hökümetrlerimiziň arasynda geçirilýän maslahatlara serediň. 35 ýyldan azrak wagtyň dowamynda biz ujypsyz gatnaşykda bolan iki ýurtdan, doly we birek-birege gutulgyzys bagly döwletlere öwrüldik” diýdi.

“Taýsyz” döwlet

Hillari Klinton köp amerikanlaryň agyr ykdysady döwürleri başdan geçirenligini belledi, emma ol ABŞ-nyň dünýäde “taýsyz” bir döwletdigini nygtady.

Klinton Amerikanyň pese düşmegi baradaky islendik pikirleri ret etdi we kuwwatly ýaragly güýçleriniň, öňdebaryjy uniwersitetleriniň we innowasion ösen kärhanalarynyň ýurduň “aýratynlygyny” nygtaýanlygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG