Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaz maslahaty tamamlandy – gaz ministri wezipeden gitdi


Baýramgeldi Nedirowyň wezipeden boşadylmagy Trans-owgan gazgeçirijisi boýunça gepleşikleriň edil yzýanyndaky günlere gabat geldi.
Baýramgeldi Nedirowyň wezipeden boşadylmagy Trans-owgan gazgeçirijisi boýunça gepleşikleriň edil yzýanyndaky günlere gabat geldi.
Anna güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň permany bilen Türkmenistanyň nebit-gaz senagaty we mineral resurslary boýunça ministri Baýramgeldi Nedirow wezipesinden boşadyldy.

Baýramgeldi Nedirow bu wezipede 2008-nji ýylyň awgustyndan bäri işläp gelipdi.

Onuň wezipeden boşadylmagy Türkmenistanyň “Awaza” turistik zonasynda Trans-owgan gazgeçirijisi boýunça Türkmenistanyň, Hindistanyň we Pakistanyň wekilleriniň geçiren gepleşikleriniň edil yzýanyndaky günlere gabat geldi. Şol maslahatda bu üç ýurduň resmileriniň TOPH gazgeçirijisiniň gurluşygy hem-de gazyň söwdasy baradaky möhüm ylalaşyga gol çekendikleri habar berildi.

Türkmenistanyň nebit-gaz we mineral resurslary boýunça ministriniň wezipesine wagtlaýynça “Türkmengaz” Döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Kakageldi Abdyllaýew bellendi.
Türkmenistanyň nebit-gaz we mineral resurslary boýunça ministriniň wezipesine wagtlaýynça “Türkmengaz” Döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Kakageldi Abdyllaýew bellendi.
Prezidentiň permanynda Baýramgeldi Nedirowyň “işinde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” wezipesinden boşadylandygy aýdylýar. Emma bu “düýpli kemçilikleriň” nämeden ybaratdygy barada ýurduň resmi metbugatynda anyk maglumat berilmeýär.

Emma Türkiýäniň CIHAN we Gazagystanyň KAZinform habar agentlikleriniň berýän maglumatyna görä, Nedirowyň wezipeden boşadylmagyna “Türkmenbaşy şäheriniň halkara aeroportundan üstaşyr geçýän daşary ýurt uçarlaryna ýangyjyň arzanladylan bahadan berilmezligi” sebäp bolupdyr.

Berilýän maglumatlara görä, Türkmenbaşy şäheriniň halkara aeroportundan ýangyç doldurýan tranzit uçarlara ýangyjyň arzanladylan bahadan berilmegi baradaky karara geçen ýylyň maý aýynda gol goýlupdyr, emma ministr bu karary ýerine ýetirmändir.

Türkmenistanyň resmi habar agentliginiň maglumatyna görä, Türkmenistanyň nebit-gaz we mineral resurslary boýunça ministriniň wezipesine wagtlaýynça “Türkmengaz” Döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Kakageldi Abdyllaýew bellendi.

Kakageldi Abdyllaýew şu ýylyň fewral aýynda geçirilen prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşypdy. Ol şol wagt “Marygazçykaryş” edarasynyň başlygy bolup işleýärdi.
XS
SM
MD
LG