Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ ozalky serb ofiserini Bosnýa-Gersogowina tabşyrdy


Penşenbe güni Birleşen Ştatlar ozalky bosnýaly serb ofiseri Dejan Radoýkowiçi Bosnýa-Gersogowinanyň häkimiýetlerine tabşyrdy.

Ol 1995-nji ýylda Bosnýanyň Srebrenisa obasynda ýerli musulmanlary köpçülikleýin gyrmak çäresine gatnaşanlykda aýyplanylýar.

Hususan-da, Bosnýa-Gersogowinanyň sülçüleri Dejan Radoýkowiçiň we onuň ýolbaşçylygyndaky harby toparyň 1995-nji ýylda Bosnýaly 200 töweregi adamyň daşyny gabap, soňra olary ýörite bir ýerde atyp öldürendiklerini aýdýarlar.

Dejan Radoýkowiçe we onuň maşgalasyna 1999-njy ýylda Birleşen Ştatlarda bosgunlyk statusy berlipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG