Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Birleşen Ştatlar türkmen aktiwistleriniň azat edilmegine çagyrýar


Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň hökümetini 2006-njy ýyldan bäri tussaglykda oturan adam hukuklary aktiwistleri we media işgärleri Annagurban Amangylyjow bilen Sapardurdy Hajyýewi eglenmezden azatlyga çykarmaga çagyrýar. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet departamentinde sişenbe güni geçirilen metbugat ýygnagynda yglan edildi.

Bu çäre Bütindünýä metbugat azatlygy güni bolan 3-nji maýyň öňüsyrasynda, 18-nji aprelde Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti tarapyndan ýola goýlan “Metbugaty azat et” kampaniýasynyň bir bölegi bolup, bu kampaniýanyň çäginde dünýäniň dürli ýurtlarynda tussaglykda oturan žurnalistleriň azat edilmegine yzygiderli çagyryşlar edilýär.

Annagurban Amangylyjow bilen Sapardurdy Hajyýew 6 ýyl mundan öň “bikanun ýarag götermekde” aýyplanyp, türkmen häkimiýetleri tarapyndan ýedi ýyl azatlykdan mahrum edilipdiler. Olar şol wagt adam hukuklary boýunça iş alyp barýan “Türkmenistan Helsinki fondy” bilen hyzmatdaşlyk edýärdiler, şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazow barada tankydy dokumental film taýýarlaýan fransuz teležurnalistleri bilen işleşýärdiler.

Aktiwistler bilen bilelikde Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Ogulsapar Myradowa hem tussag edilipdi. Emma ol tussag edilmeginden köp wagt geçmänkä türkmen türmesinde gümürtik ýagdaýda aradan çykdy. Olaryň üçüsiniň hem gynamalara sezewar edilendigi, Hajyýew bilen Amangylyjowyň bolsa türmede agyr şertlerde saklanýandygy habar berilýär.

“Metbugaty azat et” kampaniýasynyň ýörite beýanatynda aýdylmagyna görä, Amangylyjow bilen Hajyýew Hazaryň kenaryndaky Türkmenbaşy şäherine golaý ýerleşýän türmede saklanýan bolmaly. Ynamly çeşmeleriň berýän maglumatlary olara zor bilen sanjym edilýändigini, çakdan aşa gyzgyn howa şertlerinde, aç-suwsuz saklanýandygyny, gynalýandygyny görkezýär diýlip, beýanatda aýdylýar. Emma ýurtdaky türmeleriň halkara jemgyýetçiligine ýapyk saklanýandygy sebäpli, bu maglumatlary barlamak mümkin däl.

Waşingtonda sişenbe güni geçirilen metbugat ýygnagynyň başynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Mark Toner zalda oturan halkara žurnalistleriniň ünsüni Amangylyjow bilen Hajyýewiň ýagdaýyna çekip, Türkmenistanyň hökümetini olary eglenmezden boşatmaga, şeýle hem ähli raýatlaryň söz azatlyklaryna hormat goýmaga çagyrýandyklaryny mälim etdi.

Halkara kanunlarynyň bozulmagy

2010-njy ýylyň noýabr aýynda “Freedom Now” we “Hogan Lovells LLP” tarapyndan berlen petisiýa jogap edip, BMG-niň Eden-etdilikli tussag etmeler baradaky iş topary hem garaşsyz derňew geçiripdi. Topar Türkmenistanyň hökümetiniň Amangylyjow bilen Hajyýewi tussaglykda saklamak bilen halkara kanunyny bozýandygy baradaky netijä gelipdi.

BMG-niň Eden-etdilikli tussag etmeler baradaky iş toparynyň pikirine görä, Amangylyjow bilen Hajyýewiň tussag edilmegi Adam hukuklary boýunça ähliumumy Jarnamanyň 9, 10, 11, 19 we 20-nji maddalarynyň hem-de Graždan we syýasy hukuklar boýunça halkara Konwensiýanyň 9, 14, 19, we 22-nji maddalarynyň bozulmagy bolup durýar.

ABŞ-nyň “Metbugaty azat et” kampaniýasy türkmen häkimiýetlerini halkara jemgyýetçiliginiň we ekspertler toparlarynyň, şol sanda BMG-niň Eden-etdilikli tussag etmeler baradaky iş toparynyň, ÝHHG-niň, Helsinki Fondunyň rekomendasiýalaryna gulak asyp, Amangylyjow bilen Hajyýewi tussaglykdan boşatmaga, şeýle hem Halkara Gyzyl Haç Komitetine türkmen türmlerine baryp görmäge rugsat bermeklige çagyrdy.

Şu ýylyň mart aýynda BMG-niň Adam hukuklary komiteti hem Nýu-Ýorkda türkmen resmileri bilen geçirilen ýygnagyň netijesinde Türkmenistan babatda esasan üç ugur boýunça alada bildirilýändigini mälim edipdi. Olar: tussaglaryň gynalýandygy baradaky maglumatlar; hökümete garaşly sud häkimiýeti; hem-de ýurtda metbugat we söz azatlygynyň gysylmagy.
XS
SM
MD
LG