Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary welaýatynda uly kemçilikler tapyldy


Berdimuhamedow mundan öň Ahal, Balkan, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň ýolbaşçylarynyň işini hem tankyt edipdi.
Berdimuhamedow mundan öň Ahal, Balkan, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň ýolbaşçylarynyň işini hem tankyt edipdi.

Türkmenistanyň “Oba milli maksatnamasynyň” durmuşa geçirilmeginde uly kemçilikler bar. Türkmenistanyň prezidentiniň hökümet agzalary we welaýat ýolbaşçylary bilen wideo arkaly geçiren iş maslahatynda sözlän sözüne görä, milli maksatnamada göz öňünde tutulan işleriň aglaba köpüsi Mary welaýatynda ýerine ýetirilmändir.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Oba milli maksatnamasynyň” Mary welaýatynda ýerine ýetirilişini tankyt etdi. Milli habar serişdeleriniň tassyklamagyna görä, bu tankyt welaýatyň senagat pudagynyň ösdürilmegine we sosial-medeni gurluşyk obýektleriniň ýerine ýetirilişine degişli boldy.

“Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, 2008-2011-nji ýyllarda welaýatda 182 sany medeni-durmuş maksatly desgalary gurmak we durkuny täzelemik göz öňünde tutulypdy. Häzire çenli bu desgalaryň bary-ýogy 46 sanysynda gurluşyk işleri tamamlanypdyr” diýip, Berdimuhamedow aýtdy. “Ulanmaga berilmeli möhletiniň geçenligine garamazdan, 123 sany desgada gurluşyk işleri heniz dowam etdirilýär. Galan 13 sany desganyň bolsa gurluşygy häzire çenli başlanmandyr”.

Berdimuhamedowyň sözlerine görä, welaýatda inženerçilik obýektleriň gurluşygynda hem kemçilkler bar. Häzire çenli bu obýektleriň diňe 46%-inde işler tamamlanypdyr. Şol bir wagtda-da käbir obýektlerde işler häzir hem dowam etdirilýän bolsa, ýene 35%-inde işler entek başlanmandyr.

Türkmenistanyň prezidenti welaýatdaky kemçilikleriň gurluşygyň ýene birnäçe ugurlaryna degişlidigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, gara ýollaryň diňe 30%-i, elektrik liniýalarynyň hem 30%-i gurlupdyr, suwgeçiriji sisitemalaryň 34%-i, gazgeçirijileriň bolsa 78%-i çekilipdir.

Şeýle-de Türkmenistanyň prezidenti 2012-nji ýylda Mary welaýatynda 24 senagat kärhanasynyň gurulmalydygyna garamazdan, bu kärhanalaryň diňe 11 sanysy gurlup, ýene 13-siniň gurluşygynyň asla başlanmanlygyny aýtdy.

Kemçilikleriň sebäpleri

“Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmekde we welaýatyň senagat pudagyny ösdümek boýunça alnyp barylýan işlerde goýberilen kemçilikleriň esasy sebäbi aýry-aýry ýolbaşçylaryň öz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işleri talabalaýyk gurap bilmänliginden gelip çykýar” diýip, Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle-de, türkmen prezidentiniň aýtmagyna görä, kemçilikleriň sebäpleri proýektleriň dokumentlerini taýýarlamak we olary döwlet edaralary bilen ylalaşmak işiniň uzaga çekmegi bilen bagly. Ol bu işleriň käte 20 aýa çekýänligini belledi. Şeýle-de prezident kadrlaryň, hususan-da ýokary hünärli arhitektorlaryň, inženerleriň we gurluşykçylaryň ýetmezçilik edýänligini hem aýtdy.

Resmi maglumatlara görä, döwlet baştutany alnyp barylýan işleri seljermegi, “aýdylanlardan netije çykaryp, ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň dowamynda düzetmegi” we işleri wagtynda hem ýokary hilde berjaý etmegi berk tabşyrypdyr.

Türkmenistanyň beýleki welaýatlaryndaky ýagdaý hem prezidentiň tankydyna mynasyp boldy. Berdimuhamedow mundan öň Ahal, Balkan, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň ýolbaşçylarynyň işini hem tankyt edipdi.

Türkmenistan gurluşyk pudagynyň ýurduň iň möhüm ugurlarynyň biridigini aýdýar we bu pudaga uly mukdarda serişde goýberýär. Resmi maglumatlara görä, häzirki wagtda Türkmenistanda 2,100-e golaý obýektleriň gurluşygy amala aşyrylýar. Olaryň umumy bahasy 32,3 millard dollara durýar.
XS
SM
MD
LG