Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Biz gelin edinmelimi ýa ýer almalymy?”


Berzeňňi şäherçesi, 7-nji maý.
Berzeňňi şäherçesi, 7-nji maý.
Aşgabada degip oturan Berzeňňi şäherçesinde iki jaýyň ýykylandygy, bu ýerde ýaşaýan adamlara elektrik togunyň kesiljekdigi, jaýlarynyň ýykyljakdygy barada habar berlendigi, jaý ýykmak işiniň yza tesdirilendigi dogrusynda maglumatlar gowuşdy.

Adamlar daça ýerlerinde näme üçin uly jaý gurýarlar, şäherden jaý almak hemmeler üçin elýeterlimi? Azatlyk Radiosy aşgabatly 65 ýaşly pensioner Ogulmaral daýza bilen şu meselede gürründeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jaýlar ýykylýar diýen gürrüňler barada şäher ýaşaýjysy hökmünde näme aýdarsyňyz?

Ogulmaral daýza: Ýykylyşyk şu wagtam dowam edýär. Başga ýerden gelip oturan ýok, ömrüni şol taýda ýaşap oturan adamlaryň jaýy ýykylanda, näme üçin hökümet aňsatlyk bilen jaý berenok şolara? Köneden birine gargajak bolsaň: “Öýüň ýykylsyn!” diýilýär. Iň erbet zat – öý-ojak ýykmak. Onsoň şony ýykýan adamlar ýykanda, ol adamlaryň nirede ýaşajagyny, nirä gitjegini pikir etmeli. Şoňa birazajyk gözegçilik edilse gowy boljak.

Azatlyk Radiosy: Jaý satyn almak bilen bagly ýagdaý nähili, jaýlaryň bahasy näçeräk?

Ogulmaral daýza: Ýokary bahaly jaýlar-a 250 müň dollar. Üç otagly jaýlar 250 müň dollardan ýokary. Sowet döwründe salnan bir otagly kiçiräk jaýlar - şolaryň bahasam biziň aýlyk möçberimiz bilen deňeşdirilende ýeter ýaly däl. Iň pesi 25 müň dollar. Oňa-da sen ýaňadan guran ýaly çykdajy çykarmaly, baryp içinde ýaşajak bolsaň. Ýaňadan gowy edip bejermeli ol jaýlary. O jaýlary bejereniňden, döwlet ýer berse, alyp iki sany jaýjagaz salnanyň gowy özüňe.

Ine, men özüm alýan 550 manat pensiýa, ýoldaşym ýedi ýyl bäri ysmaz bolup ýatyr, onuňkam şonuň ýaly. Ine, şony hasaplap görüň, ikimiziňki 1,100 bolsun. Biz ol puly dermana berelimi, iýmite berelimi? Biz gelin edinmelimi ýa ýer almalymy? Ol nämä ýetýär, şony bir, ýokarda oturan adamlaryň ynsaby bar bolsa, häkimlik, her etrap sanap görsün, kimiň ýagdaýy nähili, nähili ýaşaýar, alýan aýlygy nähili? Ol hakda pikir edýän adam ýok.

Men-ä baryp-baryp paltam daşa degdi, irdim. Şeýle ýagdaýda şol gymmat bahaly jaýlary alaýaýyn diýseň, on prosentini öňünden tölemeli. Biz nireden töläli ony. 30 ýyl mözleti bilen diýilýär, biz otuz ýyl ýaşajakmy, ýaşamajakmy? Alan jaýyňy banka goýmaly, üzüp bilmeseň, bank yzyna jaýyňy alýar eliňden.

Azatlyk Radiosy: Bankdan kredit almak mümkinçiligi nähili?

Ogulmaral daýza: Kredit almak mümkinçiligi aňsat däl. Ony aljagam bolamok, oňa ýagdaýymam ýok. “Krediti pylança berip aldyk” diýýän adamlar bar.

Azatlyk Radiosy: Şäheriň ýönekeý ýaşaýjysy, jaýdan kösenýän adam hökmünde aýdyň, paýtagtda jaý meselesini çözmegiň nähili ýollary bar siziň pikiriňizçe?

Ogulmaral daýza: Şu gymmat bahaly jaýlaryň ýerine ýönekeýräk jaý gurup, hemme kişä elýeterli edip berse. Halk gönenip galjag-a. Ýeriň, ýurduň jaýyň bolmasa, onda ýaşaýşyň manysam ýok.
XS
SM
MD
LG