Baharly etrabyndaky Garry Nohur obasy örän gadymy obalaryň biri. Dokma dokamak, söwda we ekerançylyk bilen ýaşaýan bu obanyň ýaşaýjylary obadaky çynaryň ýaşynyň azyndan müň ýyldygyny, goralyp saklanýan daşlardaky yzlaryň bolsa Hezreti Alynyň atynyň aýak yzlarydygyny aýdýarlar. Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy ýakynda ol ýerde saparda boldy. Garry Nohur, aprel, 2012.
Garry Nohur obasynyň täsinlikleri
9
Garry çynaryň golaýynda obada ilkinji sowet mekdebini açmagy ýola goýan Muhammetguly Atabaýewiň heýkeli ýerleşýär. Bu heýkel garaşsyzlyk ýyllary bina edilipdir.
10
Obanyň golaýynda, dagyň kemerinde ýerleşen “Gyzbibi” gonamçylygy zyýaratçylaryň hem syýahatçylaryň köp gelýän ýeri.
11
Garry Nohur obasynyň ýerleşýän ýeri belentli-pesli bolansoň, mellekleri suwarmak we ekin ekmek işleri-de kyn.
12
Garry Nohur obasynyň gelin-gyzlary öýlerde türkmeniň milli ketenisini, düýp gyňaçlaryny ussatlyk bilen dokaýarlar.