Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul bilen Waşington ýörite ylalaşyga taýýarlyk görýärler


"Bu ylalaşyk 2014-nji ýylda NATO-nyň goşunlary owganystandan çykarylansoň, ýurduň halkara jemgyýetçiliginiň ýardamyndan mahrum boljakdygy baradaky gorkulary gowşatmak maksadyny hem göz öňünde tutýar".
"Bu ylalaşyk 2014-nji ýylda NATO-nyň goşunlary owganystandan çykarylansoň, ýurduň halkara jemgyýetçiliginiň ýardamyndan mahrum boljakdygy baradaky gorkulary gowşatmak maksadyny hem göz öňünde tutýar".
Рepdäniň duşenbe güni Owganystanyň degişli ýolbaşçylary Kabul bilen Waşingtonyň geljekki hyzmatdaşlyklaryny kesgitleýji ylalaşygyň proýekti barada ýurduň parlamentiniň öňünde çykyş etdiler.

Maglumata görä, ABŞ tarapyndan Owganystana beriljek geljekki ýardama degişli planlar barada Owganystanyň daşary işler ministri Zalmaý Rasul owgan senatyna hasabat beripdir. Milli howpsuzlyk meseleleri boýunça geňeşçi Rangin Dadfar Spanta bolsa bu mesele boýunça parlamentiň aşaky öýünde çykyş edipdir.

Bu wakanyň öňýany, şenbe güni Rangin Dadfar Spanta we ABŞ-nyň Owganystandaky ilçisi Raýan Kroker strategik partnýorlyk baradaky ylalaşygyň gutarnykly görnüşine formal taýdan gol goýdular.

Hyzmatdaşlygyň geljegi

Bu ylalaşygyň detallary köpçülige mälim edilmedi, emma ýurt resmileri bu dokumentiň geljekde Owganystanyň ykdysady ösüşine, howpsuzlygynyň güýçlendirilmegine we ýurt dolandyrylyşynyň kämilleşdirilmegine beriljek Amerikan ýardamyny kesgitleýänligini aýtdylar.

Bu ylalaşyk 2014-nji ýylda NATO-nyň goşunlary owganystandan çykarylansoň, ýurduň halkara jemgyýetçiliginiň ýardamyndan mahrum boljagy baradaky gorkulary gowşatmak maksadyny hem göz öňünde tutýar.

Amerikan goşunlarynyň we NATO-nyň guýçleriniň Owganystana baranyna on ýyldan gowrak wagt boldy. Goşunlar 2001-nji ýylda Talyban hereketini ýurt başyndan çetleşdirmek üçin girizilipdi.

Talyban hereketiniň 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda ABŞ-da amala aşyrylan we 3 müňe golaý adamyň ölümine sebäp bolan terrorçylykly hüjümlerde aýyplanan “Al-Kaýda” toparyna ýardam bermegi halkara goşunlarynyň Owganystana girizilmegine sebäp bolupdy.

Täze ylalaşyk amerikan goşunlarynyň, geňeşçileriniň hereketleri we olaryň 2014-nji ýyldan soň Owganystanda galmagyna degişli meseleleri öz içine almaýar. Bu harby meseleleriň ýaragly güýçleriň statusy baradaky ýörite ylalaşyga girizilmegine garaşylýar.

Görülýän taýýarlyklar

Täze ylalaşyk indi iki ýurduň kanun çykaryjylary tarapyndan tassyklanmaly.
Ony ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama we Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý hem resmi derejede tassyklamaly.

ABŞ-nyň Kabuldaky ilçihanasynyň resmi wekili Gawin Sundwallyň aýtmagyna görä, amerikan we owgan taraplary geljekki ylalaşygyň mazmuny boýunça konsultasion gepleşiklere başlarlar.

Owganystanyň prezidentiniň resmi wekili Aýmal Faizi ýurtlaryň bu ylalaşyk bounça gutarnykly kararyna NATO-nyň maý aýynyň aýagynda Çikago şäherinde boljak sammitine çenli gelmeklerine garaşylýanlygyny aýtdy.

Faizi owgan prezidentiniň ylalaşygy tassyklamak üçin şu hepdede Owganystanyň syýasy, dini we beýleki yolbaşçylary bilen konsultasiýalara başlajagyny hem habar berdi.

Ýaragly güýçleriň statusy boýunça ylalaşyk köp aýlardan bäri yza tesdirilip gelinýär. Ýaňy-ýakynda ABŞ Owganystanyň talabyna boýun bolup, häzir amerikan goşunlarynyň garamagyndaky türmeleri owgan tarapynyň gözegçiligine tabşyrmak bilen ylalaşdy. Şeýle-de, Waşington owganlaryň öýlerinde geçirilýän gijeki reýdleri geçirmek ygtyýarlygyny hem owgan güýçlerine tabşyrmaga razy boldy.
XS
SM
MD
LG