Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý: Çen amerikan Kongresine şikaýat edýär


ABŞ-nyň Pekindäki ilçisi Gary Lok maşynda batyl aktiwist Çeni ugradyp barýarka telefonda gürleşýär. Pekin, 2-nji maý, 2012.
ABŞ-nyň Pekindäki ilçisi Gary Lok maşynda batyl aktiwist Çeni ugradyp barýarka telefonda gürleşýär. Pekin, 2-nji maý, 2012.
Çen Guwaňçeň, görnüşinden, Pekindäki hassahanasyndan Kongres diňlenişigine telefon etdi we özüniň dynç almak hem-de ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton bilen duşuşmak üçin Birleşen Ştatlara gelmek isleýändigini aýtdy.

“Ol biraz wagt dynç almak üçin Birleşen Ştatlara gelmek isleýär, ol soňky 10 ýylda hiç hili dynç almandyr” diýip, terjimeçi onuň mandarinçe aýdan sözlerini terjime etdi.

“Men döwlet sekretary Klinton bilen duşuşmak isleýärin. Men ondan has köp kömek alyp bilerin diýen umytda. Şeýle-de men onuň bilen ýüzbe-ýüz görşüp, elin sagbolsun aýtmak isleýärin” diýip, hytaýly dissident sözüniň üstüni ýetirdi.

Iki ýurt üçin hem synag

Klinton häzir bu iki kuwwatly ýurduň arasyndaky ýyllyk gepleşikler üçin Pekine sapar edýär. Emma batyl dissidentiň meselesi ykdysady we golobal meseleler baradaky maslahatlara kölege saldy.

Kongresiň Hytaý boýunça Ýerine ýetiriş komissiýasyna ýolbaşçylyk edýän kongresmen Kristofer Smit Çene bu meseläniň hem Hytaýyň berýän wadalary üçin, hem Birleşen Ştatlara adam hukuklarynyň hakykatdanam ähmiýetlidigi ýa däldigi babatda “synag” bolandygyny aýtdy.

"Azatlyk üçin garaňky gün"

Amerikan kanunçylarynyň käbiri, olaryň köpüsi Respublikanlardan, Obama adminstrasiýasynyň bu meseläni çözüşini sorag astyna aldy.

Respublikanlardan prezidentlige kandidat Mit Romniý Birleşen Ştatlaryň Çene ilçihanany terk etmäge rugsat beren güni “azatlyk üçin garaňky gün” boldy diýdi.

Hytaýyň “ýeke çagalylyk” syýasatyndaky eden-etdilikleriň üstüni açan Çen geçen hepde öý tussaglygyndan gaçyp, Birleşen Ştatlaryň Pekindäki ilçihanasyndan pena tapypdy.

Çen ilki özüniň Hytaýda galmak isleýändigini aýtdy. Emma muňa garamazdan, ol soň özüniň we maşgalasynyň howpsuzlygyndan wehim edip, Birleşen Ştatlara gelmek isleýändigini dile getirdi.

Hytaýyň Daşary işler ministrligi anna güni Çen Guwaňçeňiň “kadaly ýollardan” gidip, beýleki hytaý raýatlarynyň edişi ýaly, daşary ýurtlarda okamak üçin ýüz tutup biljegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG