Baharly etrabyndaky Garry Nohur obasy örän gadymy obalaryň biri. Dokma dokamak, söwda we ekerançylyk bilen ýaşaýan bu obanyň ýaşaýjylary obadaky çynaryň ýaşynyň azyndan müň ýyldygyny, goralyp saklanýan daşlardaky yzlaryň bolsa Hezreti Alynyň atynyň aýak yzlarydygyny aýdýarlar. Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy ýakynda ol ýerde saparda boldy. Garry Nohur, aprel, 2012.
Garry Nohur obasynyň täsinlikleri

1
Arçman stansiýasyndan 25 kilometr uzaklykdaky Garry Nohur obasy deňiz derejesinden 1300 metr belentlikde ýerleşýär.

2
1500-e golaý hojalykly Garry Nohur obasynda 5 müň töweregi ýaşaýjy ýaşaýar.

3
Garry Nohur obasynda bu obanyň ýaşyny çen bilen hem aýdyp bilýän ýaşaýjy ýok.

4
Obany ikä bölýän we “peýdaly” diýlip atlandyrylýan dag çeşmesiniň suwundan her hojalyga diýen ýaly suw krany çekilipdir.