Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Rysgal” gazeti rysgally gazete öwrüldimi?


Amanmyrat Bugaýew: “Şu zatlardan çen tutsaň, bu gazete özbaşdak neşir edilýän, husussy eýeçilikdäki gazet diýip bolanok”.
Amanmyrat Bugaýew: “Şu zatlardan çen tutsaň, bu gazete özbaşdak neşir edilýän, husussy eýeçilikdäki gazet diýip bolanok”.
Türkmenistan metbugat azatlygy boýunça dürli halkara guramalary tarapyndan ýaýradylýan hasabatlarda iň soňky orunlary eýeläp gelýär. Türkmenistanda ýeke-täk garaşsyz gazet hasaplanylýan “Telekeçiler we senagatçylar bileleşigine” degişli “Rysgal” hepdelik gazetiniň çap edilip başlanmagyna bir ýarym ýyldan gowrak wagt geçdi.

Eýsem, häkimiýetler tarapyndan garaşsyz diýlip atlandyrylan “Rysgal” gazetinde hakykatdan hem garaşsyz maglumatlar berilýärmi? “Rysgal” gazeti halk tarapyndan köp okalýan gazetleriň hataryna goşulmagy başardymy? Şu meseleler barada Azatlyk Radiosy türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Amanmyrat aga, 2010-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda “Rysgal” gazetiniň ilkinji sany çap edildi. Şu geçen bir ýarym ýylyň içinde “Rysgal” hepdeligi halk arasynda meşhurlyk gazanyp bildimi?

Amanmyrat Bugaýew: Owaly bilen gazetiň çykan senesi hakynda aýtsam, bu gazet Türkmenistanyň prezidentiniň BMG-niň işine gatnaşmak üçin gitmeziniň öňüsyrasy çykaryldy.

Prezident BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasyna baranynda, eýýäm şol “Rysgal” gazetiniň ilkinji sany elindedi. Bu daşary ýurtlylarda Türkmenistanda, ine, erkin metbugat hem bar diýlen düşünjäniň, ynamyň kemala gelmegine belli bir derejede sebäp hem boldy. Gazet, umuman, il içinde o diýen meşhur gazet däl. Ol her hepdäniň birinji güni çykýar.

Gazetiň ilkinji sany 500 ekzemplyar bilen çykarylypdy. Häzir bu gazetiň tiražy 4500-e deň. “Türkmenistan” gazetiniň okyjylarynyň sany 50 müňden geçýän wagty, “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň okyjylarynyň sanynyň bolsa 50 müňe golaýlaýan wagty bu juda az görkeziji.

Azatlyk Radiosy: “Rysgal” gazeti Türkmenistanyň “Telekeçiler we senagatçylar bileleşigi” tarapyndan çap edilýär. Türkmen resmileri bu gazetiň garaşsyzdygyny aýdýarlar. Gazetde çap edilýän maglumatlar onuň hakykatdan hem hökümete degişli däl, garaşsyz gazetdigini görkezýärmi?

Amanmyrat Bugaýew: Ýok, onda çap edilýän makalalaryň, habarlaryň many-mazmuny boýunça ony garaşsyz diýip atlandyryp bolmaz. Onuň birinji hem ikinji sahypalary, käte üçünji sahypasam resmi habarlara bagyşlanýar. Şu nukdaýnazardan, onuň, aýdaly, “Esaslandyryjysy Türkmenistanyň prezidenti” diýlip ýazylan “Türkmenistan” gazeti ýa-da beýleki gazetlerden tapawudy ýok.

Bu gazetde telekeçileriň, senagatçylaryň işi boýunça berilýan makalalar ýa-da şol pudakda, telekeçilikde, işewürlikde işleýanleriň, senagatçylaryň problemalaryna, olaryň öňünde durýan meselelere bagyşlanan makalalar däl-de, bir badyhowa, güpberme, pöwhe materiallar çap edilýär. Ählisinde diňe öwgi gidýär.

Şu zatlardan çen tutsaň, bu gazete özbaşdak neşir edilýän, husussy eýeçilikdäki gazet diýip bolanok. Ýöne muny başga bir zat bilen deňeşdirip bolar. Meselem, aýdaly, “Mugallymlar” gazeti Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gazeti. “Rysgal” gazetini hem edil şolar ýaly pudaklaýyn gazet hökmünde göz öňüne getirmek mümkin.

Elbetde, munuň maliýe çykdajylaryny ýurduň “Telekeçiler we senagatçylar bileleşigi” öz gerdenine alýandyr, döwlet gaznasyndan oňa pul gidýän däldir, ýöne many-mazmun boýunça ol döwlet eýeçiligindäki gazetlerden tapawutlanmaýar.

Azatlyk Radiosy: Gazetiň nyrhy ilata näderejede elýeterli?

Amanmyrat Bugaýew: Gazet hepdede bir gezek çykýar. Şonda hem bir ýyllyk abuna ýazylyşygynyň bahasy 48 manada durýar. Bu onuň tas her sanynyň bir manada durýandygyny aňladýar.

“Türkmenistan” gazetiniň ýa-da “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň bir sanynyň 10 teňňä durýan wagty hem-de bir ýyllyk ýazuwynyň 36 manada durýan wagty olardan telim esse gowşak çykýan bu gazetiň nyrhy gymmat. Bu halk üçin elýeterli däl. Onuň poçtalarda erkin satuwa çykarylýan sany-da juda az. Gazediň umumy tiražynyň 4500 bolmagy hem muňa güwä geçýär.
XS
SM
MD
LG