Baharly etrabyndaky Garry Nohur obasy örän gadymy obalaryň biri. Dokma dokamak, söwda we ekerançylyk bilen ýaşaýan bu obanyň ýaşaýjylary obadaky çynaryň ýaşynyň azyndan müň ýyldygyny, goralyp saklanýan daşlardaky yzlaryň bolsa Hezreti Alynyň atynyň aýak yzlarydygyny aýdýarlar. Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy ýakynda ol ýerde saparda boldy. Garry Nohur, aprel, 2012.
Garry Nohur obasynyň täsinlikleri
21
Garry Nohur obasyna gezelenje gelýänler dagda bitýän dermanlyk seýrek ot-çöpleri höwes bilen satyn alýarlar.
22
Sowet ýyllarynda “Ogul” we “Ependi” kinofilmleriniň surata düşürilen ýeri bolan bu obada soňky wagtlar ýene-de kinoçylar peýda bolýarlar.
23
Bu obada ýaşan Oraz ahun sosialistik rewolýusiýanyň ilkinji ýyllarynda serhetden aňryk geçipdir. Soňra ol yzyna dolanmandyr.
24
Gadymy geçmişde bu ýerlerde grekleriň ýaşandyklary barada-da gürrüňler bar. Obada daşdan gurlan käbir jaýlar grek medeniýetine degişli jaýlary ýatladýar.