Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Norwegiýanyň Helsinki Komiteti türkmen guramalary bilen işleşmekçi


Norwegiýanyň Helsinki Komitetiniň regional wekili Iwar Dale
Norwegiýanyň Helsinki Komitetiniň regional wekili Iwar Dale
Norwegiýanyň Helsinki Komiteti Merkezi Aziýa boýunça kiçi grantlar programmasyny dowam etdirýänligini yglan etdi. Guramanyň ýaýradan resmi maglumatynda programmanyň regionda adam hukuklarynyň, demokratiýanyň we raýat jemgyýeçiliginiň ösdürilmegi ugrunda hereket edýän guramalary goldamagy göz öňünde tutýanlygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosy Merkezi Aziýa ýurtlaryna gönükdirilen bu programma bilen gyzyklanyp, Norwegiýanyň Helsinki Komitetiniň regional wekili Iwar Dale bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Programmaňyz “Merkezi Aziýa üçin kiçi grantlar fondy” diýlip atlandyrylýar. Bu fond haçan we näme maksat bilen döredildi?

Iwar Dale: Norwegiýanyň Helsinki Komitetiniň “Kiçi grantlar fondy” eýýäm dört ýyl bäri işleýär. Grant puly hökümete degişli bolmadyk ýerli guramalara berilýär. Programma Gyrgyzystanda we Gazagystanda has aktiw işleýär, emma Özbegistanda we Türkmenistanda hem işleýär we adam hukuklary hem demokratiýa ugrunda hereket edýän ýerli inisiatiwalary goldaýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda siziň fonduňyz bilen näçe gurama işleşýär?

Iwar Dale: Türkmenistanyň beýlekilerden tapawutly bir ýurtdugyny aýtsa bolar. Sebäbi bu ýerde işleýän adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň sany az we olar ýapyk şertlerde işleşmeli bolýarlar. Sebäbi Türkmenistandaky ýagdaýda adam hukuklaryny goramak işine baş goşan adamlar howp astynda işleýärler. Muňa garamazdan, Türkmenistan boýunça gowy proýektleri amala aşyrdyk. Emma Türkmenistan regionda Norwegiýanyň Helsinki Komitetiniň wekilleriniň baryp bilmedik ýeke-täk ýurdy bolmagynda galýar. Biz türkmenistanly kärdeşlerimizden gyzykly ideýalaryň berilmegine garaşýarys we olar bilen ýakyndan tanyşmaga isleg bildirýäris.

Azatlyk Radiosy: Diýmek, “Kiçi grantlar fondy” Türkmenistanda eýýäm iş alyp barýar, emma siz ýurtda hereket edýän toparlar barada jikme-jik maglumat bermekden saklanýarsyňyz, şeýlemi?

Iwar Dale: Howa, biz türkmen guramalary bilen işleşýäris, emma Türkmenistandaky şertler nazara alnanda, her bir adam alyp barýan işiniň köpçülige mälim bolup-bolmazlygyny özi çözmeli diýip, hasap edýärin.

Azatlyk Radiosy: Norwegiýanyň Helsinki Komitetiniň bu programmasynyň demokratiýany we graždan jemgyýetçiligini goldamak üçin niýetlenýändigi aýdylýar. Bu ugurda iş alyp barýan guramalara fonduň berjek goldawy nämeden ybarat bolar?

Iwar Dale: Norwegiýanyň Helsinki Komiteti iki ugurdan iş alyp barýar. Biz adam hukuklarynyň ýagdaýyny öwrenip, hasabat taýýarlaýarys. Bu ugurdan iş alyp barýan guramlara ýylda 5-15 müň dollar aralygynda maliýe komegini hem berýäris. Biziň maliýe kömegimizden peýdalanýan guramlaryň birnäçesi özbaşdak iş alyp barýarlar. Emma biz regiondaky ýagdaýy öwrenmek bilen bagly işleriň ählisini ýerine ýetirip bilmeýänligimiz sebäpli, käbir guramalar bilen has ýakyn hyzmatdaşlykda bolýarys we proýketleri ýerine ýetirmek üçin olar bilen bilelikde işleýäris.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistana degişli nähili proýektler amala aşyryldy?

Iwar Dale: Meselem, bir ýyl mundan ozal biz Daşoguzdaky aýallar türmesi barada hasabat çap etdik. Bu aslyýetinde Türkmenistanda işleýän ýerli guramlaryň alyp baran işi bolupdy, emma biz ony guramamyzyň adyndan Osloda çap etdik we soň bu hasabaty Birleşen Ştatlarda we Ýewropada köpçülige hödürledik.

Azatlyk Radiosy: “Kiçi grantlar fondunyň” regiondaky işiniň dowam etdiriljekdigi aýdyldy. Bu programmaňyzyň çäginde siz bilen işleşmek ýa fonduňyzdan pul almak isleýän guramlar näme etmeli?

Iwar Dale: Guramalar başda biz bilen habarlaşyp, öz tekliplerini biz bilen öňünden maslahat edip bilýärler. Emma olar öz proýektleriniň we çykdajylarynyň mukdaryny bize ýazmaça görnüşde hem iberip bilýärler. Awgust aýynda biz gelen arzalara gararys we her bir ýurtdan birnäçe guramany saýlap, olara grant bereris.

Azatlyk Radiosy: Guramalardan nähili talaplar edilýär?

Iwar Dale: Olar hökümede degişli bolmadyk guramalar bolmaly. Bizde hökümet edaralary bilen işleşmek boýunça proýektler hem bar, emma “Kiçi grantlar programmasy” diňe jemgyýetçilik guramalaryna degişli. Olar adam hukuklaryny, söz azatlygyny, çagalaryň, aýallaryň, tussaglaryň hukuklaryny goraýan, gynamalara garşy çykyş edýän we ýene köp ugurlardan iş alyp barýan guramalar bolmaly. Esasy talap – teklipler döredijilikli bolmaly we gurama wada berýän işlerini berjaý etmäge, ýagny ýerine ýetirmäge ukyply, başarnykly bolmaly.
XS
SM
MD
LG